14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Raýat Awiasiýasynyň Uçarlarynyň Üsti Täze “Boingler” Bilen Artýar

Türkmenistanyň Raýat Awiasiýasynyň Uçarlarynyň Üsti Täze “Boingler” Bilen Artýar

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline “Boeing — 737 — 800” kysymly täze ýolagçy howa ulagy gelip gondy. Ol şu tapgyrdaky howa gämileriniň üçünjisidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň satyn alynmagy üçin 2014-nji ýylyň aprelinde Amerikanyň ägirt uly awiagurluşyk kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.

ABŞ-nyň Sietl şäherinden köp sagatlyk uçuş “Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçarmanlary tarapyndan amala aşyryldy. Gonmazdan 5660 kilometr aralygy geçmäge ukyply “Boeing—737—800” uçarlary Moskwa, Sankt-Peterburg, Ankara, Stambul, Deli, Dubaý, Kazan, Minsk, Almaty hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki şäherlerine ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

160 ýolagça gatnatmaga niýetlenen täze amatly hem-de ýokary tygşytly uçar “Boeing” zawodlarynda ozal çykarylan şu kysymdaky uçarlardan daşky görnüşi bilen hem düýpli tapawutlanýar. Olaryň tizligi sagatda 850 kilometre deňdir. Nawigasiýa we elektron enjamlarynda iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalar ulanyldy.

Ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan iri möçberli meýilnamalaryň aýrylmaz düzüm böleginiň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak bolup durýandygyny bellemek gerek. Raýat awiasiýasyna içerki we halkara ugurlarda ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda möhüm orun degişlidir.

Häzirki wagtda milli howa ulgamynyň tehniki binýady dünýä belli bu kysymlaryň “Boeing-757”, Boeing-737”, “Boeing-717”, şol sanda giň gabaraly, uzak aralyga uçýan “Boeing-767-300 ER” ýaly uçarlara eýedir.

“Türkmenistanyň raýat awiasiasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýän döwründe şeýle howa ulaglarynyň sany yzygiderli artdyrylar. Bu bolsa öz gezeginde Aşgabatdan Milana (Italiýa Respublikasy), Jidda (Saud Arabystany), Hoşimine (Wýetnam), Tährana (Eýran Yslam Respublikasy), Tbilisä (Gruziýa), Daşkende (Özbegistan Respublikasy) we beýlekilere meýilleşdirilýän täze howa gatnawlaryny açmaga mümkinçilik berer.

Täze howa ugurlary diňe bir ýolagçy gatnatmaga we ýük daşamaga bolan barha artýan islegi kanagatlandyrmaga däl, eýsem, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, giň halkara hyzmatdaşlygyna, söwda-ykdysady, ynsanperwer aragatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, syýahatçylygyň ösdürilmegine we beýlekilere möhüm goşant goşmaga gönükdirilendir. Milli däplere laýyklykda, howa menzilinde ýaşuly nesliň wekilleri täze uçaryň gelmegi mynasybetli oňa ak un sepip, ak pata berdiler hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmen döwletiniň gülläp ösmegini dileg etdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowanyň Ýokary Döwlet Sylagy Bilen Sylaglandy

Köýtendagyň Ýerasty Dünýäsiniň Syrlary: Garlyk Gowaklarynyň Özboluşly Haýwanat Dünýäsi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi