Pakistan Yslam Respublikasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ХIII Sammitinе gatnaşmak maksady bilen, Pakistan Yslam Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, abraýly sebitara we halkara guramalaryň, şol sanda YHG-niň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde möhüm häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, bozulmaz dostluk gatnaşyklarynyň we iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan taryhy-medeni hem-de ruhy umumylyklaryň häzirki döwürde netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine pugta binýat bolup durýandygyny aýtdylar.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn ylalaşyklary hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri amala aşyrmagyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alşyp, ikitaraplaýyn bähbitlere bolşy ýaly, sebit hem-de ählumumy derejedäki abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy barada nygtadylar.
Söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklary, gurluşyk senagaty hem-de beýleki birnäçe ulgamlar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmäge bolan ýokary gyzyklanmalary mälim edildi. Netijeli gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilmeginde türkmen-türk Hökümetara toparyna we bilelikdäki Işewür geňeşine hem-de yzygiderli guralýan işewürler maslahatlaryna we pudaklaýyn sergilere möhüm orun degişlidir.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygy, netijeli hyzmatdaşlyk boýunça ägirt uly tejribe toplanandygy hem-de ony has-da baýlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Taraplar sebitleýin we ählumumy derejedäki birnäçe möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, dünýä giňişliginde işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler babatda garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň ýurdumyzyň amala aşyrýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigi we milli Liderimiziň döredijilikli halkara başlangyçlaryny, şol sanda YHG-niň bu gezekki sammitinde öňe süren tekliplerini doly goldaýandygy bellenildi.
Hususan-da, ulag ulgamy ýaly möhüm ugurdaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi babatdaky iri taslamalary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary yzygiderli amala aşyrýar. Olaryň hatarynda häzirki zaman halkara multimodal ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüljek Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe halkara geçelgesini döretmek taslamasy bar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu ulgamda öňe sürýän taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň we tutuş YHG agza döwletleriň bähbidine laýyk gelýär. Ol hem Ýewraziýa giňişliginde özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň dostluk, giň möçberli özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar hem-de birek-birege jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.