Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny düýpli özgertmek hem-de bu pudaklary dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly olaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň «Türkmensenagat» agentliginiň işini bes edip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini işini bes eden Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň «Türkmensenagat» agentliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Işini bes eden Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligini, «Türkmenaragatnaşyk» agentligini, «Türkmenawtoulaglary» agentligini, «Türkmenhowaýollary» agentligini hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermeli.
4. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde degişlilikde:
1) Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hakyndaky Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanyny;
2) şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 7-nji fewraly.