Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalaryny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
Düýn paýtagtymyzda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri üstünlikli geçirilip, taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge ymtylýandyklaryny we taýýardyklaryny aýdyňlyk bilen tassyklady.
Duşuşygyň barşynda iki goňşy döwletiň Liderleri esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iri taslamalary, hususan-da, sebitiň ulag-üstaşyr ulgamynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmekde iki döwletiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri boldy.
Şu günki wakalar Özbegistan bilen goňşy Lebap welaýatynda dowam etdi. Häzirki wagtda bu ýerde ähli babatda geljegi uly bolan bu ülkäniň baý çig mal serişdelerinden hem-de üstaşyr kuwwatyndan has doly peýdalanmaga mümkinçilik berýän, köp şahaly ulgamly iri senagat merkezi kemala gelýär.
Soňky 10 ýylyň dowamynda durmuş-ykdysady ösüşiň beýleki maksatlary bilen birlikde, Türkmenistan iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän täsin inžener-ulag kommunikasiýalaryny gurmak we işe girizmek boýunça öň
görlüp-eşidilmedik derejedäki ösüşe eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşiniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Gysga döwrüň içinde – 2009-2016-njy ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Amyderýanyň üstünden çekilen Atamyrat-Kerkiçi awtomobil we demir ýol köprüleri, Seýdi – Eljik awtomobil köprüsi işe girizildi. Olaryň uzynlygy degişlilikde 1415 metre, 1414 metre we 1400 metre barabardyr. Şeýle hem uzynlygy 88 kilometre deň bolan Atamyrat-Ymamnazar-Akina döwletara demir ýol köprüsi ulanmaga berildi.
Şu gün bolsa Lebabyň çäginden 830 kilometr uzynlykda akyp geçýän Amyderýanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň üsti ýene-de täze ägirt uly inženerçilik desgalarynyň ikisi bilen ýetirildi.
… Irden hormatly Prezidentimiziň “Boingi” Türkmenabadyň howa menzilinde gondy. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Milli Liderimiz ýygnananlar bilen salamlaşyp, ýaşulular bilen söhbetdeş boldy we olaryň ýaşaýyş-durmuşy, jan saglygy, isleg-arzuwlary, lebaplylaryň iş-aladalary bilen gyzyklandy. Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň maksatlaryna hem-de wezipelerine aýratyn üns berildi.
Amyderýa jülgesiniň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza türkmenistanlylaryň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, berk jan saglyk hem-de eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.
Biraz wagtdan soň Türkmenabadyň howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň uçary gondy. Uçaryň ýanynda belent mertebeli myhmany milli lybasly oglan we gyz gül desseleri hem-de türkmen we özbek dillerinde goşgular bilen garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere gelen kärdeşini mähirli mübärekleýär. Hormatly ýaşulular Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Şawkat Mirziýoýewe duz-çörek hödürleýärler. Din wekilleri eziz Watanymyzyň rowaçlygyny türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň hem-de doganlygynyň mundan beýläk-de berkemegini dileg edip, aýat-doga okaýarlar.
Dabaraly wakanyň hormatyna iki ýurduň Liderleriniň öňünde döredijilik toparlary hem-de ýaş aýdymçylar aýdym-sazlar bilen çykyş edýärler. Lebap welaýatynyň ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň horunyň we orkestriniň, welaýatyň dürli şäherlerinden hem-de etraplaryndan gelen tans toparlarynyň we çagalar toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew joşgunly sungaty üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, howa menzilinden awtoulaglarda Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylýan ýerine ugradylar. Bu ýere köpsanly dabara gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Özbegistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bar.
Bu ýerde, Türkmenabadyň eteginde, kenarýaka zolagynda hakyky ruhubelentlik hem-de baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köpsanly şäherliler, bu täsin inženerçilik desgalaryny guran gurluşykçylar, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar, jemgyýetçiligiň wekilleri dabaranyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Şu günki waka mynasybetli köprüler hem-de olara ýanaşyk ýerler baýramçylyk lybasyna beslendi. Konsert meýdançalarynda döredijilik toparlary çykyş edýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän, ruhubelent aýdym-sazlar ýaňlanýar. Daş-töwerek köpöwüşginli baýdaklar, transparantlar bilen bezelipdir, ýygnananlaryň ellerinde howa şarlary bar.
Hemmeler belent mertebeli myhmanlaryň — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gelmegine sabyrsyzlyk hem-de ruhubelentlik bilen garaşýarlar.
Baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançanyň girelgesi simwoliki derweze bilen bezeldi, onuň aňyrsynda ak öýler, sergi pawilonlary, beýik hiňňildikler, tanyşdyryş çäresi üçin niýetlenen uly çadyr ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderlerini gül desseleri hem-de duz-çörek bilen garşylaýarlar. Sazandalar we deprekçiler çykyş edýärler, olaryň sazynyň owazynyň astynda tansçylar joşgunly tansy ýerine ýetirýärler.
Döwlet Baştutanlary köp öwüşginli sergileriň, konsert meýdançalarynyň golaýyndan geçýärler. Sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.
Halkara zenanlar güni bolan 8-nji martyň hem-de halkara derejesine eýe bolan Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda bu köp öwüşgünli çykyşlar aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Haly düşelen münbere gyzlar we zenanlar ýygnandylar. Bu ýerde gelin-gyzlarymyzyň milli üme dessuryny beýan edýän aýdym-sazly çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Bu dessuryň manysy kimdir birine bir işde kömek bermek üçin tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.
Adatça, Nowruz güni bir obanyň gyz-gelinleri toý lybaslaryny hem-de gelniň lybasyny taýýarlamak üçin bir ýere ýygnanypdyr. Üme dessuryna çakylykdan hiç kim boýun gaçyrmandyr, şoňa görä-de şeýle “oturlyşyklar” zenanlaryň köpüsiniň gatnaşmagynda örän şadyýanlykda geçýär. Gelin-gyzlarymyz özleriniň ukyp-başarnyklaryny, şeýle hem özleriniň taýýarlan täsin lybaslaryny görkezmäge çalyşýarlar.
Ine, ussat zenanlar toý kürtesini, tahýalary, köýnekleriň täsin keşdelerini taýýarlaýarlar, kimdir biri ýüpek mata ýa-da haly dokaýar, beýlekiler bolsa gamyşyň üstünde geljekki keçäniň nagyşlaryny döredýärler. Körpeler bolsa alaja örýärler. Bularyň ählisi aýdym –sazyň astynda bolup geçýär. Dessuryň barşynda gyzlar läle kakýarlar, toý aýdymlaryny ýerine ýetirýärler.
