Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde işleriň ýagdaýy seljerilip, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meselelere, oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm ugurlaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, hususan-da, eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabady baýramçylyk nyşanlary bilen bezemek boýunça göz öňünde tutulýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan ýol gurluşygy hem-de bag ekmek bilen bagly geçirilýän işler bilen gyzyklandy.
Milli Liderimiz aşgabatlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler hem-de wezipeler barada aýdyp, häkime şäher hojalygynyň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, paýtagtymyzyň suw üpjünçilik desgalaryny seljermek babatda tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp açyljak desgalaryň gurluşygyna ünsi çekdi. Ähli gurulýan desgalar bellenilen möhletde ulanmaga berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra göni wideoaragatnaşykda Ahal welaýatynyň häkimi S. Berdimuhamedow sebitde işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin işler, şol sanda ýazky gowaça, gök ekinleriň we ýeralmanyň ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, şeýle-de sebitiň dürli künjeklerinde durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň barşy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de beýleki enjamlary nobatdaky ekiş möwsümine düýpli taýýarlamalydygyna ünsi çekdi. Ekiş üçin bölünip berlen ekerançylyk meýdanlarynyň taýýarlanylyşyna, sürüm hem-de ýerleri tekizlemek bilen birlikde, degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine uly üns bermek zerurdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekişiniň bellenilen agrotehniki möhletde geçirilişini hem berk gözegçilikde saklamak gerek.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýolbaşçysyna sebitde öňde boljak ýazky bag ekmek çäresine degişli derejede taýýarlyk görmek, bag ekiljek ýerleri hem-de nahallary öz wagtynda kesgitlemek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Welaýatda gurulýan medeni-durmuş hem-de önümçilik ähmiýetli desgalaryň we binalaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede guramagyň wajypdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, dolandyryş hem-de önümçilik düzümleriniň utgaşykly işlemegi boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Kaka etrabynyň häkimi wezipesine A.Gurbanowy belläp, ony şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de D.Garaýewi Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakynda degişli resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamalary sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz şol birwagtda göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowy hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy.
Wise-premýer sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalarynyň bina edýän desgalary barada hasabat berdi. Işleriň bellenen möhlete pugta laýyklykda ýokary depgin bilen barýandygy habar berildi.
Ýeri gelende aýtsak, häzir telekeçiligiň ösüş depgini, onuň wekilleriniň ýerine ýetiren işleriniň, şol sanda gurluşyk işleriniň gerimi örän täsir galdyrýar.
Diýarymyzyň gurluşykçylarynyň ýokary hünär ussatlygy, takyk guramaçylyk ukyplary diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem köpden bäri bellidir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iri we örän jogapkärli taslamalary hususy kärhanalara ynanýar. Şol taslamalaryň hatarynda ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtobanyň, Lebap welaýatynyň Düýbigatan käninde kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, Aşgabat-sitiniň desgalarynyň, Kerki şäherinde häzirki zaman howa menziliniň gurluşyklary bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary «Awaza« milli syýahatçylyk zolagynda desgalaryň birnäçesini, Aşgabatda ýokary derejeli söwda merkezlerini, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaşaýyş jaý we sport toplumlaryny, täze obalary, döwrebap düzümleri bolan senagat, ulag we durmuş maksatly köp sanly beýleki iri desgalary bina etdiler. Hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan durmuş ähmiýetli desgalaryň birnäçesi daşary ýurtlarda-da guruldy.
Häzir kiçi we orta işewürligiň ösdürilmegine milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň has netijeli ýoly hökmünde garalýar. TSTB-niň agzalarynyň giň gerimli işleri ilatyň iş bilen üpjünçiligi, köpsanly täze iş orunlaryny döretmek boýunça wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary içerki bazarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, döwletimiziň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň işewür toparlarynyň öňünde uly wezipeler goýuldy.
Kiçi we orta telekeçiligi 2018 — 2024-nji ýyllarda döwlet tarapyndan goldamak baradaky maksatnama laýyklykda, ýedi ýylyň dowamynda ýüzlerçe kiçi hem-de iri senagat kärhanalaryny, bilelikdäki kärhanalary, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek göz öňünde tutulýar.
Telekeçiler ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak ýaly möhüm wezipäniň çözülmegine dahyllydyr. Olara peýdaly gazylyp alýan känleri işläp taýýarlamak üçin ýerasty baýlyklary peýdalanmaga ygtyýar berildi. Senagat kärhanalarynyň eýýäm döredilen hem-de üstünlikli işleýän köpsanly sanawynyň bardygyna garamazdan, hususy ulgam täze innowasion önümçilikleri özleşdirmegi meýilleşdirýär. Şol önümçilikler ýerli çig maly we serişdeleri peýdalanmaga hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly daşky gurşawy gorap saklamaga gönükdirilendir.
