Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.