Döwlet Baştutanlary iki doganlyk halkyň özboluşly medeniýeti hem-de sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergä syn edýärler. Sergide çeperçilik senetleriniň dürli görnüşleriniň ussatlarynyň önümleri, amaly –haşam sungatynyň eserleri – sünnälenip dokalan halylar, milli şaý-sepler, keşdeler, keramika, sowgatlyk önümler we beýlekiler görkezilýär. Bu ýerde şeýle hem türkmen we özbek saz gurallary, gön önümleri, agaçdan ýasalan gap-gaçlar we durmuşda ulanylýan beýleki zatlar goýlupdyr. Galareýa nakgaşlyk suratlaryny, kiçi heýkelleri birleşdirdi.
Ýol ugrunda iki ýurduň Liderleri gören zatlary hem-de özlerinde galan täsirler barada pikir alyşdylar. Lebabyň folklor toparlaryna gatnaşyjylar milli öwüşgünli sahnalar bilen çykyş edýärler. Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär, halk däp-dessurlarynyň äheňinde şadyýan çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, bu gün hem şol owadan hem-de özboluşly dessurlar özüniň ruhy-medeni köklerine hem-de gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Aňyrrakda, emeli howuzda ýüzüp ýören gaýyklar görünýär.
Türkmen aýdymçylarynyň bir topary Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Şawkat Mirziýoýewi dabaraly aýdym bilen garşylaýarlar. Soňra bize myhmançylyga gelen özbek aýdymçylary çykyş edýärler. Döredijilik çäresi iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki çykyşy bilen tamamlanýar. Olar bilelikde, “Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy!” diýip seslenýärler.
Soňra iki ýurduň Prezidentleri açylyş dabarasy mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşmak üçin ýörite gurnalan çadyra barýarlar.
Alyp baryjylar dabarany açyk diýip yglan edýärler. Şu gün açylýan köprüleriň türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň, doganlygynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň köprülerine öwrülmegi üçin gutlaglar hem-de iň gowy arzuwlar türkmen we özbek dillerinde ýaňlanýar.
Ýygnananlaryň dykgatyna täze desgalaryň ähmiýetine bagyşlanyp taýýarlanylan ýörite wideorolik hödürlenilýär. Onda döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň ähmiýeti barada täsirli gürrüň berilýär.
Täsin ekranda köpri görnüşindäki şekil peýda bolýar. Şeýle döwrebap tehnologiýanyň ulanylmagy netijesinde kompýuter şekiliniň interfeýsinde kämil golografiki netijäni gazanmak başartdy.
Täze desgalaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde eýelejek ornuny has doly açyp görkezmek maksady bilen, gürrüň Hazar deňziniň kenar ýakasyndan başlanýar. Şekillerde Awazanyň ajaýyp binagärlik keşbi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň senagat desgalary hem-de Türkmenbaşyda gurulýan Halkara deňiz porty bilen özboluşly sazlaşyk döredýär.
Soňra kartada ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrýan awtomobil we demir ýollaryň ugurlary görkezilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň demir ýollarynyň umumy uzynlygy 5 113 kilometre barabardyr. Ýurdumyzyň polat ýollarynyň ählisinde gurlan köprüleriň sany 742-ä barabardyr.
Soňky döwürde amala aşyrylan möhüm ähmiýetli taslamalaryň hatarynda Gazagystan –Türkmenistan-Eýran demir ýoly bar. 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda açylan bu polat ýol Demirgazyk-Günorta Halkara ulag geçelgesiniň altyn halkasyna öwrülip, Ýewropadan Pars aýlagyna çenli ýoly 600 kilometr gysgaltdy. Uzynlygy 1050 kilometre barabar bolan bu ýoluň iň uzyn bölegi – 825 kilometri Türkmenistanyň çäginden çekildi.
Türkmenistanyň awtomobil ýollarynyň umumy uzynlygy 13 müň 737 kilometre barabardyr, olaryň 6 müň 540 kilometri döwlet ähmiýetli, 2 müň 280 kilometri halkara ähmiýetli ýollardyr. Wideoşekillerde soňky ýyllarda gurlan we durky täzelenen ýollar baradaky maglumatlar, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilen uly işler, şol sanda köprüleriň gurluşygy boýunça amala aşyrylan işler barada anyk maglumatlar beýan edildi.
2010-njy ýylda Türkmenbaşy-Aşgabat ýolunda 31 köpri guruldy. 2014-nji ýylda Aşgabat-Mary awtomobil ýolunda 12 köpri guruldy, Arçmandan Türkmenbaşa çenli aralykda 62 köpri ulanmaga berildi.
2015-nji ýylda Marydan Türkmenabada çenli 28 köpri guruldy…
Tomaşaçylar wideoşekiller arkaly ýurdumyzyň ýollary bilen tanşyp, ajaýyp ak mermerli Aşgabada “geldiler”. Türkmen paýtagtynyň häzirki keşbinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mowzugy hem öz beýanyny tapdy. Bu oýunlaryň başlanmagyna 190-dan gowrak gün galdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzili şäheriň ulag düzüminiň esasy desgalarynyň biri bolup durýar. Onuň özboluşly keşbi Aşgabadyň buýsanjyna öwrüldi.
Tomaşaçylar paýtagtdan “daşlaşyp”, Halkara ýolagçy awtoterminalyny hem-de Türkmenbaşy şäherine çenli uzynlygy 562 kilometre barabar geljekki awtomobil ýoluny synlaýarlar. 6 zolakly bu ýoluň ini 34,5 metre barabardyr. Umuman, ýoluň ugrunda ýol geçirijileriň 12-si, demirbeton köprüleriň 217-si, barlag-geçiriş nokatlarynyň 9-sy, şeýle hem tehniki taýdan hyzmat edýän duralga, ulaglara benzin guýulýan beketler we beýleki desgalar gurlar. 2014-nji ýylyň sentýabrynda gurluşygyna badalga berlen bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda häzirki wagtda hünärmenleriň 1 müňden gowragy işleýär.
