9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti: Dünýäde Ulag Ulgamyndaky Meseleleriň Çözgüdini Tapmakda Tagallalaryň Birleşdirilmeginiň Zerurdygyna Düşünmek Derejesi Ýokarlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti: Dünýäde Ulag Ulgamyndaky Meseleleriň Çözgüdini Tapmakda Tagallalaryň Birleşdirilmeginiň Zerurdygyna Düşünmek Derejesi Ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty açyp, dünýäde ulag ulgamyna degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi has ýokarlanýar, dünýä jemgyýetçiligi şunuň ýaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny äşgär edýär, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işini goldaýar diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylalaşykly alnyp barylýan ählumumy halkara işlerinde täze ugur – ulag diplomatiýasy barha uly ykrarnama eýe bolýar. Şeýle diplomatiýanyň ulag pudagyndaky köptaraply gatnaşyklaryň örän möhüm görnüşidigi Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem beýleki halkara düzümleri tarapyndan tassyklanylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýally, Aşgabatda häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine oňat düşünýän pikirdeşler ýygnandylar. Türkmenistanyň baştutany Maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygyň maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýän häzirkizaman usullarynyň işlenip taýýarlanjakdygyna, geljek üçin meýilnamalaryň belleniljekdigine, täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen Lideri BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna, bu Guramanyň müdiriýetiniň işgärlerine foruma taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda alyp baran uly we netijeli işleri üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisiniň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun gatnaşdy. Maslahata gatnaşýan wekiliýetleriň baştutanlarynyň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Awstriýa Pespublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bar.

Aşgabatda geçirilýän maslahata gatnaşmak üçin köp ýurtlaryň hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň, BMG-niň, onuň komissiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri geldiler. Wekilleriň hatarynda ulag ulgamynyň ähli ugurlaryna degişli iri halkara guramalarynyň – awtomobil, howa, demir ýol, deňiz ulaglarynyň, şeýle hem iri halkara maýa goýum, bank düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Türkmenistanda şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen oňyn başlangçlarynyň ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu başlangyçlaryň möhümdigi hem-de uly gyzyklanma eýedigi hakykatdyr – ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmekde uly orun eýeleýär.

Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň we beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerinde umumy tagallalary jemlemek işinde işjeň orny eýelemek bilen, iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde olary üstünlikli amala aşyrýar. Sebit we ählumumy möçberde köpşahaly utgaşdyrylan ulag düzümleriniň kemala gelmegine uly goşant goşýar.

Degişli makalalar

Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wezipesine Girişmegi Mynasybetli Dabaraly Çäre Boldy

turkmenhabargullugy

Web Saýtymyzyň Temasy Täzelendi

turkmenhabargullugy

Gutlag