9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen Halkyna Täze Ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!

Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzyň berkararlygyny, merdana halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylan 2018-nji ýyl bilen hoşlaşýarys. Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2019-njy ýyly uly umyt hem-de şatlyk bilen garşylaýarys.

Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyly.

Ata-babalarymyz: «It ýyly ek, doňuz ýyly or» diýip, bu ýylyň hasylly, bereketli bolýandygyny belläpdirler.

Tamamlanyp barýan 2018-nji ýyl berkarar Watanymyzyň, merdana halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylan ýyllarynyň biri boldy. Bu ýylyň şanly wakalary ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Ýurdumyzda 25-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar döwletimiziň demokratik ýol bilen okgunly ösýändigini aýdyň görkezdi.

Şu ýyl biz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde köpugurly hassahana bilen ýaşaýyş jaý toplumyny, Mary şäherinde çagalar hassahanasyny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparky we şypahanany ulanmaga berdik. Gözel paýtagtymyzda işewürlik toplumyny, Ahal welaýatynda aýna kärhanasyny, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bug-gaz elektrik stansiýasyny işe girizdik. Balkan welaýatynda «Garabogazkarbamid» zawodyny, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny dabaraly ýagdaýda açdyk.

Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabat Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap dikeldýändigimizi aýdyň görkezýär.

Biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, döwrebap täze obalaryň we ençeme beýleki desgalaryň düýbüni tutduk.

Sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde biz oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri, ilatymyza berilýän durmuş ýeňilliklerini kämilleşdirmek wezipelerini kesgitledik.

Biz oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça ýörite ýer gaznalaryny döretdik. Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin giň mümkinçilikleri berer.

Tamamlanyp barýan ýylda hem merdana daýhanlarymyz yhlas bilen zähmet çekip, Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak guşgursak bugdaý, 1 million 100 müň tonnadan gowrak hem «ak altyn» tabşyryp, ýurdumyzyň berekedine bereket goşdular.

Gadyrly watandaşlar!
Eziz halkym!

Saglyk, sport, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmek, hil taýdan täze belentliklere çykarmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Biz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar esasynda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdüreris we kämilleşdireris. Jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga düýpli ähmiýet bereris.

Siziň bilşiňiz ýaly, eşretli durmuşyň, bagtyýar geljegiň gözbaşy ylym-bilimdir. Ylym-bilim döwletiň we jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýaşlara döwrebap bilim berip, ylmy-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek biziň öňümizde duran möhüm wezipedir.

Hoşlaşýan ýylymyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde hem giň gerimli işler alnyp baryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen «Amul — Hazar 2018» awtorallisini, welosipedli hem-de ylgaw ýaryşlaryny, şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny buýsanç bilen görkezmek bolar.

Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etdi. Biz Täze ýylda-da sporty ösdürmäge uly üns bereris.

Eziz watandaşlar!

Medeniýet halkymyzyň kalbydyr, milletimiziň mertebesidir. Şoňa görä-de, 2018-nji ýylda medeniýetimizi ösdürmek, baý mirasymyzy gorap saklamak hem-de wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy.

Biz ruhy baýlygymyz bolan medeniýetimizi ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bereris.

Daşary syýasatda biz Bitarap döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmegi, beýleki ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagy maksat edinýäris. Sebäbi bu biziň halkara syýasatymyzyň strategik ugrudyr.

Şu ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň agzalygyna biragyzdan kabul edildi.

Bitarap döwletimiziň bu Guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy hem ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny tassyklaýar.

Eziz adamlar!

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, biz 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrýarys. Şeýlelikde, Täze 2019-njy ýyly belent wezipeler, aýdyň maksatlar we uly ruhubelentlik bilen garşy alýarys.

Garaşsyz ýurdumyza buýsanjymyzdan, aýdyň maksatlarymyzdan ugur alyp, biz 2019-njy ýyla «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip at berdik.

Täze ýylda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda merdana halkymyzyň watansöýüjiligi we yhlasly zähmeti biziň güýç-kuwwatymyzy has-da artdyrar. Eziz Watanymyzy mundan beýläk-de rowaçlyklara beslär.

Eziz adamlar!

Ýene-de az salymdan biz Täze, 2019-njy ýyly — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny garşy alýarys. Goý, Täze ýyl parahatçylygyň we dynçlygyň, abadançylygyň hem-de egsilmez rysgal-berekediň ýyly bolsun!

Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, bagtyýar durmuş, uly üstünlikler, döwletli döwran arzuw edýärin!

Eziz watandaşlar!

Täze — 2019-njy ýylyňyz gutly bolsun!

Şeýle şatlykly pursatda şu goşgy setirlerimi size ýetirýärin:

Durmuş neneň owadan,
Diýar neneň nurana!
Gel, Täze ýyl, şan berip
Bu döwletli döwrana!

Göge ýeten arzuwlar
Mydam ýerde gowuşsyn!
Ýyllar düşümli gelsin,
Toýlar toýa ulaşsyn!

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana Döwlet Sapary Bilen Gelýär

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Duşuşyklar we Wideomaslahatlar Geçirildi

Daşoguz Welaýatynyň Hususy Ýyladyşhana Hojalyklary Önümleriň Eksportuny Artdyrýarlar