Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowy çagyrdy, ol paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde gök zolaklary döretmek, arassaçylyk işlerini yzygiderli ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim Aşgabatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, paýtagtymyzda şanly seneleri mynasyp garşylamak babatda işlenip taýýarlanylan maksatnama we ondan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Häkim 19-njy martda bag ekmek boýunça geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri, seçilip alnan bag nahallarynyň görnüşleri, bag ekmek üçin kesgitlenen ýer bölekleri barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň döwrebap derejede sazlaşykly ösdürilmegine, paýtagtymyzyň ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagyna örän jogapkärçiliki we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Ak mermerli Aşgabatda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowaryna, Milli bahar baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýratyn belledi. Paýtagtymyzyň etraplarynyň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz şäher içindäki ýollaryň, köprüleriň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň depginleriniň ýokarlandyrylmagy babatda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda şanly baýramçylyklary guramaçylykly geçirmek, bu ugurda degişli medeni maksatnamany işläp taýýarlamak, baýramçylyk çärelerine şäheriň ähli edara-kärhanalarynyň işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna şol bir wagtda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi hem çagyrdy.
Soňra maslahat Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde köçeleriň we şaýollaryň çatryklarynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar, olaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary barada giňişleýin hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan ähli işleriň, aýratyn-da, binagärlik çözgütleriniň ýokary hil derejesiniň we olaryň bezeg aýratynlyklarynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz taslamalarda görkezilýän N.Andalyp köçesi bilen Oguzhan şaýolunyň çatrygynda gurulmagy göz öňünde tutulýan binanyň “Dowamat daragty” binasy, N.Andalyp we Galkynyş köçeleriniň çatrygyndaky binanyň “Ösüş binasy”, N.Andalyp köçesi bilen Görogly şaýolunyň çatrygynda oturdyljak binanyň“Alaw binasy”, N.Andalyp we A.Berdiýew köçeleriniň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän desganyň “Döredijilik binasy”, N.Andalyp we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda guruljak binanyň “Şahyr binasy”, Magtymguly şaýoly bilen A.Annaýew köçesiniň çatrygynda emele geljek binanyň bolsa “Çemen binasy”, şeýle hem Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binanyň “Tehnologiýalar binasy” diýlip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bina edilýän desgalaryň we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini, olarda ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň öz beýanyny tapmalydygyny, olaryň paýtagtymyzyň şähergurluşyk we binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler, ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen baglanyşykly, işlenip taýýarlanylan maksatnama, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy hakynda aýtdy.
Häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň örän möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Milli Liderimiz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ähli zerur çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny we bu işlere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, olarda halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmagy ugrunda ähli tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz 19-njy martda geçiriljek ählihalk ýowaryna ykjam taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek, welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallaryny taýýarlamak, köpçülikleýin çärä hemmeleriň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekine ideg etmek we dürli gök ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň berjaý edilişi, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene bolan Milli bahar baýramyna hem-de ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaz-meýdan işlerine guramaçylykly girişmek we oba hojalyk toplumynda möhüm hasaplanylýan bu möwsümi öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini, mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 19-njy martda geçiriljek ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, Halkara Nowruz baýramçylygyny mynasyp garşylamak babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Welaýatyň ähli edara-kärhanalary Nowruz baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmelidirler, onuň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir we baýramçylyk örän dabaraly geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim Ählihalk ýowaryna, Milli bahar baýramyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, baýramçylyklaryň medeni maksatnamasy, aýratyn-da, köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, obasenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu işler bilen bir hatarda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.
Milli Liderimiz Ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, Halkara Nowruz baýramyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Milli bahar baýramynyň belent dabaralara beslenmegi halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelere goýýan hormatyny äşgär edýär. Bu bolsa Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň şanly wakalarynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny has aýdyňlygy bilen görkezýär.
Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.
Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, häkim baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede guralmagy, ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, gowaça ekişine öz wagtynda we guramaçylykly girişmek üçin kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle hem bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Şeýle hem millli Liderimiz 19-njy martda geçiriljek ählihalk ýowarynyň we Halkara Nowruz baýramynyň medeni maksatnamasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde ähli edara-kärhanalarda nobatçylygy guramagyň we medeni çäreleri dabaraly ýagdaýda geçirmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda B.Allakowy Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler hakynda aýtdy.
Mundan başga-da, häkim welaýatyň ähli etraplarynda, edara- kärhanalarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri mynasyp garşylamak, Ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, baýramçylyklaryň, köpçülikleýin çäreleriň medeni maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesiniň ýokary bolmalydygyny, olaryň bökdençsiz işledilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz baýramyny mynasyp garşylamak, Ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, olara welaýatyň ähli ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde has-da möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda garalan meseleleriň möhümdigini, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň bolsa döwrüň wajyp talabydygyny belläp, şu meselelerden gelip çykýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň birleşen tagallalarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.