9.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Dokma Senagaty-2017» Halkara Sergisine Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Dokma Senagaty-2017» Halkara Sergisine Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

Häzirki ýörüteleşdirilen gözden geçiriliş türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçilgine ýurdumyzyň dokma pudagynyň gazanan ýokary netijelerini görkezmäge niýetlenendir,-diýilp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda aýdylýar.

Türkmenistanda halkyň abadan durmuşy üçin ähli şertler döredilendir. Dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, kanunçylyk we durmuş-ruhy binýady kemala geldi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek üçin döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar işe girizilýär. Olarda dünýä bazarlarynda uly iseg bildirilýän harytlar öndürilýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirlen ýokary hilli ýerli dokma önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň dokma senagatynyň okgunly ösüşi daşky gurşawa zyýan ýetirmezden amala aşyrylýar, muňa täze dokma toplumlaryna we fabriklerine berlen degişli halkara sertifikatlary-da şaýatlyk edýär,- diýlip gutlag hatynda bellenilýär.

Önümçilige dünýä ylmynyň gazananlaryny we netijeli innowasion tilsimatlary ornaşdyrmagyň hasabyna senagaty, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisini mundan beýlägem ösdürmek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki ýörüteleşdirilen gözden geçirliş dünýä bileleşigine ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýene bir gezek görkezmäge ýardam berer.

Döwlet baştutany gutlagynyň ahyrynda Dokma senagaty işgärlriniň gününe bagyşlanylyp geçirilýän halkara sergisiniň ýurdumyzyň iri pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň gazananlary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary tanyşdyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidigini nygtaýar. Mundan başga-da, bu sergi şu ýerde görkezilýän harytlary we hyzmatlary öndürijileriň-kärhanalaryň wekilleriniň, hususy telekeçileriň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy, bilelikde olaryň çözgüdini tapmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmak üçin netijeli meýdança bolar.

Degişli makalalar

Aşgabatda Halkara Pudaklaýyn Sergi Geçirildi

Aşgabatdaky Myhmanhanalar

turkmenhabargullugy

Hazarda 60 Mln Tonna Nebit Gory Bolan Kän Açyldy