Türkmenistanda salgyt özgertmelerini geçirmegiň zerurdygy barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady we bank toplumynyň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 6-njy iýunda geçirilen maslahaty barşynda ýatdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň salgyt ulgamyny düýpli özgertmegiň zerurlygy ýüze çykdy diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, salgyt salmagyň şertleri bir pudakda işleýän ähli kärhanalar üçin deň bolmalydyr. Umuman, salgyt ulgamy telekeçiligi alyp barmak üçin kynçylyk döretmeli däldir.
Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, tebigy serişdelerden peýdalanyjylara salgyt salmak aýratyn bir ugur bolup durýar. Bu ugurda emele gelen töleg ulgamy tebigy rentanyň adalatly we ykdysady taýdan esaslandyrylan möçberiniň alynmagyny üpjün etmeýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Hojamämmedowa bu örän möhüm ulgamy kämilleşdirmek meselesiniň üstünde işlemegi hem-de teklipleri bermegi tabşyrdy.
özgertmeler tamamlanandan soň, salgyt ulgamynyň esasy böleklerine gaýtadan seredilmezligi örän möhümdir diýip, Prezident aýtdy. Biz hut salgyt ulgamy arkaly zähmete hak tölemegiň derejesini ýokarlandyryp, şeýle hem pul baýraklaryny tölemegiň netijesiz ulgamyny aradan aýryp bileris diýip, döwlet Baştutany belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna salgyt ulgamyna, şeýle hem ýeňillikler boýunça esas goýujy namalaryň kabul edilmegi mynasybetli kanunlara üýtgetmeler girizmek boýunça özara bagly bitewi, doly we baglanyşykly taslamalar toplumyny bermegi tabşyrdy.