8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

Meretdurdy Gurbanow Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Mary welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşyk M.Kemine adyndaky döwlet teatrynda geçdi. Oňa ýerli häkimiýet düzümleriniň, edaralaryň we guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary M.Gurbanowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony ak ýürekli salyhatly hem-de mynasyp raýat hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan edip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam berýän täze kanunçylyk namalarynyň işläp düzülmegine aýratyn üns berdi.

Halkara gatnaşyklary babatda aýdyp, dalaşgär Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny geçirmegi dowam etmek arkaly Garaşsyz Türkmenistanyň abraýyny pugtalandyryp, parahatçylyk dörediji hereketlere işjeň ýardam beriljekdigini äşgär etdi.

Dalaşgäriň çykyşynda milli ykdysadyýetiň mundan beýläk hem batly depginler bilen ösüşini üpjün etmäge, birinji nobatda bolsa nebitgaz we energetika pudaklarynyň, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmagyň, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň, ähli ulgamlara täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen çärelere aýratyn üns berildi.

Azyk bolçulygyny döretmek, daýhan birleşikleriniň sanyny artdyrmagyň we olara goldaw bermegiň, olary tehniki taýdan doly enjamlaşdyrmagyň hem-de obasenagat toplumynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek birinji derejeli wezipeleriň biri bolup durýar diýip, dalaşgär aýtdy.

Onuň pikirine görä, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi gönüden-göni ylym bilen, hususan-da, pagta we bugdaý, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen dünýä ölçeglerine laýyklykda meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynyň işleri bilen baglanyşyklydyr. M.Gurbanow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, şeýle hem sebitlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny ösdürmegiň mümkinçilikleri we täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreleriň üstünde durup geçdi.

Üns berip diňländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär ýene bir gezek özüniň başarnygyny we gujur-gaýratyny mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlajakdygyna ynandyrdy.

Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy

Türkmenabat şäheriniň häkimliginde Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. Onuň saýlawlaryň öüňsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşmak üçin ubu ýere ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar.

S.Jelilowyň ynanylan wekili ony zähmetsöýer, özüne tabşyrylan işi ýerine ýetirmäge çynlakaý çemeleşýän jogapkärli adam hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň şu häsiýetleri raýatlaryň teklipçi toparynyň ony döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärlige hödürlemegine getirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäriň özi söz aldy. Ýygnananlar bilen salamlaşyp, ol ýurdumyzyň mundan beýläk ösüşine öz garaýyşyny beýan etdi hem-de onuň dünýäniň dürli döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugruny dowam etmäge, parahatçylygy we ýurtda durnuklylygy berkitmäge, ähli pudaklary ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini gowulandyrmaga we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini mälim etdi.

Bellenilişi ýaly, ilatyň iş üpjünçiliginiň meseleleri hemişe üns merkezinde bolar. Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde durmuş we önümçilik maksatly desgalar işe giriziler, täze iş orunlary dörediler, kiçi we orta telekeçilige goldaw berler.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde nebit, tebigy gaz we elektroenergiýadan başga hem daşary ýurtlara ýurdumyzyň himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalyk pudagynyň ýokary hilli önümlerini ibermegi artdyrmak boýunça işler güýçli depginde alnyp barlar.

Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumlaryny, bilimi we ylmy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berler. Ilatyň saglygyny goramagyň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ösdürmegiň meseleleri hemişe üns merkezinde bolar.

Üns berip diňlänleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, S.Jelilow özüniň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtly durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagy üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ýygnananlary ynandyrdy.

 

Süleýmannepes Nurnepesow Daşoguz welaýatynyň salýawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Daşoguz welaýatynyň merkezinde, N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda, sebitiň jemgyýetçiliginiň, hormatly ýaşulularyň, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda döwlet Baştutanymyzyň wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşyk geçirildi.

Dalaşgäriň ynanylan wekiliniň çykyşynyň başynda S.Nurnepesowyň zähmet ýoly beýan edildi, şeýle hem iş başarjaňlygy, zähmet tejribesi bolan hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine wepaly, ak ýürekli adam hökmünde onuň şahsy, iş we hünär başarnyklaryna häsiýetnama berildi.

