5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

Bekmyrat Atalyýew Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar–ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly, şahsy we iş başarnygy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, B.Atalyýewiň ynanylan wekili ony ýurdumyza we halkymyza wepaly gulluk edýän, ak ýürekli raýat hem-de ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. B.Atalyýew ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, olary saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Ol maksatnama laýyklykda, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler ýoluny dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we telekeçiligi goldamak onuň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Maliýeleşdirmekde, ýeňillikli karz serişdelerini almakda goldaw bermek, önümçilik hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny we enjamlaryny peýdalanmak üçin şertleri döretmek, karz hem-de debit iş amallaryny kämilleşdirmek hususy ulgamyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döreder hem-de telekeçileriň sany artar.

B.Atalyýew saýlawçylaryň sebitleri ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berip, durmuş maksatnamalaryny mundan beýläk hem goldamagyň, dürli maksatly desgalaryň giň göwrümli gurluşyklarynyň hem-de şäherleri we obalary abadanlaşdyrmagyň, ylmy, bilimi ösdürmegiň, oba hojalyk pudagy özgertmegiň meseleleriniň mundan beýläk hem ileri tutuljakdygyny belledi.

Dalaşgär halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk başlangyçlaryna esaslanýan hem-de döwletimize ýokary halkara abraýyny getiren Bitaraplyk syýasatyny dowam etjekdigini aýtdy.

B.Atalyýew duşuşygyň ahyrynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, hukuk döwletiniň, halkymyzyň agzybirliginiň binýatlyk esaslaryny berkitmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.
Türkmenabatda saýlawçylaryň Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy

Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylarynyň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleriniň, oba zähmetkeşleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçdi.

Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary R.Durdyýewiň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öz zähmet ýoluna başlady. 2014-nji ýylyň dekabrynda bolsa onuň direktory wezipesine bellenildi. Dalaşgäriň wekili raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen R.Durdyýew üçin ses bermäge çagyryp, onuň şahsy başarnygyny, ýokary hünär ussatlygyny, täzeçil başlangyçlary goldaýandygyny belledi.

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň özüne söz berildi. R.Durdyýew döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän ugry goldaýandygyny mälim edip, ýurdumyzy ösdürmek hem-de özgertmek boýunça uzakmöhletleýin toplumlaýyn wezipeleri yzygiderli we gyşarnyksyz berjaý etmek bilen ösüş ýoly boýunça ynamly öňe gadam urmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady hem-de tebigy mümkinçiliklerini türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbitlerine peýdalanmak boýunça giň göwrümli işler mundan beýläk hem amala aşyrylar. Ýurdumyzyň gury ýerdäki we deňizdäki tebigy baýlyklaryny özleşdirmek dowam etdiriler, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň amatly usullary hem-de ýollary kesgitlener, turba geçirijileriň kämil düzümli ulgamy, nebitgaz toplumynda dürli desgalar we aragatnaşyk ulgamlary dörediler.

Dalaşgär gündogar sebitiniň mundan beýläkki ösüşi barada öz garaýyşlaryny ýygnananlara beýan edip, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem obalaryň we şäherleriň gurluşygynyň hem-de abadanlaşdyrylyşynyň batly depginlerde dowam etdiriljekdigini nygtady. Bilim, saglygy goraýyş, sport hem-de medeniýet ulgamlaryny ösdürmäge, syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berler. Munuň üçin ajaýyp taryhy we tebigy ýadygärlikleriň mekany bolan Amyderýa jülgesinde ähli zerur şertler bar.

R.Durdyýew goldaw berendikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, saýlawçylaryň ýetip gelýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşyp, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň bähbidine öz seslerini iň mynasyp dalaşgäre berjekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.

Meretdurdy Gurbanow Daşoguz welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Welaýatyň jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, dürli guramalaryň we kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň, ýaşlaryň gatnaşmagynda N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekiliniň çykyşynda M.Gurbanowyň ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly zähmet ýoly barada maglumat berildi. Ol dalaşgäriň ýokary zähmet we şahsy başarnyklaryny nygtady hem-de ony ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine wepaly, ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirdi.

M.Gurbanow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bolmak ýaly beýik derejä hödürländikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratyny, bilimini hem-de tejribesini gaýgyrmajakdygyna, özüne bildirilen ynamy ödejekdigine ynandyrdy.

Dalaşgär öz maksatnamasynda döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň hukuk we demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň ileri tutulýan wezipedigini belledi. Kanun çykaryjy ulgamyň kämilleşdirilmegi, Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam etjek täze kanunçylyk namalaryny işläp düzmek boýunça işler dowam etdiriler.

M.Gurbanow gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Sowallaryň aglabasy sebitiň we ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň wajyp meselelerine degişli boldy. Hususan-da, ýygnananlary oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň geljegi, ilatyň, esasan-da ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi, oba ilaty üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşi boýunça anyk meýilnamalar gyzyklandyrdy.

