14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary Sazlaşykly Terbiýelemek Meseleleri Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary Sazlaşykly Terbiýelemek Meseleleri Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň we komitetleriniň, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň gün tertibine ýaş türkmenistanlylaryň abadançylygyna, hemmetaraplaýyn ösüşine we terbiýelenilmegine gönükdirilen ýurdumyzyň syýasy ugruny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açmak bilen, çagalar hakynda aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň örän möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda bu meselä geljekde hem aýratyn üns berler. Biz ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi, mynasyp derejede terbiýelenilmegi hem-de ýokary hilli bilim almagy üçin toplumlaýyn çäreleri geçirýäris. Ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn, beden taýdan berk we ruhy dünýäsi baý adamlar bolup ýetişmegi, başarnyklaryny hem-de zehinlerini doly derejede açyp bilmegi, döredijilik we sungat, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri dörederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak boýunça parlament tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berip, çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň milli kanunçylygyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny hem-de täze kanunlarda öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çagalaryň hukuklarynyň goralmagyna, kämil derejede ösmegine degişli kanunçylyk namalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň ähmiýetini belläp, deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Halk wekilleri ilatyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, adamlaryň derwaýys meselelerini hem-de zerurlyklaryny öwrenmelidirler. Milli Liderimiz halkyň saýlan wekilleriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygarymyzda beýan edilen durmuş ugurly syýasatymyzyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz kada-kanunlarda ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe ýörelgelerine uly üns berilmelidigine ünsi çekdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzdan ugur alyp, kanunlaryň häzirki zamanyň talabyna laýyk döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy M.Geldinyýazow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda çagalygyň we eneligiň durmuş taýdan goraglylygyna, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Häzirki wagtda komitet tarapyndan olary mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň ösdürilmeginiň, bu ugurda häzirki zaman lukmançylyk we sagaldyş merkezleriniň gurulmagyny we beýlekileri hem öz içine alýan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, döwletimiziň ägirt uly goldawyna eýe bolandygyny belläp, bu işleriň mundan beýläk hem dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi. Çagalaryň durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmak, maşgalanyň durmuşdaky ornuny pugtalandyrmak hem-de türkmen halkyna gadymyýetden mahsus bolan maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek işleri hemişe üns merkezinde saklanmalydyr. Çagalar heniz durmuşyň ilkinji ýyllaryndan başlap, diňe bir häzirki zaman talaplaryna laýyklykda däl-de, eýsem, iň gowy milli däp-dessurlar esasynda hem terbiýelenilmelidir. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň kanun çykaryjylyk işinde göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän wagyz-terbiýeçilik işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ösüşiniň häzirki zaman tapgyrynyň talaplaryna laýyklykda iri jemgyýetçilik birleşikleriniň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz jemgyýetde ata-babalarymyz tarapyndan wesýet edilen ruhy-ahlak ýörelgeleri gorap saklamak, zenanlaryň ösüp gelýän nesli terbiýelemekde ornuny pugtalandyrmak, milli däp-dessurlarymyzy, şol sanda zenanlarymyzyň haly dokamak, el işleri ýaly gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan çeper senedini baýlaşdyrmak hem-de wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz aýal-gyzlaryň arasynda düşündiriş-wagyz işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, çyn ýürekden öz Watanyny söýýän, berk bedenli, ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýelemegiň şu günüň baş wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz ýerlerde Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň işini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň işini işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, bu guramanyň baş maksadynyň adamlaryň hünär, zähmet, durmuş-ykdysady hukuklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Maslahatyň barşynda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ösüp gelýän nesle kämil bilim we terbiýe bermek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda çagalaryň abadan, mynasyp durmuşyny üpjün etmek, şol sanda her bir çaganyň lukmançylyk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ösüp gelýän nesliň aň-paýhas mümkinçiliklerini doly açmak, ýaşlaryň häzirki zaman derejede bilim hem-de watançylyk terbiýesini almagynyň üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, mundan beýläk-de özgertmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, bu işde öňdebaryjy usulyýetleriň, milli ýörelgeleriň we däp-dessurlaryň peýdalanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ulgamyň edaralary tarapyndan enäniň we çagalaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda iri halkara guramalar bilen, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýlekiler bilen işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýe bolýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çaga lukmançylygy ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz kenarynda çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň döredilmeginiň, olaryň mümkinçilikleriniň körpe türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan terbiýelenilmegine gönükdirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz çagalaryň saglygyny goramagyň derejesini gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça işleri kämilleşdirmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz dünýäde iň öňdebaryjy gazanylanlary nazara almak bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini özgertmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň hasabyna pugtalandyrmak hem-de hojalyk hasaplaşyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem Ahal we Lebap welaýatlarynda bu sebitleriň tebigy bejeriş serişdelerini doly herekete getirmek bilen, häzirki zaman şypahanalaryny gurmak meselelerini içgin öwrenmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra bilim ministri P.Agamyradowa söz berildi. Ol öz gözegçilik edýän edaralarynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek, bu işlerde häzirki zaman gazanylanlarynyň peýdalanylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli bilim ulgamyny iň öňdebaryjy usulyýetlerini hasaba alyp özgertmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipeleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Çünki bu ulgam köp babatda ýurdumyzyň ösüşini, onuň dürli pudaklarda okgunly hereketini şertlendirýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şunda täzeçil usullar diňe bir bilim işlerini däl-de, ýaş nesli terbiýelemek meselelerini hem gurşap almalydyr. Ýaş nesliň aň-paýhas hem-de ruhy-ahlak taýdan ösüşiniň häzirki zaman konsepsiýasy hökmany suratda ata-babalarymyzdan gelýän iň gowy däpleriniň öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalar bilen sazlaşykly utgaşmagydyr. Bu maksatlar bilen okuw işlerine ata-babalarymyzdan bize miras galan parasatly öwüt-ündewler giňden ornaşdyrylmalydyr, asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak terbiýesi, çagalarda has irki döwürlerinden başlap, eziz Watanymyza söýgi, ululara hormat goýmak, päk ýüreklilik, zähmetsöýerlik, edermenlik ýaly ajaýyp sypatlary ösdürmek, ýaşlary ene topragyň erkinligi we bagtyýarlygy ugrunda öz janyny pida eden gahrymanlaryň göreldesinde terbiýelemek usullary peýdalanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemlemek bilen, ýygnananlary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady. Biz geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Bu maksat bilen häzirki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün edilen mekdepleri we çagalar baglaryny, sagaldyş merkezlerini hem-de sport desgalaryny gurýarys. Şoňa görä-de, biz berkarar Watanymyz bagtyýar çagalaryň isleg-arzuwlarynyň doly hasyl bolan mekany diýip uly buýsanç bilen aýdýarys diýip, milli Liderimiz geljekde hem döwletimiz tarapyndan bu ugurdaky işlere uly üns beriljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylaryň ählisini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly, ylymly-bilimli, zähmetsöýer we başarnykly adamlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ýol Tölegini Tölemegiň Awtomatlaşdyrylan Ulgamy Giriziler

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy atly žurnalyň täze sany.

syrach

Resul Gylyjowyň Ýolbaşçylygyndaky Orkestr Dante Aligýeriniň «Ajaýyp Komediýasynyň» Bir Parçasyny «Gürrüň Berer»

turkmenhabargullugy