9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna Sapary

2020-nji ýylyň 4-5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň Marokko Patyşalygyna sapary boldy.

Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýetini Marokkonyň Premýer-ministri Saadeddin Osmani kabul etdi. Gürrüňdeşlikleriň barşynda döwletleriň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary, şeýle hem bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işindäki nukdaýnazarlarynyň meňzeşligi aýratyn bellenildi. Taraplar iki döwletiň we onuň halklarynyň taryhy gymmatlyklaryna hem-de däp-dessurlaryna ygrarlylyklaryny aýratyn nygtadylar. Taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-marokko gatnaşyklaryny ösdürmegiň bar bolan mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Şol günüň özünde wekiliýet Türkmenistan bilen Marokkonyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşdylar. Marokko Patyşalygynyň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Nasser Burita ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, ministr R.Meredow Premýer-ministre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşmaga iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Marokkonyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk gorlaryny ösdürmegiň wajyplygy bellenildi.

Diplomatlar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyna gyzyklanmany artdyrmakda bilelikdäki işewürler maslahatlaryny gurnamagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Medeniýet günlerini guramagy öz içine alýan, medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny geljekde hem berkitmekligi özünde jemleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler.

Şeýle hem saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Marokkonyň Mejlisiniň Wekiller Palatasynyň başlygy Habib El Maliki, Marokkonyň Geňeşçiler Palatasynyň Başlygy Hakim Benşamaş, Marokkonyň ykdysadyýet, maliýe we dolandyryş özgertmeleri ministri Mohammed Benşaabun, şeýle-de hususy pudagynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy.

Degişli makalalar

Gök Ekinleri Ýetişdirmäge Telekeçileriň Goşandy

Türkmen Maldarlary Ot-Iým Taýýarlamak Boýunça Ýyllyk Meýilnamany Ýerine Ýetirdiler

Türkmenistan Fotosuratlary 17

turkmenhabargullugy