Bütindünýä saglyk güni adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, halklary agzybirlige alyp barýan, mähriban halkymyzyň dost-doganlyga bolan synmaz söýgüsini rowaçlandyrýan halkara baýramydyr.
Uly sport baýramyna — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ynamly gadamlar bilen barylýan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda döwlet derejesindäki köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriniň biraýlygyna ak pata berilmegi, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza» sport toplumynyň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi örän guwandyryjy wakadyr.
Milli senenamamyza özboluşly bezeg berýän bu halkara baýramy mynasybetli «Aziada — 2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň geçirilmegi bolsa, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, olimpiýa taglymatlaryna we ýörelgelerine laýyk gelýän başlangyçlary öňe sürýän döwletimiziň bu ugurdaky gazanýan üstünlikleriniň halkara ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmek maksady bilen, bu ugra uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, milli maksatnamalar hem-de toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy ýörelgesini mynasyp dowam etdirip, eziz Diýarymyzyň şäherdir obalarynyň görküne-görk goşýan hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, köp sanly ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, şypahanalar, sagaldyş merkezleri yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär, diýip belleýär.
2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aziýanyň kyrk bäş ýurdy bilen bir hatarda, Awstraliýanyň hem-de Okeaniýanyň on ýedi ýurdunyň gatnaşmaga isleg bildirmegi hem biziň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär, diýlip gutlagda aýdylýar.
Goý, bu ajaýyp halkara baýramy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da belende götersin!