Şekillerde döwrebap gämileriň, uçarlaryň, awtomobilleriň, otlularyň we beýleki ulag serişdeleriniň yzly-yzyna peýda bolmagy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Bu usul Türkmenistanyň okgunly ösýän multimodal ulag ulgamynyň uly kuwwatyny görkezmäge, onuň esasy ýollarynyň birinden—uzynlygy 540 kilometre barabar bolan Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolundan geçmäge, täze desgalaryň gurluşyklaryny synlamaga mümkinçilik berýär. Şol desgalaryň hatarynda Tejen, Türkmenabat we Mary şäherleriniň töwereginde gurulýan sowma awtoulag ýollary bar. Şol pursat TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy barada hem gürrüň berilýär.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistandan Owganystana çenli Atamyrat-Ymamnazar-Akina ugry boýunça täze demir ýol işe girizildi. Lebap welaýatynyň ulag düzüminiň ösdürilmegi bu ülkäniň senagat taýdan okgunly ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Garlygyň dag-magdan-baýlaşdyryjy kärhanasy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Kuwwaty ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerine barabar bolan bu desga ýakyn günlerde açylar.
Tanyşdyryş çäresiniň esasy bölegi Amyderýanyň üstünden gurlan täze köprülere bagyşlanýar. Onda bu täsin desgalar, olaryň inžener-tehniki aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Şol maglumatlar bolsa bu köprüleriň Merkezi Aziýada iň kämil innowasion köprülerdigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Tanyşdyryşyň jemleýji böleginde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi baradaky pikir öňe sürülýär. Ekranda Türkmenistanyň we Özbegistanyň baýdaklary parlaýar.
Soňra alyp baryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berýär.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, şu günki wakanyň taryhy ähmiýetini belledi: Amyderýanyň üstünden çekilen awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygy boýunça giň möçberli taslamalaryň ikisi amala aşyryldy. Bu köprüler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň çäklerini birleşdirdi.
Awtomobil köprüsiniň uzynlygy 1600 metre barabardyr. Uzynlygy 1750 metre barabar bolan demir ýol köprüsi hem görenleri haýran galdyrýar. Milli Liderimiz desgalaryň ikisiniň hem ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýändigini, olaryň iň häzirki zaman materiallardan gurlandygyny, tehniki we ulanyş howpsuzlygy babatda zerur enjamlar bilen üpjün edilendigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Altkom” ukrain kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine, bu täsin desgalaryň gurluşygynda işlänleriň ählisine ýerine ýetirilen ýokary hilli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bu giň möçberli desgalaryň gurluşygyna girişmek bilen, biz, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň çäginiň häzirki wagtda dünýä ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkezleriň birine öwrülýändiginden ugur aldyk diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşýän bu çäk şu ýüzýyllygyň ählumumy geoykdysadyýetiniň möhüm bölegini emele getirýär. Biziň sebitimiz “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň tebigy geçelgeleriniň baglanyşdyryjy wezipesini ýerine ýetirmelidir. Bu geçelge iň gysga ýol arkaly Aziýany we Ýewropany birleşdirer, kontinentde tutuş söwda we ykdysady gatnaşyklary ulgamynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Amyderýanyň üstünden çekilen köprüleriň ähmiýeti örän uludyr. Olar Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerinden, Günorta Aziýadan Hazar deňzine we soňra Gara deňiz hem-de Orta Ýer deňzi sebitlerine, Ýewropa, Zakawkazýe, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ýükleriň daşalmagy üçin göni çykalgany açýar.
Ýewraziýa kontinentinde ulag gatnawlar ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek pikiri iş ýüzünde amala aşyrylýar. Oňa barha täze geografiki giňişlikler, ykdysady we önümçilik merkezleri çekilýär. Munuň özi işewürligiň derejesiniň ýokarlanmagyna, iri maýa goýumlarynyň gelmegine, köpsanly täze iş orunlarynyň döredilmegine oňaýly şertleri döreder.
Hormatly Prezidentimiz şeýle desgalaryň ulanmaga berilmeginiň anyk geosyýasat babatda uly ähmiýete eýedigini belledi. Olaryň hereket etmegi bolsa ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýar. Ol sebitde we onuň çäginden daşda umumy ýagdaýa oňyn täsir etmäge, durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti bolup hyzmat etmäge, sebit hem-de kontinental syýasy gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyplydyr.
Şeýle desgalar durnuklylygy üpjün etmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ulag düzüminiň işiniň kepilligini üpjün etmek, diňe bir taslama gatnaşýanlaryň däl, eýsem beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem bähbidine ondan netijeli peýdalanmak üçin amatly daşary syýasy şertleri döretmek işinde netijeli we köptaraply hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.
Bularyň ählisi halkara syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar, Merkezi Aziýanyň üstünlikli ösmegine ýardam edýär, hoşniýetli goňşuçylyk, özara we köptaraply bähbitlilik ýörelgeleri esasynda goşulyşmak işiniň möhüm şerti bolup hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Halkara we sebit guramalarynyň derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda hem Amyderýanyň üstünden köprüleri gurmagyň taslamalarynyň geljegi örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, bu desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňeler hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri guramalaryň kuwwatyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri ýokarlanar.
Şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň maksatlary Ýewraziýanyň günorta guşaklygynda strategiki durnuklylygyň ulgamynda ygtybarly merkez, geljegi uly hyzmatdaş, kontinental ähmiýetli iri ulag-üstaşyr merkez hökmünde sebitiň möhüm ähmiýeti nukdaýnazaryndan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitdäki uzak möhletli strategiýasyna doly laýyk gelýär.
Bu desgalaryň ulanmaga berilmegi biziň döwletlerimiz üçin hem uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysady ösüşine, ýurdumyza täze maýa serişdelerini çekmäge, işewürlik işjeňligini ýokarlandyrmaga, şol sanda serhetýaka welaýatlarda işjeňligi ýokarlandyrmaga kuwwatly itergi berer. Bularyň ählisi adamlaryň abadançylygyna hyzmat eder, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder. Şu babatda Amyderýanyň üstünden täze köprüleriň gurulmagy türkmen we özbek halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär.