Dalaşgär olary tolgundyrýan meseleleriň çözgüdini ilki bilen ähli pudaklary täzeçillik esasynda sazlaşykly ösdürmekde görýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, oba ýerlerinde işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Ýörite orta hünärment mekdepleriň, okuw we maglumat merkezleriniň ulgamyny giňeltmek, ýerlerde ýörite okuw sapaklaryny geçirmek köp meseläni çözer.

Obasenagat toplumyny özgertmek, has takygy, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, daýhanlary mineral dökün, suw, häzirkizaman tehnikasy bilen üpjün etmek, obalarda azyk önümlerini öndürýän şereketleri we kärhanalary döretmek, öndürijileri öz zähmetleriniň netijeleri boýunça höweslendirmek we beýlekiler ýygnananlaryň üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär üns berip diňländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk hem durmuşa geçirmek boýunça ugry yzygiderli amala aşyrjakdygyna ýene bir gezek ynandyrdy.

Serdar Jelilow Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşyk geçirdi

Deňiz kenarynda ýerleşen şäherde Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär-Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Serdar Jelilowyň Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçdi. Bu ýere ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.

Duşuşyga gatnaşanlar raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly, şahsy we iş başarnygy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, ynanylan wekil S.Jelilowy maliýe ykdysady ulgamynda uly iş tejribesi bolan başarjaň hünärmen, ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özüne söz berildi. Ol saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny mälim etdi. Bellenilişi ýaly, baý mineral we uglewodorod serişdelerine eýe bolan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak üçin nebitgaz, elektrik energetika, himiýa, ýeňil senagatlarynyň, oba hojalygynyň, söwda ulgamynyň we syýahatçylygyň sazlaşykly ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek hem-de enjamlaşdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň köp şahaly ulgamyny döretmek, elektrik energetika pudagyny we ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça, şeýle hem daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin geçirilýän giň göwrümli işleri dowam etdirmek möhüm bolup durýar.

Esasy wezipeleriň hatarynda obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, daýhanlaryň önjeýli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmek, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak hem-de ekologiýa taýdan arassa gök önümleri we miweleri öndürmekden başlap, dokma senagaty we beýleki pudaklar üçin gymmat bahaly çig mala çenli dürli görnüşli önümleri öndürmek görkezildi. Ykdysadyýetiň hususy bölegine-kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleriň berilmegi göz öňünde tutulýan meýilnamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, oba ýeriniň we şäheriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mümkingadar golaýlaşdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen türkmen obasyny ösdürmek boýunça maksatnama hem birinji derejeli ähmiýete eýedir.

S.Jelilow sowallara jogap berip, saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň käbir ugurlaryny, şol sanda ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmek boýunça meýilnamalara, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna, ýaşaýyş jaý gurluşygyna, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmaga we beýlekilere degişli meýilnamalary anyklaşdyrdy.

Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär duşuşygyň ahyrynda mähirli garşylandyklary üçin ýygnananlara ýene bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de saýlawçylary ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanan halatynda, halkymyzyň ýokary ynamyny ödemek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Süleýmannepes Nurnepesow Ahal welaýatynyň saýlawçylaryna saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

Köpetdag eteginiň saýlawçylarynyň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçirildi. Bu ýere Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.

Ynanylan wekil ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, S.Nurnepesowy täzeçillik başlangyçlaryny öňe sürýän tejribeli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirip, işlän ýerlerinde özüni iş başarýan we jogapkärli hünärmen hökmünde görkezendigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutany wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ahal welaýatynyň saýlawçylaryna hormat bilen garşylandyklary üçin hoşallyk bildirip, S.Nurnepesow saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy wezipelerini we ugurlaryny beýan etdi.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, pudagy mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak, nebit we gaz çykarmagy yzygiderli artdyrmak arkaly ýurdumyzyň baý nebitgaz serişdelerini netijeli özleşdirmek agzaldy.

Türkmenistanyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen oba hojalygyny özgertmäge, ýurdumyzyň ýeňil senagatyny ýokary hilli ýerli çig mal bilen doly üpjün etmäge, daýhanlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Ulag we aragatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak boýunça giň göwrümli maksatnamany durmuşa geçirmäge hem wajyp orun berilýär.

Dünýäde natriý sulfatynyň we beýleki peýdaly minerallaryň iň iri ýatagy bolan Garabogazköl aýlagynda senagat önümçiligini ösdürmek hem üns merkezinde durýar. Mundan başga-da, aýlagyň mineral ätiýaçlyklary üsti doldurylýan çig-mal baýlygy bolmak bilen, magniý we natriý duzlarynyň çeşmesidir.

Şeýle hem dalaşgär Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmäge-de uly üns bermegi göz öňünde tutýar.

S. Nurnepesowyň mälim etmegine görä, ol türkmen halkynyň ähli babatda ajaýyp durmuşyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýarlygyny we gülläp ösüşini üpjün etmekde özüniň beýik borjuny we jogapkärli wezipesini görýär.

Degişli makalalar

Finlýandiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygy Bilen Gutlady

Hormatly Sergä Gatnaşyjylar!

syrach

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Türkmen-German Iş Duşuşygy Geçirildi