Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dünýäde bar bolan häzirki çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde ösen tejribäni, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ony toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek toplumyň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitgaz senagatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar, Demirgazyk Goturdepe, Uzynada, Altyguýy ýaly täze nebit ýataklary açylýar hem-de ulanylmaga berilýär. Nebiti gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklar döredilýär, şeýlelikde, nebit önümleriniň halkara bazarlaryna eksport edilýän möçberi artdyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýyň netijesinde, nebit bazarlaryndaky nyrhlaryň üýtgäp durýandygyny aýdyp, dünýä ykdysadyýetinde hem-de halkara bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilýän möçberiniň pese düşendigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz munuň ýurdumyzyň önümçilik hem-de maliýe görkezijilerine täsiriniň bardygyny belläp, nebiti çykarmagyň möçberiniň gazanylan ösüş depginini saklamak hem-de 2020-nji ýyl üçin bu pudagyň maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin bähbitli teklipleriň taýýarlanylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda häzirki ýagdaýda iň gowy ykdysady görkezijileri gazanmaga mümkinçilik berýän nebit önümleriniň käbir görnüşlerini öndürmek hem-de ýerlemek barada degişli ýolbaşçylaryň tekliplerini diňledi.
Ilki bilen döwlet Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň üç aýynda nebiti gaz konsendaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 9,7 göterim artyk ýerine ýetirildi. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan şu döwürde bellenilen meýilnama 1,7 göterim artyk berjaý edildi. Şeýlelikde, onuň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 105,9 göterime deň boldy.
Häzirki döwürde täze ýataklary özleşdirmek işleri batly depginde alnyp barylýar. Hususan-da, Demirgazyk Goturdepe käninde iki guýyny kese-ýapgytlaýyn burawlamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek babatynda halkara bäsleşigi yglan edildi. Guýulary burawlamagyň şu usuly olaryň önüm berijiligini 2-3 esse artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, täze ýataklary açmak, şolary özleşdirmek işleriniň dowam edýändigi, Gyzylgum çöketliginde taslama çuňlugy 6 müň 500 metr bolan 7-nji belgili Günorta Uzynada guýusynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigi, häzir «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan meýdançanyň ylmy taýdan özleşdirilýändigi, senagat ähmiýetli önümli gatlaklary tapmagyň taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada habar berildi.
Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň toplumyň ykdysady kuwwatyna ýaramaz täsiriň öňüni almak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň düzümleriniň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin işleriň toplumlaýyn we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunlukda, täze nebit ýataklaryny gözlemek, ozal hereket edýänleriniň önüm berijiligini ýokarlandyrmak işleri ylmy esasda alnyp barylmalydyr.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, pudagyň ylmy-barlag institutlarynyň işläp taýýarlan ylmy işlerini, häzirki zamanyň ösen tejribesini önümçilige ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden peýdalanmak zerurdyr diýip. hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylmalydyr, dolandyryş ulgamy sanly görnüşe geçirilmelidir, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek hem-de nebitgaz senagatynyň gaýtadan işleýän toplumyny ylmy esasda ösdürmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylaryň öňünde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň eksport kuwwatlyklaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri möhüm wezipe hökmünde kesgitledi we olary ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň tehniki-ykdysady görkezijilerini has-da gowulandyrmak üçin bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagyna, düzümleýin bölümlere ylmyň we tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, pudaga maýa goýumlaryň çekilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.
«Türkmennebit» döwlet konserni bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň häzirkizaman görnüşlerini ýola goýmak, täze nebit ýataklaryny açmak hem-de şolary özleşdirmek, ozal hereket edýän känlerde bar bolan gorlary doly çykarmak meselelerine möhüm ähmiýet bermelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz önümçilik düzümleriniň işini netijeli guramagyň möhümdigine ünsi çekip, nebit önümlerini ýerlemekde halkara bazarlaryny öwrenmek, önümleriň has uly islegden peýdalanýan görnüşlerini kesgitlemek maksady bilen marketing seljermelerini geçirmek boýunça tabşyryk berdi. Munuň özi ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.
Milli Liderimiz häzirki döwürde çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegiň, bu ulgama ýokary tehnologiýalary, iň täze ylmy gazananlary çekmegiň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi. TDH