5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
DURMUŞ

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Medeniýet Günleri

Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde, Patyşa Fahd adyndaky Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy boldy.

Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Saud Arabystanynyň Patyşalygynyň Patyşasy, Iki mukaddesligiň hyzmatkäri Salman ben Abdulaziz Al Saudyň bilelikdäki tagallalary netijesinde okgunly ösýän döwletara gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgama möhüm orun berilýändigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň Saud Arabystanyna resmi saparynyň çäklerinde şu ýylyň maý aýynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy berk dostluk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-saud gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyna şaýatlyk edýär. 

Şeýle hem şol gepleşikleriň barşynda taraplar ynsanperwer ulgamynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugry bolup durýandygyny nygtadylar. Iki dostlukly döwletiň Liderleri  medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ugurlary boýunça iki ýurduň we halkyň arasynda özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp,  iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek işinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bähbidine tagalla etmegiň wajypdygyny aýtdylar. 

Sapara gabatlanylyp, Saud Arabystanynyň “Er-Riýad” gündelik neşirine beren interwýusynda milli Liderimiz, hususan-da, iki halkyň birek-birege uly hormat goýmagynyň, olaryň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we garaýyşlarynyň ýakyndygynyň döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýändigini belledi. Munuň özi hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary yzygiderli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. 

Şeýlelikde, şu gün Saud Arabystanynda başlanan Türkmenistanyň Medeniýet günleri okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň  aýdyň mysaly bolup durýar. Şol gatnaşyklar bolsa iki dostlukly halkyň taryhy, ruhy we medeni umumylygyna esaslanýar.  

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk sazlary, türkmen kompozitorlarynyň hem-de dünýäniň nusgawy aýdym-saz sungatynyň eserleri, estrada aýdymlary we joşgunly tanslar düzdi. Çykyşlar Saud Arabystany Patyşalygynyň köpsanly tomaşaçylary tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Tolgundyryjy halk aýdymlary we türkmen kompozitorlarynyň eserleri joşgunly ýaňlanyp, eziz Watanymyzy, türkmen halkynyň, onuň köpasyrlyk taryhynyň, mähriban tebigatymyzyň gözelliginiň hem-de täze taryhy eýýamyň — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly üstünlikleriniň waspyny ýetirdi. 

Medeni merkeziň eýwanynda amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň we  ýurdumyzyň ajaýyp neşir önümleriniň sergisi guraldy. 

Dünýä ýüzünde giň meşhurlyga eýe bolan türkmen halylary we haly önümleri, milli lybasyň nusgalary, halk saz gurallary hem-de zergärçilik önümleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilen şaý-seplerde türkmen zergärleriniň köpasyrlyk sungaty öz beýanyny tapdy. Olar türkmenleriň özboluşly milli medeniýetiniň ösüşiniň maddy subutnamasy bolmak bilen, halkymyzyň kalbynyň gözelligini we giňligini, onuň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanan baý ruhy däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Medeniýet günleri dowam edýär. 

Degişli makalalar

Tahkim Kararlarının Tanınması ve İcrası Hakkında

syrach

«Türkmenpoçta» Kompaniýasy Onlaýn-Hyzmatlaryň Çägini Giňeldýär

turkmenhabargullugy

BILDIRIŞ