Ýakyn geljekde Türkmenistanyň günbatarynda nebit känleriniň ugurdaş suwlaryndan tehniki ýod öndürmek boýunça, şeýle hem ozokerit, bazalt süýümini we şolardan önümleri hem-de metallurgiýa önümlerini öndürmek boýunça täze kärhanalar dörediler.
Türkmenistanyň telekeçileri tebigy gazdan karbamid we ammiak öndürmek ýaly gazhimiýa pudagyndaky taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge girişdiler.Ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň okgunly ösdürilmegini höweslendirmek, eksport ugurly önümçilikleri ösdürmek maksady bilen, daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin ýeňillikli şertleri we kepillikleri bolan erkin ykdysady zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmen işewür jemgyýetçiliginiň agzalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky çagyryşyna iş bilen jogap berip, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň goşuldylar.
Döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususy eýeçilige geçirmek boýunça işler giň gerime eýe boldy. Munuň özi kiçi we orta işewürligiň köp sanly kärhanalarynyň, täze telekeçilik düzümleriniň açylmagyna ýardam etdi.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny goldamak hem-de önümçilik we eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Bu ugurda alnyp barylýan maksada gönükdirilen işler babatda hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilmegine we türkmen kompaniýalarynyň maýa goýum işlerini höweslendirýän täze kadalaşdyryjy resminamalaryň döredilmegine hem-de telekeçiligi ösdürmek üçin has amatly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Olaryň hatarynda 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda milli parlament tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bar. Döwlete degişli bolmadyk ulgamy has-da ösdürmek üçin hukuk giňişligini kämilleşdirmäge gönükdirilen täze resminamada TSTB-niň ygtyýarlyklary giňeldi, bu jemgyýetçilik guramasynyň hukuklary we borçlary anyklaşdyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda wise-premýere gurulýan binalaryň ýokary hilli, işleriň wagtynda ýerine ýetirilmegi, milli binagärlik däpleriniň döwrebap tejribeler arkaly sazlaşmagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenýändigini aýratyn nygtap, eýýäm häzir köp iş orunlarynyň döredilendigini we bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek üçin hemme çäreleriň görülýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliarda golaý amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony
elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime hem-de wise-premýere iberdi.
Häkim Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna hem-de döredijilikli zähmet çekmegine we abadançylygyna gönükdirilen hemme zerur şertleri döretmek boýunça alyp barýan işleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Wise-premýer ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bildirilýän belent ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ýokary hil derejesinde hem-de bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmegi üçin ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu karardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada häkime, wise-premýere hem-de Merkezi bankyň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýändigi we bag ekmek çäresine göwnejaý taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklarynda geçirilýän işleriň döwrüň talabyna kybap gelmelidigini belledi. Hususan-da, gowaça üçin bölünip berlen ýerleri ekişe taýýarlamak, öz wagtynda sürmek hem-de tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, şeýle hem däne ekilen meýdanlarda maýsalara ösüş suwuny tutmak işleriniň depginini güýçlendirmek, dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän çäreler barada tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak meselesine ünsi çekip, şolaryň ekişiniň bellenilen agrotehniki möhletde ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyna, munuň bolsa, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gazanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, welaýatda ýazky bag ekmek möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň, ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar baglaryny, mekdepleri, durmuş-medeni we önümçilik maksatly beýleki desgalary öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramak hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny tomus möwsümine taýýarlamak boýunça aýratyn tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýollary, seýilgähleri we seýilbaglary abatlamagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow çagyryldy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin agrotehniki çäreleri geçirmek, şol sanda gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak üçin sürüm we tekizleýiş işlerini bellenilen möhletde we talabalaýyk geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim welaýatyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň barşy, Bitaraplygyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyna ünsi çekdi. Şonuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ak ekinlere ösüş suwunyň öz wagtynda tutulmagyna, bugdaýyň mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegine, şeýle hem beýleki agrotehniki çäreleriň degişli derejede guralmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň häkiminden ýazky ekiş möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme doly taýýarlamagy, gowaça üçin bölünip berlen ýerleri, şeýle hem gök, bakja, ýeralmasy we beýleki ekinler üçin niýetlenen ýerleri öz wagtynda sürmek, tekizlemek we ýuwuş suwuny tutmak işleriniň bellenilen möhletde geçirilmegini üpjün etmegi talap etdi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz ýaz möwsüminde bag nahallaryny ekmek çäresini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini öz wagtynda kesgitlemek barada görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz täze gurulýan desgalaryň, şol sanda durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ulanylmaga berilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurda maksatlaýyn çäreleri işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda welaýatda ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk görmek barada welaýatyň häkimine degişli görkezmeler berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim sebitde obasenagat toplumynda amala aşyrylýan işler, ýerlerde durmuş we inžener-tehniki düzümleri has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bag ekmäge degişli geçiriljek çärä hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralara taýýarlyk görlüşi barada aýratyn hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak ekiş möwsümine taýýarlyk görmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň häkimine meýilleşdirilen ähli oba hojalyk işlerini, ilkinji nobatda, sürüm hem-de ýerleri tekizlemek, tehnikalary we enjamlary abatlamak, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we maýsa ösüş suwuny tutmak işleriniň bellenilen möhletde geçirilmegi barada tabşyryk berildi.
Milli Liderimiz bugdaý ekilen meýdanlarda işleriň depginini güýçlendirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyna ünsi çekip, dürli oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýazky bag ekiş möwsümine düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gurluşyk meselesiniň üstünde durup geçip, durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň bina edilişiniň ýokary hilini hem-de bellenilen möhletde ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz häkime şanly sene mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň degişli guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda A.Hoçžyýewi Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly Lebap welaýatynyň häkimine iberdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda geçirilýän işler, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg edilişi, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görlüşi, degişli agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek bilen bagly geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda habar berildi. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere, şol sanda bag nahallaryny köpçülikleýin ekmek işine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Häkim 1-nji fewralda täze döwletara energiýa köprüsiniň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyna degişli taslamany durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrynyň gurluşygyna girişmek mynasybetli geçirilen dabara barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başyny başlan şol taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýa döwletlerine ugratmaga, şeýle hem goňşy ýurdy we tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam eder.
Häkim şeýle giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagyna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tutuş welaýatyň ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk işlerini ýokary derejede guramagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ak ekine ideg etmegiň hem-de ähli agrotehniki çäreleri ylmy taýdan esaslandyrmalara laýyklykda hem-de bellenilen möhletde geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlygy çaltlandyrmagy, ýeralmasyny hem-de gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleriň oýlanyşykly ulanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz obasenagat toplumynyň tehniki parkynyň ulanyş ýagdaýynyň degişli derejede saklanylmagyna aýratyn üns bermek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.
Ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etmäge, ýazky bag ekmek çäresine toplumlaýyn taýýarlyk görmek, şeýle hem medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny hem-de öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek boýunça häkime anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasyna ünsi çekip, onuň amala aşyrylmagynyň tutuş sebitiň durnukly ösüşine uly täsirini ýetirip, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak işine hyzmat etjekdigini belledi.
Täze elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek, şol sanda onuň ilatyny iş bilen üpjün etmek, goňşy ýurduň sebitara we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagy bilen bagly wajyp meseleleri çözmäge ýardam eder.
Şonuň bilen birlikde, TOP taslamasy ata Watanymyzyň energetika we eksport kuwwatyny amala aşyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz häkime degişli işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew göni wideoaragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň barşy, güýzlük bugdaýa ideg etmek, ýazky ekişe bölünip berlen ýerlerde sürüm geçirmek we tekizlemek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Mundan başga-da, öňde boljak ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk möwsümini talabalaýyk derejede geçirmäge degişli ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi.
Obasenagat toplumyna agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde meýdanlary suwarmak ulgamynyň kämilleşdirilmegi, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak boýunça döwrebap usullaryň ulanylmagy işleriň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, seçgiçilik işini gowulandyrmagyň, ýerlerde tohum dolanyşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda guralyşynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bagy-bossanlyga büremek boýunça öňde boljak möwsüme ünsi çekip, ýurdumyzda nobatdaky köpçülikleýin bag ekmek çäresi meýilleşdirilende, her bir sebitiň toprak-howa şertlerinden ugur alynmalydygy, nahallary kada laýyk saýlamalydygy barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
* * *
Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy ýaly iri möçberli we ajaýyp taslamany üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen şanly waka mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň çözgüdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini bina etmäge ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna golaý möçberde pul serişdesini bölüp bermek barada gol çeken Karary sebitiň ýaşaýjylary hem-de TSTB-niň agzalary tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Birleşmäniň gurluşyk kompaniýalary bu şähergurluşyk toplumynyň desgalarynyň potratçylary bolup durýar.
Hoşallyk maslahatyna gatnaşanlar ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen syýasaty alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ähmiýeti boýunça taryhy bolan bu taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin öz ähli güýçlerini, bilimlerini we hünär tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna, milli binagärligiň iň oňat däpleri hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar beýanyny tapjak döwrebap şäheri gurjakdyklaryna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdylar.