9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Arasynda Gepleşikler Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Arasynda Gepleşikler Geçirildi

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam Aşgabada ilkinji resmi sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň, soňra bolsa atlylaryň hormat nyzamynyň ugratmagynda “Oguzkent” myhmanhanasyndan çykyp, Garaşsyzlyk meýdanyna gelip saklandy.

Bu ýerde Palestinanyň Prezidentini resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutanyny türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar.

Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň we Palestinanyň baştutanlaryna dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Iki dostlukly ýurtlaryň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Döwlet baýdaklaryna baş egýärler hem-de hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany türkmen hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Mahmud Abbas öz nobatynda Türkmenistanyň Baştutanyny Palestina Döwletiniň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas köşge barýarlar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejede ikiçäk görnüşde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Palestinanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Mahmud Abbasa Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu taryhy duşuşygyň özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başyny başlajakdygyna ynam bildirdi. Bu hyzmatdaşlyk soňky çärýek asyryň dowamynda – 1992-nji ýylyň ýazynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri okgunly ösýär.

Bellenilişi ýaly, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli ýöredýän özygtyýarly Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, hususan-da, Palestina bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.

Milli Liderimiz palestin Lideriniň şu saparynyň ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirip, gepleşikleriň gün tertibine dürli ugurlarda iki ýurduň özara gatnaşyklaryna degişli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer, hususan-da, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň ençemesiniň girizilendigini aýtdy. Ähli gazanylan ylalaşyklar gol çekmäge taýýarlanylan resminamalarda öz beýanyny tapar, olar biziň halklarymyza gürrüňsiz peýda getirer diýip, türkmen Lideri sözüniň ahyrynda belledi.

Mahmud Abbas türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhsansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Merkezi Aziýada esasy orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup görmek mümkinçiligine tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bütin dünýäde bolşy ýaly, Palestinada hem soňky ýyllarda düýpli reformalar we oňyn özgertmeler ýoluna ynamly gadam basan Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edýärler, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan, bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berýärler, bu syýasat beýleki döwletler üçin nusgalyk bolup durýar.

Mahmud Abbas Palestinanyň biziň ýurdumyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz halkynyň mähirli salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkyna dostlukly, doganlyk duýgulary bilen garaýarlar.

Palestinanyň Prezidenti Türkmenistanyň berýän goldawyna we bildirýän dostlugyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki döwletiň arasynda çözülmedik meseleleriň ýokdugyny belledi. Gol çekilýän resminamalar munuň subutnamasy bolup, olar ozal kabul edilen resminamalaryň üstüni ýetirip, uly mümkinçilikleriň açylmagy bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda ynamly öňe gitmek üçin hukuk binýadyny döreder.

Iki döwletiň Baştutanlary özara söhbetdeşligiň barşynda türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyp, taraplaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýan syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýändigini tassykladylar.

Iki ýurduň erk-islegini hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, söhbetdeşler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistanyň we Palestinanyň geljekde hem sazlaşykly gatnaşyklary uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda—iri halkara guramalaryň hem-de abraýly düzümleriň çäklerinde gurmagy maksat edinýändigini bellediler.

Prezident Mahmud Abbas mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Palestina resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň wekiliýetini «Türkmen topragyna hoş geldiňiz!» diýip, mähirli garşylamak bilen, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin, Prezident Mahmud Abbasa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biz şu günki ýokary derejedäki duşuşygymyza Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň häzirki zaman taryhynda ýetilen möhüm sepgidi hökmünde garaýarys diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklarda hil taýdan has ýokary derejä göterilýän täze tapgyryň başlanýandygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň we Palestinanyň möhüm halkara meseleleri, aýratyn hem, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek boýunça garaýyşlary gabat gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerine we kadalaryna, şeýle hem milli bähbitlere doly laýyk gelýändigi aýratyn bellenildi.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletine hem-de onuň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we alyp barýan daşary syýasatyna hormat goýýandygy hem-de goldaw berýändigi üçin, aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Şu günki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde iş ýüzünde öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen Palestina diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny belläp geçerler diýip, bu şanly sene mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň türkmen-palestin gatnaşyklaryny täze, has ýokary derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan ýakynda, ýagny şu ýylyň 27-nji oktýabrynda özüniň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda halkara maslahaty geçirildi. Pursatdan peýdalanyp, palestin doganlarymyza biziň şatlygymyzy paýlaşyp, ýurdumyzda geçirilýän dabaraly çärelere yzygiderli gatnaşýandyklary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 26–27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, Mahmud Abbasy ilkinji gezek geçirilýän bu möhüm maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen Lideri iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, bu gatnaşyklaryň durnukly ösýändigini belledi. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda hökümet derejesinde amala aşyrylýan özara saparlar hem-de iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeler muňa doly şaýatlyk edýär.

