14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary Garlykdaky Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumyň Işine Badalga Berdiler

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary Garlykdaky Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumyň Işine Badalga Berdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Garlykdaky kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-iagdan bpýlagşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, onuň işine badalga berdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko toplumyň çägi bilen tanşyp, kärhananyň işini synladylar. Döwlet Baştutanlarynyň ýoly şahta guýularynyň, magdan ammarlarynyň, kaliu önümlerini baýlaşdyrmak we kristallaşdyrmak boýunça fabrigiň we ugratmaga taýýarlanan önümleriň ammarlarynyň deňinden geçdi.

Bu ägirt uly taslamany “Belgorhimprom” Açykpaýdarlar jemgyýeti baş potratçy bolup, türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde onuň ähli işi ýerine ýettirildi. Täze senagat toplumy 100-den goarak dnsgany özünde jemleýär. Olar Germaniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Daniýa, ABŞ, Russiýa we Belarus ýaly dünýäde ugurdaş tehnikalary öndürmekde belli bolan ýurtlaryň iň täze enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edildi.

Ýerasty känlerden önümçilik toplumyna her ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünleriniň önümçilik möçberlerini üpjün etmek üçin zerur bolan magdan berler. Olar hili we aýratynlyklary boýunça dünýäniň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýär. Bu bolsa Türkmenistanyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda has-da möhümdir.

Garlyk käninde kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan hem geçýjr. Bu bolsa birnäçe onýyllyklaryň dowamynda toplumyň durnukly işini üpjün eder.

Degişli makalalar

Bakuda Daşary Işler Ministrleriniň Üçtaraplaýyn Duşuşygy Geçirildi

Birža Täzelikleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach