Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Balkan welaýatynyň iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyna, sebiti ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryna, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň meýilnamalaryna garaldy. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň meseleleri, senagatyň netijeliligini we eksport kuwwatyny artdyrmak, gazhimiýa we himiýa senagatyny, ulag ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti himiýa senagatyny ösdürmek üçin ýerli çig mallary has giňden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Önümçiligi hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek işi bilen utgaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz munuň öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion usullary iş ýüzünde ornaşdyrmagyň göni ýoludygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wajyp halkara üstaşyr-ulag geçelgesi hökmünde Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz menziliniň ägirt uly gurluşyk taslamasynyň aýratyn derejesini belledi.
Welaýatyň toplumlaýyn ösdürilmegi pudaklaryň ýöriteleşdirilmeginiň halk hojalygynyň ähli ulgamlary, ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň ösdürilmegi bilen netijeli sazlaşygy bilen utgaşdyrylmalydyr, diňe şeýle ýagdaýda senagat önümçiliginiň netijeli ösüşini hem-de adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny gazanyp bolar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda amala aşyrylmaly wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.
Maslahatda şeýle hem hukuk düzgüniniň we jemgyýetçilik howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, kanunçylygyň, mili bähbitleriň goragynyň, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginde harby we hukuk goraýjy gulluklara aýratyn orun degişlidigi bellenildi.