Şu gün bu ýerde, iki doganlyk döwletiň serhedinde biz Aziýanyň häzirki zaman geoykdysady giňişliginiň binýadynyň ýene-de bir ygtybarly esasyny goýýarys, bilelikde hyzmatdaşlygyň täze, has giň möçberli ugruny kemala getirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Munuň özi ählumumy geoykdysadyýetde täzeçe pikirlenmegiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Şu günki günüň iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. Biz şeýle möhüm hem-de giň möçberli taslamany bilelikde amala aşyrandygymyza buýsanmaga haklydyrys. Olar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky mizemez dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň nyşanyna, biziň halklarymyzyň doganlygynyň we hoşniýetli goňşuçylygynyň aýdyň beýanyna öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. “Goý, bu köprüler bizi ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine alyp gitsin, parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna biziň tagallalarymyzy we hoşmeýilli erk-islegimizi birleşdirsin!”
Özbegistanyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman ilki bilen türkmen Lideriniň aýdan sözleriniň ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ulag taslamalarynyň ilkinji nobatda, goňşy döwletleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendigini belledi. Häzirki wagtda bu meselä aýratyn üns berilýär.
Doganlyk Türkmenistanyň bereketli topragynda geçirilýän şu dabaralara Özbegistanyň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylary hem gatnaşýarlar. Saparymyzyň barşynda bize bildirilýän myhmansöýerlik, iki halkyň özara ýakynlaşmagy döwletara gatnaşyklary üçin esas bolup durýar diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.
Özbek Lideri täze köprüleriň iş ýüzünde dostluk köprüleri, hoşniýetli goňşuçylygyň däpleriniň dowamatlylygynyň nyşanlary hem-de biziň nesillerimiz üçin mynasyp mysal bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Belent mertebeli myhman öz ildeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Häzirki wagtda bolsa özara gatnaşyklaryň täze taryhynyň döredilýändigi aýdyldy. Inženerçilik häsiýetleri we geostrategiki ähmiýeti boýunça täsin bolan Türkmenabat-Farap köprüleriniň ulanmaga berilmegi diňe bir iki doganlyk halkyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady.
Amyderýanyň kenarlaryny birleşdirýän uly desgalar bir mahallar biziň ýurtlarymyzyň çäginden geçen hem-de yklymyň esasy ulag ýoly bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşbini alamatlandyrýar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we munuň Merkezi Aziýada haryt dolanyşygynyň has-da işjeňleşdirilmegine, sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini nygtady.
Täze köprüler gaýtadan dikeldilýän ýoluň möhüm bölegine öwrüler. Bu ýoluň esasy wezipesi söwdany, hyzmatdaşlygy ösdürmäge, diýmek, Ýewraziýa giňişliginde parahatçylyga we rowaçlyga ýardam etmekden ybaratdyr. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli doganlyk türkmen halkyny bu beýik üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady. “Biz iki ýurt üçin hem möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle desgalaryň gurluşygynyň siziň şahsy başlangyjyňyz hem-de tagallalaryňyz bilen amala aşyrylandygyny oňat bilýäris we muňa ýokary baha berýäris. Bu köprüler asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyzyň bähbidine ygtybarly hyzmat edip, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky mizemez dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrüler” diýip, belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza ýüzlenip aýtdy.
Şeýle hem demir ýol, awtomobil, deňiz we howa gatnawlaryny üpjün edýän ulag ulgamyny döretmek we ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, özbek howa ýollarynyň sebitdäki iň iri howa menzilleriniň biri bolan türkmen paýtagtynyň täze howa menziline amala aşyran ilkinji gatnawy barada ýatlanylyp geçildi.
Özbegistan dünýädäki döwletleriň ilkinjileriniň hatarynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde öňe süren, Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen halkara başlangyjyny goldady. Bu başlangyç geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatynyň geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat etdi.
“Biz Türkmenbaşy şäherinde deňiz portunyň hem-de halkara ähmiýetli Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagyna uly umyt bilen garaşýarys. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini hil taýdan täze derejä çykarar” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy.
“Biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň dünýä bazarlaryna çykmak üçin has giň mümkinçilikleri açjakdygyna, maýa serişdeleriniň gelmegini üpjün etjekdigine, ykdysady ösüş üçin oňaýly şertleri döretjekdigine, netijede biziň halklarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy.
Çykyşda bellenilişi ýaly, Amyderýanyň iki kenarynda ýaşaýan türkmenleri we özbekleri ykbalyň umumylygy birleşdiripdir.
Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özara bähbitli, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, döwrüň synagyndan geçen türkmen-özbek dostlugynyň berkidilmegine goşýan uly goşandy üçin hoşallyk bildirip, iki halka bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
“Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň täze uly üstünlikler gazanjakdygyna ynanýaryn” diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde
ulag düzüminiň möhüm desgalarynyň — Amyderýanyň üstünden çekilen Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurluşygy ynanylan meşhur “Altkom” ukrain kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilen işler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň degişli tejribä, innowasion işläp taýýarlamalara, önümçilik kuwwatyna eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Şunda gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek we möhletlerini berk berjaý etmek babatda bildirilýän talaplary birkemsiz ýerine ýetirýän kompaniýalara artykmaçlyk berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow amala aşyrylan taslamalaryň aýratyn ähmiýetini belläp, ulag pudagynyň häzirki zaman ösen düzüminiň döredilmeginiň ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmeginiň, amala aşyrylýan halkara gatnawlarynyň möçberlerini giňeltmegiň, sebitiň ýurtlary, ilkinji nobatda, iň ýakyn goňşular bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Amyderýanyň sag we çep kenarlarynyň arasynda ygtybarly awtomobil hem-de demir ýol gatnawlaryny üpjün etmek şol düzümiň möhüm bölegi bolup durýar.
Işewür bildirilen ýokary ynam we işde berlen goldaw üçin hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ukrain gurluşyk konserniniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýetiniň kuwwatyny has-da artdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan iri möçberli taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşmaga hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady.
Duşuşygyň barşynda bilelikde işlemegiň ägirt uly tejribesini hem-de milli Liderimiziň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny nazara almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu kompaniýanyň şu ulgamda uly tejribä eýedigini bellemelidiris. Hususan-da, ol 2013-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa düzüminiň möhüm desgasynyň – Amyderýanyň üstünden gurlan Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprüsiniň baş potratçysy bolup durýar.
Duşuşygyň ahyrynda ukrainaly işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge meýillidigini nygtady.