Şu saparyň dowamynda Aşgabat şäherinde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň derejesiniň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de doganlyk ýurduň gözel paýtagtymyz Aşgabatdaky Ilçihanasynyň talabalaýyk işlemegi üçin ähli şertleriň dörediljekdigine ynandyrdy.

Elbetde, bu işler iki döwletiň arasynda emele gelen syýasy ynanyşmagyň netijesidir. Biz ýakyn geljekde bu gatnaşyklary has-da ýokary derejä çykarmak üçin zerur işleri geçireris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýän, bilelikde alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Prezidentine Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Palestina Döwleti bilen halkara guramalaryndaky gatnaşyklary barada aýratyn durup geçmek bilen olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi.

Häzirki wagtda dünýä döwletleri tarapyndan geljek 15 ýyla niýetlenip kabul edilen Durnukly ösüş maksatlary Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynyň bu işe işjeň goşulmagyny göz öňünde tutýar. Bu meselede ikitaraplaýyn hem-de özboluşly tejribäniň möhüm ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Mysal üçin, Türkmenistanda durmuş üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, gender deňligi, bilim we beýleki meseleler boýunça oňyn tejribe toplandy. Bu, aýratyn hem, Durnukly ösüş maksatlary, wezipeleri we görkezijileri boýunça milli meýilnamany işläp taýýarlamak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde geçirilen degişli işler barada aýdylanda has-da ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de toplanan bu gymmatly tejribäniň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary boýunça täze many-mazmun bilen has-da baýlaşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Palestina Döwleti bilen uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça has netijeli usullary ulanmagyň zerurdygyny belledi. Bu usullary ara alyp maslahatlaşmak bolsa, täze mümkinçilikleri tapmaga ýardam berer.

Biz Türkmenistanda dünýä bazarynda bäsleşige ukyply harytlaryň eksportuny artdyrmaga uly üns berýäris. Biziň nebit-himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümlerini, dürli görnüşli azyk harytlaryny daşary ýurtlara ibermäge uly mümkinçiligimiz bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, 2017-nji ýylda türkmen-palestin işewürler maslahatyny geçirmek teklibi bilen çykyş etdi.

Gepleşikleriň çäklerinde halklaryň özara ýakynlaşmagyna ýol açýan medeni aragatnaşyklaryň ösdürilmegine hem uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň ýurdumyzda «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Biz taryhy we medeni mirasyň gymmatlyklaryny häzirki döwrüň ýaşlaryna hem-de geljekki nesillere doly we abat derejede ýetirmek meselesine aýratyn ähmiýet berýäris.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim, sungat hem-de döredijilik ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek barada pikir alyşdylar. Türkmen Lideri Türkmenistanyň hem-de Palestina Döwletiniň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmegiň möhümdigini belläp, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda döwletleriň ikisinde hem Medeniýet günlerini geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Saglygy goraýyş, dynç alyş-sagaldyş babatdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-palestin gatnaşyklarynyň ýene-de bir ähmiýetli ugry hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, dag eteklerindäki şypahanalar daşary ýurtly myhmanlar üçin özüne çekiji ýerler bolup durýar. Bu ýerlerde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hyzmatlar hödürlenýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli edaralarynyň özara tejribe alyşmagynyň we hyzmatdaşlyk etmeginiň maksadalaýyk boljaklygy barada teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda türkmen-palestin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Palestinanyň doganlyk halkyna parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas mähirli kabul edilendigi üçin çuňňur hoşallygyny bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek hem-de ähli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadynda geçirilen gepleşikleriň möhümdigini belledi.

Biz şol teklipleriň üstünde işlemäge hem-de olary hemişe goldamaga taýýardyrys diýip, Palestinanyň Prezidenti şu gün gol çekiljek resminamalaryň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge oňyn täsirini ýetirjekdigine ynam bildirdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi berer hem-de Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam eder diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Mahmud Abbas şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, oňa Palestinanyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk hem-de beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Palestinanyň Prezidenti ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine biziň ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň giň topary boýunça, ilkinji nobatda, ählumumy howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyny berkitmek ýaly strategiki ugurda pikir alyşdylar.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijelerini jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belläp, ýokary derejedäki ilkinji duşuşygyň uzakmöhletleýin geljekde türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýandygyna ynam bildirdi.

