Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiniň Başlygynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň barşynda Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy bilen ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny wideoşekil görnüşde tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, biz her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar gününi 8-nji mart baýramyny giňden we dabaraly belläp geçýäris. Türkmen topragyny ýaşyl begrese besläp gelen bahar paslynda dabaraly bellenilýän bu nurana baýram mähriban enelerimize, bagtyýar gelin-gyzlarymyza döwlet derejesinde goýulýan uly hormatdan nyşandyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu baýram durmuşymyzy ajaýyp bahar öwüşginleri bilen bezeýär. Kalbymyzy mähriban zenanlarymyza uly hormat goýmak we tüýs ýürekden minnetdarlyk duýgulary bilen nurlandyrýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň zenanlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlardaky, döwletimiziň taryhy ösüşindäki, häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy durmuşyndaky beýik ornuny aýdyň görkezýär.
Bütin adamzat taryhynyň dowamynda zenanlar maşgala ojagynyň bezegi bolup gelýär. Olar maşgala gatnaşyklarynda ajaýyp sazlaşygy döredýär. Merdana halkymyza, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýär. Öz hünäriniň ussady bolan zähmetsöýer zenanlarymyz alyp barýan işlerini maşgala borçlary bilen üstünlikli utgaşdyryp, halkymyzyň alkyşyna, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” Halkara zenanlar baýramynyň aýratyn many-mazmuna eýe bolýandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen döwlet Baştutanymyz milli mirasymyzy gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda, geljekki nesillere ýetirmekde zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatynyň örän uludygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, olaryň döredýän çeper eserleri, sungat derejesine ýetirilen nepis halylary, ajaýyp keşdeleri we nusgawy el işleri zenanlaryň ruhy dünýäsiniň baýdygyny, köňül arzuwlarynyň nuranadygyny aýdyň görkezýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimize, baýdak ýaly gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpa hemişe belentdir.
Hormatly Prezidentimiz türkmen zenanlarynyň berkarar Watanymyzda gazanylýan üstünliklere uly goşant goşýandygyny, döwletimiziň öňünde durýan möhüm meseleleri çözmäge we uly ähmiýetli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny belläp, olara çäksiz minnetdarlyk bildirdi. Häzirki döwürde türkmen zenanlary dürli ugurlarda öz hünär ussatlyklaryny we şahsy ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Olar köp ugurlarda jogapkärli wezipelerde abraý bilen zähmet çekýärler.
Şeýle hem milli Liderimiz biz Türkmenistanyň zenanlarynyň hemmetaraplaýyn ösmegi, özleriniň ylma bolan ukyplaryny, aň-bilim, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini doly açyp bilmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertleri döredýäris diýip nygtamak bilen, bu baradaky gürrüňini dowam edip, mähriban zenanlarymyzyň abadan we bagtly durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi üçin geljekde hem ähli mümkinçilikleri dörederis. Aýal-gyzlaryň zähmetini, kanuny bähbitlerini we hukuklaryny hemmetaraplaýyn gorarys diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda mähriban eneleri, hormatly gelin-gyzlary ajaýyp bahar baýramy Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan, abraý-mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.