… Dabaranyň bolýan ýerinde hakyky baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýere welaýatyň jemgyýetçiliginiň köpsanly wekilleri ýygnandylar. Olaryň arasynda demir ýol we awtoulag pudaklarynyň işgärleri bar. Hemmeler ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm ähmiýetli waka tolgunmak bilen garaşýarlar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderlerini ýaşlar mähirli mübärekleýärler.
Döwlet Baştutanlary ählumumy el çarpyşmalar bilen toý bagyny kesip, Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsi boýunça otlynyň hereketine badalga berýär.
Ini 5,8 metre deň bolan I topara degişli demir ýoly tiz akymly Amyderýanyň şertlerine uýgunlaşdyrylyp, dünýäniň köpri gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak bilen guruldy. Desga gurlanda agyr ýükli otlulary nazara almak bilen, ýokary seýsmiki durnuklylygy we ulanyş mäkämligi bolan gurluşlar ulanyldy. Onuň beýikligi 10 metre, ini 60 metre barabardyr.
Köpriniň aralyk gurluşlary demir beton sütünleriň 18-sinde saklanyp, olary taýýarlamak üçin örän mäkäm metalyň 9 müň tonnadan gowragy sarp edildi. Sütünleriň 16-sy dürli suw çuňluklarynda we 2-si derýanyň kenarlarynda oturdyldy. Diametri 1,5 metr bolan demir beton pürsler ýokary kysymly betondan hem-de mäkäm armaturalardan ybarat bolup, derýanyň düýbünden aşaklygyna 40 metrden gowrak çuňluga girizilen sütünlere düşýän agramy deňeçer bölýär.
Derýanyň hanasynyň çäklerinde syrgynlardan goramak üçin pürsler aýna poliefir turbalara salyndy, olaryň umumy uzynlygy 6776 metre deň boldy. Sütünleriň ýokarky böleginde rigeller—ulgamlaýyn göteriji elementler oturdyldy. Umumy uzynlygy 17664 metre deň bolan pürsleriň 368-sini hem-de demir ýol köpriniň sütünlerini gurmak üçin betonyň 555 müň kub metrden gowragy ulanyldy.
Sütünleri we aralyk gurluşlary posdan goramak boýunça tehnologik işleriň toplumy, ýollaryň ýokarky gurluşyny, şol sanda köprä direýän bölekleri sazlamak işleri ýokary hilli geçirildi. Olaryň umumy uzynlygy 2 kilometre barabardyr. Duýduryjy, aragatnaşyk we habar beriji ulgamlar, ýangyna garşy suw geçiriji, howa geçiriji enjamlar oturdyldy. Täsin inženerçilik desga hyzmat edýän işgärler üçin ulanyş bölümi guruldy. Demir ýol köprüsiniň töwereginde Amyderýanyň kenarlarynda kenar berkidiji betonlaşdyrmak işleriniň toplumy amala aşyryldy.
Mahlasy, hünärmenler çylşyrymly işleriň ençemesini, şol sanda ýokary ussatlygy talap edýän suwasty we buraw işlerini ýerine ýetirdiler. Inženerçilik desgasy gurlanda ýerli howa, toprak, inženerçilik-geologiýa, gidrogeologiýa we tehtoniki şertler, temperatura düzgüni, köpri geçelgesiniň gurluş böleklerine düşýän ýeliň güýjüni, derýadaky suwuň himiki düzümini kesgitlemek üçin enjamlar oturdyldy.
Köprini bina etmek boýunça gurluyk işleri ekologik monitoringi hem-de daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri berjaý etmek bilen alnyp baryldy. Derýanyň içine suwy hapalaýan hiç hili galyndylar düşmeli däldi. Mundan başga-da, howanyň ýerüsti gatlagyň hapalanmagyny azaltmak üçin döwrebap awtoulag serişdeleri, ekologik taýdan arassa dizel hereketlendirijileri bolan gurluşyk maşynlary we gurallary ulanyldy. Gurluşyk meýdançasynyň hem-de ýanaşyk ýerleriň ulanylan nebit önümleri, motor ýaglary bilen hapalanmagynyň öňüni almaga aýratyn üns berildi.
Türkmenabat şäheriniň golaýynda çep we sag kenarlaryň ulag aragatnaşygy häzire çenli 1901-nji ýyldan bäri ulanylýan hem-de täze demir ýol köprüsinden 80 metr aralykda ýerleşen köne demir ýol köprüsi boýunça hem-de derýanyň akymy boýunça ýarym kilometrden gowrak aralykda ýerleşýän ýüzüji ponton köprüsi boýunça amala aşyryldy. Köne demir ýol köprüsine geçirilen seljerme işleri onuň aralyk gurluşlarynyň käbir serişdeleriniň ep-esli peselendigini, olarda ösüşe meýilli ýadawlyk häsiýetiniň kemçilikleri toplanypdyr. Bu ýagdaýda abatlaýyş işleri hem ony düzedip bilmezdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň
8-nji fewralynda gol çeken Karary bilen täze demir ýol köprüsini gurmak hakynda çözgüt kabul edildi. Bu Kararyň esasynda buýrujynyň– Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hem-de potratçynyň –jogapkärçiligi çäklendirilen“Altkom” ýol gurluşyk” jemgyýetiniň arasynda şertnama baglaşyldy.
Täze köprüler diňe Lebap welaýaty üçin däl-de, eýsem tutuş Türkmenistan we onuň goňşy ýurtlary üçin uly geosyýasy, ykdysady we durmuş ähmiýetli bolup durýar. Tehniki taýdan çylşyrymly şeýle desgalaryň gurluşygy onuň ähli tapgyrlarynda we derejelerinde, şol sanda ekologiýa we durmuş derejelerinde häzirki zaman standartlarynyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.
… Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri demir ýol gum düşegi bilen ýokary çykyp, demir ýolda duran otlynyň ýanyna barýarlar we wagona münýärler. Otlynyň sürüjisi hereketiň başlanýandygyny aňladýan duýduryş signalyny berýär. Ýokary amatlykly täze ýolagçy wagonlary bolan otly ýerinden gozganyp, bat alýar we Amyderýany kesip geçýär.
Lebabyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi ýatdan çykmajak wakanyň şaýatlary boldular. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden geçýän täze demir ýol boýunça geçen ilkinji ýolagçylar boldular.
Ýoluň uzaboýunda iki döwletiň Liderleri sahnalaşdyrylan türkmen obasyny synlaýarlar. Onuň gurşawynda milli däp-dessurlaryň ähli baýlyklaryny görmek bolýardy.