Mahmud Abbas mähirli sözler we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Palestina resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Milli Liderimiz çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Palestinanyň Prezidenti mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen tarapynyň döwletara gatnaşyklaryny gurmaga netijeli çemeleşmesi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňra iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen Palestinanyň Maýa goýumlara ýardam etmek agentliginiň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Palestina Döwletiniň Söwda edarasynyň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, Mahmud Abbasa resmi sapar bilen biziň ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz dostluk hem-de birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň iki doganlyk halkyň gatnaşyklarynyň barha giňelmegi üçin uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berip, öňde goýlan maksatlara ýetilendigini, ýokary derejedäki duşuşygyň hem-de gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha ösmegine we aýratyn many-mazmuna eýe bolmagyna esas boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz şu babatda, döwletimiziň dünýä derejesinde hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça uly işleri alyp barýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny Palestinanyň goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu bolsa, dünýä ulgamynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge, özara goldaw we hemaýat bermäge uly esas bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz 2017-nji ýylda Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 25 ýyl dolýandygyna hem-de bu taryhy senäniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmäge ruhlandyrýandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, bar bolan uly mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, iki döwletiň arasynda özara bähbitli iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň döreýändigini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Baştutany habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylym-bilim, medeniýet, syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmek barada degişli ylalaşyklara gelnendigini habar berdi. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde, birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmäge we özara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňelmegine hyzmat eder.

Milli Liderimiz şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri öwrenmek arkaly geljekde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ýollaryny tapmak üçin yzygiderli hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşylandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň barha ösýän eksport kuwwatyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmak barada ylalaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-palestin gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň medeniýet hem-de sungat, ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada ylalaşylandygyny belledi. Syýahatçylyk, saglygy goraýyş we sport babatdaky hyzmatdaşlyk hem iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýene-de bir ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda çakylygy kabul edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Doganlyk palestin halkyna bolsa, parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa söz berilýär.

Palestinanyň Prezidenti žurnalistlere ýüzlenip, öz ýurdunyň wekiliýetiniň adyndan hem-de öz adyndan Türkmenistanyň Prezidentine mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman milli Liderimizi şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Mahmud Abbas ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli häsiýetini hem-de üstünlikli bolandygyny belläp, olaryň jemleri boýunça dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigini aýtdy.

Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Palestina Döwletiniň Aşgabatda Ilçihanasyny açmaga ýardam edilendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem taraplaryň türkmen-palestin hökümetara toparyny döretmek hakynda ylalaşyga gelendigi habar berildi.

Prezident Mahmud Abbas jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilen gepleşikleriň ýokary netijeliligini ýene-de bir gezek bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda jogap sapary bilen Palestina Döwletine gelip görmäge çagyrdy.

Metbugat wekilleri bilen duşuşygyň ahyrynda Palestinanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we alyp barýan möhüm işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Palestinanyň Prezidentiniň ulag kerweni Gypjaga bardy, şol ýerde jenap Mahmud Abbas Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, aramgähe gül çemenini goýdy.
Soňra Palestinanyň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýdy. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk binasynyň ýanyndaky Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde Prezident Mahmud Abbas agaç nahalyny oturtdy.
Belent mertebeli myhman özi üçin bellenen kabulhanasy ýerleşen “Oguzkent” myhmanhanasyna gelip, bu ýerde guralan sergini synlady. Sergide türkmen balçylarynyň ýetişdirýän datly we peýdaly ary balynyň dürli görnüşleri goýlupdyr.

Mälim bolşy ýaly, oba hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzda balçylygyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen telekeçilik işiniň giň gerime eýe bolmagynyň netijesinde ýurdumyzyň bazarynda azyk bolçulygyna mynasyp goşantlaryny goşýan balçylar hem döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolýarlar. Häzirki sergi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Palestina Döwletiniň Prezidenti önümleri gyzyklanma bilen synlap, olaryň saglyk üçin ähmiýetiniň örän uludygyny aýratyn belledi. Myhman sergide goýlan nusgalaryň käbirini dadyp görüp, özüniň bejerijilik we ýokumly häsiýetleri bilen öňden meşhur bal önümlerine ýokary baha berdi.

Agşam belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
Palestinanyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär.

Degişli makalalar

Agyr Atletikaçynyň Altyn Medaly we Kikboksingçileriň Uly Üstünligi

Elektrik Energetikasynyň Mümkinçiligi Artýar

Türkmenistanyň Raýatlarynyň Türkmenistana Gelmeginiň we Ondan Gitmeginiň Tertibi

turkmenhabargullugy