Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Hasan Ruhanini Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz gutlagynda däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň iki goňşy halkyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hasan Ruhanä berk jan saglyk, dostlukly eýran halkynyň rowaçlygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde hem-de başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.