8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky Gazhimiýa Toplumynyň Gurluşyk Meýdançasyna Bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky Gazhimiýa Toplumynyň Gurluşyk Meýdançasyna Bardy

Hormatly Prezidentimiz Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işleýji we polietilen we polipropilen öndüriji gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Toplumyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyza 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga bermek maksat edinilýän kärhananyň tehnologik häsiýetnamalary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, gurnama işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz toplumyň birnäçe onümçilik desgalaryny we enjamlaryny gözden geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazhimiýa toplumynyň gurluşyk meýdançasynda bolmagynyň barşynda bu desganyň möhüm aýratynlygyny, ýagny onuň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny belledi. Munuň özi ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň gurluşygy barada-da nygtamak gerek. Ýakyn geljekde şeýle gazhimiýa toplumlarynyň ýene-de birnäçesiniň gurluşygyna balanar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz gazyň gaýtadan işlenmeginden alnan önümleriň eksportdaky paýynyň artmagynyň himiýa önümleriniň geljegi uly bazarynda Türkmenistanyň mynasyp orun eýelemegine mümkinçilik berjekdigini nygtady. Ýurtdumyzda düzüminde ýokary gurluşly etan bolan gaz känleriniň agdyklyk etmegi gazhimiýa ulgamyny depginli ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda kärhananyň işgärleri bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada-da aýtdy hem-de zähmetkeş toparynyň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi.

Gurluşygyna 2013-nji ýylda badalga berlen Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy bir ýylda 5 milliard kubmetr gazy gaýtadan işlemäge hem-de 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenilendir. Desganyň ulanmaga berilmegi bilen 1200-e golaý iş orunlary dörediler.

Gurluşykda 12 müňden gowrak adam işleýär, olaryň iki müňe golaýy daşary ýurtly hünärmenlerdir. Bilelikdäki taslamany «TOYO Engineering» (Ýaponiýa) kompaniýasy, «LG International Corporation» и «Hyundai Engineering Corp. Ltd» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalaryň konsorsiumy amala aşyrýarlar. Onuň umumy bahasy ABŞ-yň 3,4 milliarddan gowrak dollaryna barabardyr.

Polietileniň we polipropileniň önümçiligi çig malyň täsin usullar boýunça garyndylardan düýpli arassalanylmagy bilen iň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän ekologik taýdan arassa önümi çykarýan täze tehnolgiýalaryň esasynda amala aşyrylar.

Külkelenilen polipropilen dünýä bazarlarynda ýokary bahalandyrylýar, polimer örtügi, emeli süýüm, ýokary berkligi bolan ýuka termoplastlar we degişlilikde, mümkin bolan hemme polimer önümleri taýýarlanylanda ulanylýar. Toplumyň beýleki bir önümi bolan polietileniň hem ajaýyp eksport geljegi bar. Onuň esasynda hem dürli geçirijileriň we köpçülikleýin isleg bildirilýän harytlaryň çykarylmagyny ýola goýmak mümkin. Ýokary dykyzlykly polietilen göwrümleriň guýma we çişirme görnüşleri üçin peýdalanylýan, öý hojalygynda hem-de senagatda ulanylýan berk, gaty termoplastdyr.

Propileniň dünýäde sarp edilişiniň depginleriniň artmagynyň netijesinde ýakyn geljekde oňa bolan isleg önümçiligiň möçberlerinden öran ýokarlanar.Şunuň bilen baglylykda, onuň önümçiliginiň täze tehnologiýalary örän wajypdyr. Desganyň gurluşygy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ygtyýarlandyrylan tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyrylýar, bu ýerde Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň iň täze enjamlary otutdylýar.

Degişli makalalar

Gresiýa 130 milliard ýewrolyk ikinji halas ediş bukjasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

syrach

Bank Ulgamyny Ösdürmekde Halkara Hyzmatdaşlyk

syrach

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Orak Möwsüminiň Barşyna we Medeniýet Hepdeligine Taýýarlyk Baradaky Meselelere Garaldy

turkmenhabargullugy