Bu uly etnografik çykyş bäş bölümden ybarat boldy. Tanslary, döredijilik äheňlerini öz içine alan teatrlaşdyrylan çykyşlar türkmen bahary, gül açýan jülgeler, ýerleri sürmek mowzugyndan başlanýar. Soňra çykyşlar tamdyrlar bilen dowam edýär, olaryň ýanynda duran gelin-gyzlar mele-myssyk nanlary, tagamly somsalary bişirýärler. Gazanlaryň ojaklaryndan çykýan tüsseler asmana galýar, üsti dürli-dümenden doly saçaklar ýazylýar…
Gündogar bazary çykyşlaryň nobatdaky bölegine öwrülip, bu ýerde halk senetleriniň dürli önümleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde senetçileriň ussahanalary ýerleşdirilipdir. Olaryň golaýynda türkmen halyçylyk we zergärçilik sungatynyň ajaýyp eserleri, milli keşdeler görkezilýär. Aýdym aýdyp oturan bagşylaryň daş-töweregine halk aýdymlarynyň muşdaklary ýygnanýar.
Şeýle hem bu ýerde ýüňüň daralyşyny, keçe basylyşyny görmek bolýar. Bu sahnalary milli egin-eşikleriň görkezilişi jemleýär. Şeýle hem bu ýerde ahalteke bedewlerine atlanan jigitleriň at çapyşyklaryna tomaşa etmek bolýar.
Ýol ugrunda döwlet Baştutanlary derýanyň ugrunda gurlan ýodajyklar boýunça welosipedli ýörişe syn etdiler. Şol ýerde köpsanly türgenler—tennisçiler, ýeňil atletikaçylar, boksçylar we kikboksçylar, ştangaçylar, gimnastikaçylar we beýlekiler görkezme maksatnamasy bilen çykyş edýärdiler. Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän sportuň 21 görnüşi görkezildi.
Otly Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşen demir ýol menziline gelip saklanýar. Bu ýerde hem uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär—ähli ýerlerde dürli reňkli baýdajyklary, şygarlary, howa şarlaryny görmek bolýar. Demir ýol we awtomobil köprüleriniň arasyndan ajaýyp ýol çekilipdir. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni şol ýola düşýär.
Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsiniň golaýyndaky meýdançada welaýatyň aýdym-saz we tans toparlary çykyş edýärler. Döwlet Baştutanlary toý bagyny kesip, köprini açýarlar. Şol köpride olary türkmen we özbek toý dessurlaryny berjaý edýän folklor toparlary köpöwüşginli çykyşlary bilen garşylaýarlar. Köpriden ýöräp barýan Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Şawkat Mirziýoýewi, ähli myhmanlary milli lybasly artistler aýdym-sazlar hem-de tanslar bilen mübärekleýärler.
Soňra döwlet Baştutanlary we wekiliýetleriň agzalary awtobuslara münüp, Amyderýanyň üstünde gurlan döwrebap köprüden geçýärler. Köpriniň tutuş dowamynda köpsanly sazandalar – dutarçylar, skripkaçylar, akkerdeonçylar, litawrçylar, tüýdükçiler, deprekçiler, gopuzçylar, käseçiler we beýlekiler, şeýle hem tans we etnografiki toparlar, şol sanda Özbegistandan gelen toparlar çykyş etdiler. Jemi 1 müňden gowrak adam hakyky ägirt uly baýramçylyk şüweleňini döretdiler.
Täze awtomobil köprüsi demir ýol köprüsinden 450 metr aşakda– derýanyň akymy boýunça aşakda guruldy. Demir ýol köprüsiniň gurluşygynda bolşy ýaly, awtomobil geçelgesiniň gurluşygynda hem ukrain we türkmen hünärmenleri we gurluşykçylary Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap gurluşlary we ösen tehnologiýalary ulandylar.
Täze döwrebap ulag geçelgesi özüniň inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurluşygynyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär. Köpriniň taslamasynda ýük göterijilik, hereket tizligi, ýokary mäkämlikdäki gurluşlary peýdalanmak, ýokary seýsmiki durnuklylyk we beýleki ulanyş tehniki häsiýetnamalar göz öňünde tutuldy. Köpri Rihteriň şkalasy boýunça güýji 9 balla deň bolan ýertitremelerine durnuklydyr.
Türkmenistanda şunuň ýaly ähli desgalaryň hiline we ulanyş ölçeglerine ýokary talaplar bildirilýär. Bu ýerde ulag ýollarynyň ähli görnüşlerini, şol sanda awtomobil ýollaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar, ýol düzümini ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär. Köpriniň gurluşygynyň barşynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologiýa, inženerçilik-tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy ýerine ýetirildi. Buraw tehnologiýalary boýunça ýokary kysymly betondan we armaturalardan kuwwatly sütünleriň 17-si guruldy. Olaryň üstünden köpriniň köp tonnalyk polat gurluşlary üçin kuwwatly binýatlar esaslanýar. Sütünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin olara hem aýna poliefir turbalary geýdirildi.
Köpriniň dört zolakly hereket ediş böleginiň ini 21,5 metre barabardyr. Awtoulaglaryň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köpriniň öňlerinde uzynlygy 6 kilometr bolan pandusly ýol aýrytlary guruldy. Olar gapdal ýollardan girýän we çykýan awtoulaglara garşylyklaýyn zolaga çykmazdan hereket ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berer. Köpriniň her tarapynda metal germewli ini 1,5 metr bolan pyýada ýodalary göz öňünde tutuldy. Köpriniň ýol örtügi matakril atly döwrebap polimer materialdan ybarat bolup, ol ýokary mäkämligi, uzak ulanylmagy, ultramelewşe şöhlesine durnuklylygy bilen hem-de asfalt beton bilen deňeşdireniňde ýukalygy hem-de ýeňilligi bilen tapawutlanýar.
Awtomobil köpriniň çep kenar tarapyna diňe Türkmenabat tarapdan däl-de, eýsem Serdarabat etrabynyň golaýyndan çekilen täze giň awtomobil ýolundan baryp bolýandygy ähmiýetli ýagdaýdyr. Bu ýol bilen uzak we ýakyn daşary ýurtlardan gelýän üstaşyr agyr ýükli awtoulaglar dolandyryş merkezine girmän hem-de şäher köçelerine düşmän, täze Türkmenabat-Farap awtomobil köprisine geçip giderler.
Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryndan uly ýükli awtoulaglar biziň ýurdumyzyň üstünden geçýär. Awtomobil ulagy boýunça ýük dolanşygynyň sebitleýin düzüminde 2016-njy ýylda Lebap welaýaty öňdäki orny eýeledi (23,1 göterim), ýolagçy gatnatmagyň umumy möçberinde bolsa oňa 16,6 göterim degişlidir.
Amyderýanyň üstünden halkara ülňülerine laýyk gelýän ýene-de bir döwrebap awtomobil köprüsiniň gurulmagy üstaşyr gatnawlaryň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
…Döwlet Baştutanlary derýanyň beýleki tarapyna gelip, köpriniň üstünde açylan herekete syn etdiler. Olaryň biriniň üstünde Özbegistandan gelýän demir ýol otlusy geçip başlady, beýlekisinden bolsa iki döwletiň baýdaklary bilen bezelen hem-de üstüne türkmen karbamidi, dokma we beýleki önümler ýüklenen ýük awtoulaglarynyň kerweni Özbegistana tarap geçip ugrady.
Dürli reňkli toý baglary bilen bezelen desgalaryň ikisi hem derýanyň üstünden örän owadan görünýär. Köpri gadym döwürlerden bäri bütewligiň nyşany hasaplanyp geldi, şonuň üçin hem köpri gurujylar gurluşlaryň keşbine, olaryň binagärlik esasyna üns berdiler.
Türkmen we özbek Liderleri bu ýerden Türkmenabat şäheriniň merkezine ugradylar. Bu ýerde şu gün Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Abduganiýewiç Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy bolar. Şeýle hem onuň ady Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine dakyldy.
Ýadygärlik dikeldilen meýdançada Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Şawkat Mirziýoýewi şäherde ýaşaýan adamlaryň müňlerçesi mähirli mübärekleýärler. Bu ýerde, postamentiň üstünde ornaşdyrylan heýkeliň golaýynda Daşkentdäki Mustakillik meýdanynyň we onuň esasy nyşanlarynyň şekilleri beýan edilen banerler ýerleşdirilipdir. Olaryň hatarynda sütüniň ýokarsyndaky, gadymdan bäri parahatçylygy we asudalygy alamatlandyrýan leglegiň şekili, Garaşsyzlyk binasy hem-de eziz Watany alamatlandyrýan eli çagaly zenanyň heýkeli bar. Şeýlelikde, ýadygärlikli we onuň töweregindäki bezegli çeperçilik kompozisiýasy ýadygärlik toplumyny emele getirýär.
Ýadygärligiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Baştutany çykyş etdi. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu gün biz ýurdumyzyň ýakyn dosty—Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň hatyrasyny tutýarys. Onuň keşbi diňe türkmen topragynda dikeldilen ýadygärlikde däl-de, eýsem türkmenistanlylaryň kalbynda hem ebedilik orun aldy.
Elbetde, ol öz Watanynyň hakyky ogly, ene topragyny söýen, zehinli guramaçy, görnükli syýasatçy we öňden görüji döwlet işgäri bolup, öz watandaşlarynyň arasynda hem, dünýä giňişliginde hem uly abraý gazandy. Döwlet Baştutanymyz Islam Abduganiýewiçi jomart, parasatly, dogruçyl, asylly, filosofiki pikirleniş ukybyna eýe bolan adam hökmünde tanandygyny aýtdy.
Özbegistanyň ilkinji Prezidenti öz ömrüni mähriban halkyna, eziz Watanyna bagyşlap, ägirt uly erk-islegini, tutanýerliligini we edermenligini görkezip, milli bähbitleri gorady. Garaşsyz Özbegistany esaslandyrmakda, demokratik hukuk döwleti döretmekde, raýat we milli ylalaşygy üpjün etmekde oňa uly hyzmatlar degişlidir.
Islam Karimow Garaşsyz Özbegistan döwletiniň kemala gelýän döwründe ýolbaşçynyň agyr wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirdi. Onuň ýolbaşçylygynda Özbegistan çylşyrymly, ýiti meseleleriň we howplaryň hötdesinden abraý bilen gelip, täze durmuşy gurmagyň uly meselelerini üstünlikli çözdi we uly üstünlikleri gazandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz döwletara türkmen-özbek gatnaşyklaryny ýola goýmakda we ösdürmekde Islam Abduganiýewiçiň uly ornuny belledi. Şol gatnaşyklar hemişe biziň halklarymyzyň gadymdan gözbaş alýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýandy. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça umumy dil tapyp, özbek tarapynyň hyzmatdaşlyga taýýarlygyny görýärdik diýip, milli Liderimiz ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ynanyşmagy biz mukaddes saklamalydyrys we artdyrmalydyrys diýip, belledi.
Şu gün Islam Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna Özbegistanyň hökümet wekiliýetiniň gatnaşýandygyna men guwanýaryn hem-de onuň işleriniň mynasyp dowam etdirilmegini Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine iň gowy ýadygärlik diýip hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň, umumy taryhy kökleriň geljekde hem döwletara gatnaşyklary üçin mäkäm binýat, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň üýtgewsiz doganlyk häsiýetiniň girewi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Ýokary derejeli şahsyýetleriň atlaryny we asylly işlerini taryhyň sahypalaryna ýazmak hem-de biziň halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny berkitjek täze nesle ýetirmek üçin olary ýatlamagy biz öz ahlak borjumyz diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Görnükli döwlet işgäri Islam Karimow hakynda ýagty ýadygärlik biziň ýüreklerimizde hemişelik saklanar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümdaryň we jahankeşdäniň durmuşyň gymmatlyklary baradaky söhbetdeşligi hakyndaky tymsaly mysal getirip, ynsanyň, aýratyn hem hökümdarlaryň asylly işleriniň adamlar, öz halky baradaky alada bilen bagly bolmalydygyny nygtady. Şu häsiýetler hemişe Islam Karimowa mahsus bolupdy.
