Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda çykaran 14557-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2016-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi.
Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýerli gurluşyk kärhanalarynyň kuwwatyny has-da doly peýdalanmak hem-de maýa goýumlarynyň netijeli özleşdirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň Türkmenistanyň çäklerinde aýratyn möhüm senagat desgalaryndan we binalaryndan beýleki desgalary we binalary gurmak, olaryň durkuny täzelemek barada daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplary bilen baglaşýan şertnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň (materiallaryň we enjamlaryň bahalaryny hasaba almazdan) azyndan 80 göteriminiň ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylmagy bellenildi.