Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topar döredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Resminama laýyklykda,ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmegi düzgünleşdirýän milli kanunçylygy seljermek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hünäermenleri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň hasaba alnyşyny düzgünleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaşlarda iş endiklerini emele getirmek we hünäre ugrukdyrmak boýunça kämil ulgamy döretmek boýunça işi dowam etmek, şeýle hem ýaşlary işe ýerleşdirmek barada döwlet statistiki hasabatlylygynyň sanawyny girizmek işleri göz öňünde tutulýar. ýaşlaryň ýaşaýyş- durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy boýunça şertleri döretmek, hususan-da ýaşaşyş jaýlaryny gurmak ýa-da satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek maksady bilen döwlet tarapyndan goldaw bermek -Maksatnamanyň öňe sürýän möhüm ugurlarynyň biri diýlip kesgitlenildi.
Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çärelriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllara ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň Mejlisi, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan bu resminama şu ugurda amala aşyrylýan işleri, täze bilimleri özleşdirmegi we olary ylmy dolanşyga girizmegi höweslendirmäge hem-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Döwletiň hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň esaslaryny, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny öwrenmek we ylmy taýdan seljermek, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlaryň dürli ugurlary, milli taryhyň wajyp meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmek, ýokary derejeli hünärmenleri, şeýle hem tematiki monografiýalary, usulýet n we okuw gollanmalaryny hem-de beýlekileri taýýarlamak- Maksatnamanyň wezipesidir.