Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Mongoliýanyň Prezidenti Haltmaagiýn Battulganyň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, mongol Liderini Mongoliýanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy hem-de wezipä girişmegi mynasybetli ýene-de bir gezek mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ýokary döwlet wezipesinde berk jan saglyk, dostlukly halkyň ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine bellenilen ähli maksatlary gazanmagy arzuw etdi.
Prezident Haltmaagiýn Battulga, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglary hem-de mähirli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, Mongoliýanyň dostlukly Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Parahatçylyk döredijilikli syýasaty ýöretmegi Türkmenistana we onuň Liderine belent halkara abraýyny getirdi.
Söhbetdeşler gepleşigiň barşynda deňhukukly, netijeli esasda guralýan hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklaryň däbe öwrülen dostlukly häsiýetini bellediler. Iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, dürli pudaklarda, şeýle hem işewür toparlaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak barada pikirlerini beýan etdiler.
Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň geljegine ýokary baha bermek bilen, şu ýyl Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl bolandygy bellenildi. Taraplaryň geljekde hem dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Haltmaagiýn Battulga ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmäge bolan çemeleşmelerini ylalaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Haltmaagiýn Battulgаny Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyryp, mongol Lideriniň hemişe biziň ýurdumyzyň arzyly myhmany boljakdygyny belledi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary birek-birege ýagşy arzuwlaryny beýan edip, döwlet bähbitlerine hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Telefon gepleşigi mongol tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.