Jemgyýetçilik guramasynyň ýanynda döredilen Türkmenistanyň Işewür zenanlarynyň merkezi bu işlere ýakyndan goldaw bermek bilen, okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirip durýar.
Işewür zenanlar üçin “Mümkinçilikler we ukyp” ady bilen geçirilen maslahata ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleri gatnaşdylar. Milli kanunçylygyň, salgyt gullugynyň hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdirliginiň agzalary maslahata gatnaşyjylary telekeçilik işleriniň esaslary bilen tanyşdyrdylar.
Maslahatda bellenilşi ýaly, biziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin amatly durmuş-ykdysady şertler döredildi. Bu babatda milli kanunçylyk, salgyt ulgamy kämilleşdirildi, döwlet kiçi we orta telekeçiligi goldamak barada ýörite maksatnamany kabul etdi, oba hojalyk önümlerini öndürijilere we senagat ulgamynyň işgärlerine ýeňilleşdirilen karz pullaryny berýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we “Rysgal” bankynyň arasynda üç taraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy. Ol hususy iş bilen meşgullanmak isleýän zenanlary goldamaga gönükdirilendir. Gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, “Rysgal” banky telekeçi zenanlar üçin karz pul ugruny açdy.
Işewür zenanlaryň merkeziniň taslamalaryna gatnaşyjy Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň telekeçi zenanlarynyň alyp barýan işleri ýaňy işe başlaýan zenan telekeçilerinde uly gyzyklanma döretdi. Özleriniň tikin, milli çörek öndürýän, haly we haly önümlerini öndürýän sehlerini, oba hojalyk önümlerini öndürýän, gül ösdürip ýetişdirýän bölümlerini açmak bilen, olar diňe bir öz telekeçilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem durmuş derejelerini ýokarlandyrmaga, maşgalanyň maddy ýagdaýyny gowulandyrmaga hem mümkinçilik aldylar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldanylmagy täze iş orunlaryny döretmäge hem uly mümkinçilikleri döretdi.
Şeýle hem maslahatyň barşynda gender deňligi boýunça hereket etmegiň Milli meýilnamasynyň amala aşyrylyşy babatda habarlar diňlenildi. Başarjaňlyk we maksada okgunlylyk, hyjuwlylyk we uzakdan görüjilik, işe wepalylyk we watany söýüjilik, ösüp gelýän ýaş nesil barada alada, maşgala däp-dessurlaryna ygrarlylyk – bular hqzirki zaman türkmen zenanlaryna mahsus bolan aýratynlykdyr. Türkmen zenanlary bu günki günde ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda barha uly orun eýeleýärler.
Irina YMAMGULYÝEWA