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň özi ýygnananlary özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ýagdaýlary bilen tanyşdyrdy hem-de welaýatyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap ebrdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda çuňňur özgertmeler amala aşyrylýar, welaýatlary, etraplary, şäherleri we obalary ösdürmegiň maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ählumumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda döwlet gurluşy, hukuk we saýlaw ulgamlary kämilleşdirilýär. S.Nurnepesow özüniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan halatynda türkmen halkynyň bähbitlerine ýurdumyzyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Dalaşgäriň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň daşary syýasatynda umumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler.

S.Nurnepesow ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagy, oba hojalygyny ösdürmegi, azyk bolçulygyny döretmegi, ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermegi, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi belledi. Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgini maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegine hem bagly bolup durýar, şonuň üçin hem bu ugra aýratyn üns berler diýip, dalaşgär äşgär etdi.

Ýangyç-energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak,nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, himiýa senagatyny ösdürmek boýunça geljekki edilmeli işlere ünsi çekip, S.Nurnepesow täze senagat desgalaryny gurmagyň zerurdygyny nygtady. Dalaşgäriň belleýşi ýaly, dünýäde natriý sulfatynyň we beýleki peýdaly maddalaryň iň iri ýataklarynyň biri bolan Garabogazköl aýlagynda senagat önümçiligini ösdürmäge, täze eksporta gönükdirilen örän möhüm senagat desgasynyň – ýyllyk kuwwaty 1155 müň tonna karbamid öndürmäge barabar bolan “Garabogazkarbamid” himiýa zawodynyň we himiýa pudagynyň beýleki kärhanalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.

Duşuşygyň ahyrynda, S.Nurnepesow ýygnananlary ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösmegi, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, Türkmenistanyň halkara derejesinde abraýynyň ýokarlanmagy üçin özüniň ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 

Balkan welaýatynyň salýawçylarynyň Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy geçirildi

Serdar şäherinde Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär –Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy. Şäheriň medeniýet öýünde geçen duşuşyga ýerli dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Agrar partiýadan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary D.Orazowyň terjimehalyndaky esasy pursatlar bilen tanyşdyrdy. Onuň oba hojalyk ulgamynda uly iş tejribesi, guramaçylyk ukyby, şeýle hem adalatly hem-de ak ýürekli adam hökmünde hormata mynasyp şahsy häsiýetleri bellendi.

Soňra ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özüne söz berildi. Ol özüniň saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. D.Orazowyň belleýşi ýaly, biziň Watanymyz gysga möhletlerde ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe boldy, onuň halkara abraýy örän ýokarlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp şygaryň iş ýüzünde hereket edýänligine aýdyň göz ýetirdi.

Häzirki wagtda obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy ulgama goldaw bermek, welaýatlaryň senagatlaşdyrylmagyny tizleşdirmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm strategiki wezipeler bolup durýar. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Aýdylanlary jemlemek bilen, D.Orazow özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir ýagdaýlaryny düşündirdi. Hususan-da, oba hojalygynyň gün tertibinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýeri gurplandyrmak, bagbançylyk, miwe we bakja önümlerini öndürýän täze hojalyklary döretmek, daýhan birleşiklere we ekerançylara özbaşdak maşyn-traktor parklaryny döretmäge kömek bermek we beýlekiler bellendi.

Ýygnananlaryň sowallaryna jogap berip, dalaşgär suwy rejeli peýdalanmagyň, ýurdumyzyň ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň zerurlygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň ýazylýan eýýamynda mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine her bir raýatyň, şol sanda meniň özümiň hem ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegi, onuň halkara derejesinde abraýynyň we şöhratynyň artmagy üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrmazlygymyz gerek diýip, D.Orazow belledi.

Degişli makalalar

Türkmen Restawratorlary Nakgaşlaryň Işlerini Dikeltdiler

Türkmen-Ysraýyl Özara Gatnaşyklarynyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyna Gynanç Bildirdi