Özbegistanyň Prezidenti dabarada çykyş edip, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Abduganiýewiç Karimowyň ýagty ýadygärligine sarpa goýlandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Biz bu ajaýyp ýadygärligiň dikeldilmeginiň hem-de Türkmenabat şäheriniň köçeleriniň birine Islam Karimowyň adynyň dakylmagynyň türkmen halkynyň ajaýyp Lideri, Özbegistanyň uly dosty Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň başlangyjy boýunça mümkin bolandygyna aýratyn ýokary baha berýäris. Hut şunda hakyky türkmen asyllylygy, adamkärçilik we päklik häsiýetleri ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen ýüze çykdy diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy we Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentiniň aradan çykan gussaly günlerinde özbek halkynyň hakyky dostuň wepadarlygyny, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goldawyny, doganlyk duýgudaşlygyny duýandygyny ýatlatdy.
“Türkmenistanda Özbegistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärliginiň hatyralanjakdygy barada Samarkantda aýdan sözleriňiz biziň ýudumyzyň her bir raýatynyň kalbynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy we indi şol gün gelip ýetdi” diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi.
Ol şeýle hem öz ýurduny häzirkizaman demokratik döwlete öwren garaşsyz Özbegistany esaslandyryjy ynsanyň biziň halklarymyzyň kökleriniň, geçmişiniň, häzirki döwrüniň hem-de geljeginiň umumylygyndan ugur alyp, tutuş sebitde parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk, durnuklylyk hem-de rowaçlyk ýagdaýyny döretmäge çalşandygyny belledi.
Islam Abduganiýewiç hemişe özbekleriň iň ýakyn doganlary bolan türkmenlere hemişe aýratyn hormat-sarpa bilen garaýardy, milli özboluşlylygyň, dünýä garaýyşlarynyň, medeni-ahlak sütünleriniň meňzeşdigini nygtaýardy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Islam Karimowa türkmen halkynyň Hormatly il ýaşulysy diýen adyň dakylmagynyň hem-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň gowşurylmagynyň çuňňur manysynyň bardygyny aýtdy. Ol bu sylaglara buýsanýardy hem-de olara türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara berlen ýokary baha hökmünde garaýardy.
Özbek Lideri özüniň ýatlamalaryny paýlaşyp, Islam Abduganiýewiçiň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy mähir bilen özüniň dogany, egindeşi we pikirdeşi diýip atlandyrýardy. Şu saparyň netijeleri hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýedigini tassyklady. Islam Karimowyň ilkinji ýadygärliginiň hut doganlyk Türkmenistanda açylmygynyň hem çuňňur manysy bardyr diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Munuň özi biziň halklarymyzyň ruhy taýdan ýakyndygyny şaýtlyk edýär hem-de Islam Abduganiýewiçiň ýagty ýadygärligine uly hormat-sarpanyň nyşany bolup durýar.
Özbegistan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny, onuň halkara we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, biziň uly sebitimiziň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagyna hem-de durnukly ösmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy.
Ol şeýle hem Islam Abduganiýewiçiň biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky ynamy uly gymmatlyk hökmünde aýawly saklamak barada aýdan sözleriniň özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ruhy esasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Özbegistanlylar üçin bu ýadygärlik ruhy gymmatlyga öwrüler, olar Özbegistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralamak üçin Türkmenistana gelerler.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenabat şäherinde Islam Karimowyň ýagty ýadygärliginiň ebedileşdirilmegi üçin türkmen Liderine çäksiz hoşallyk bildirip, bu hoşniýetli, kalbyň töründen çykýan başlangyjyň biziň ýurtlarymyzyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady.
Hormat garawulynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dabaraly sazyň owazy astynda ýadygärligiň örtügi düşürilýär. Soňra döwlet Baştutanlary ýadygärlige gül çemenlerini goýup, hormatyň nyşany hökmünde başlaryny egdiler.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet saparyna bagyşlanan nobatdaky dabara Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçirildi. Şu gün bu ýerde, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçelerinde we meýdançalarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet baýdaklary, şygarlar we banerler, baýramçylyk nyşanlary ýalkym saçýar.
Iki ýurduň Liderlerini mübäreklemäge gelen ýüzlerçe lebaplylaryň ellerinde milli baýdaklary, howa şarlaryny, gül desselerini görmek bolýar.
Ilki bilen meýdança milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär, soňra döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüniň esasy girelgesiniň öňünde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi garşylaýar.
Köşgüň eýwanynda iki döwletiň Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar. Bu sergi iki goňşy halkyň döredijilik däpleriniň ýakynlygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.
Şondan soňra döwlet Baştutanlarynyň Ruhyýet köşgüniň tomaşa zalyna barýarlar, şol ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy.
Dostluk konserti iki ýurduň meşhur çeperçilik toparlaryny, belli aýdymçylaryny we sazandalaryny, şeýle hem ýaş zehinlerini birleşdirdi. Ajaýyp zalda hoş owazly aýdymlar ýaňlandy, joşgunly tanslar we halk sazlary ýerine ýetirildi. Olarda mähriban topragymyzyň gözelligi we oňa bolan çäksiz söýgi, iki halkyň mizemez dostlugy wasp edildi.
Myhmanlaryň düzüminde Faruh Zakirow we “Ýalla” toparynyň agzalary ýaly meşhur artistler, halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetiriji Monojat Ýulçiýewa, aýdymçy Saidahon Mansurhojaýewa we beýlekiler has tapawutlandylar.
Sahnada liriki aýdymlar we dessanlar, halk tanslary hem-de döwrebap aýdymlar we sazlar ýerine ýetirildi. Sungat ussatlarynyň – aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar baýramçylyk maksatnamasynyň köp çykyşlaryny ör turup garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymyň Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbaýew tarapyndan ýerine ýetirilmegini tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler.
Däp bolşy ýaly, türkmen “Küşt depdi” tansy joşgunly ýerine ýetirilip, baýramçylyk konsertine özboluşly öwüşgin çaýdy. Uly üstünlige eýe bolan konsert dabara gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan ýerine ýetirilen “Dostluk aýdymy” bilen tamamlandy. Baýramçylyk konserti biziň halklarymyzyň birek-birege uly hormat-sarpa bilen garaýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Iki doganlyk halkyň arasynda hemişe şeýle bolmalydyr.
Konsert tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgüniň VIP zalynda dabaraly agşamlyk nahary berildi.
Soňra Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Türkmenabadyň howa menziline tarap ugraýar.
Howa menzilinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutany bilen mähirli hoşlaşdy. Iki ýurduň Baştutanlary ýene-de bir gezek birek-birege gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana döwlet saparyny tamamlap, Daşkende ugrady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna saparynyň maksatnamasyny tamamlap Aşgabada ugrady.