Dürli döredijilik, medeni çäreler hem-de sport ýaryşlary ajaýyp haly eserlerini döretmegiň gadymy däplerini dowam edýän ussat halyçy gelin-gyzlaryň ägirt uly zehinine we joşgunly zähmetine hem-de milli baýlygymyza bagyşlandy.
Gadymy halylaryň reňkleriniň solmaýşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň el hünäriniň şan-şöhraty hem ýüzýyllyklaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan köp sanly muşdaklary haýran galdyrmagy dowam edýär.
Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar ajaýyp paýtagtymyzda geçirildi. Olaryň biri — düýn Türkmen halysynyň milli muzeýinde açylan, däbe öwrülen halkara sergi halkymyzyň bu beýik sungatyna bagyşlandy.
Daşary ýurtly myhmanlaryň görkezen gymmatlyklarynyň hatarynda ajaýyp nusgawy haly önümleri, şeýle hem tikinçilik işleri bar. Olaryň hatarynda XVIII—XIX asyrlaryň türkmen halylary boýunça döredilen täze nepis nusgalyklar bar.
Şu gün “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XVII maslahaty geçirildi. Bu halkara gurama ylmy we işewür dünýäniň wekillerini, sungat eserlerini hem-de gymmatlyklary toplaýjylary, adaty höwesjeň muşdaklary birleşdirýär. Olaryň tagallalary bilen dünýäniň ençeme ýurtlarynda türkmeniň gadymy sungatynyň däpleri dowam edýär we ösýär, gözelligi hem-de kämilligi boýunça nepis el halylarynyň şöhraty artýar, belli haly gölleri gülläp ösýän Türkmenistanyň ýüzüniň tuwagyna öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, elde haly dokamak halkymyzyň taryhynyň hem-de medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata-babalarymyzyň baý mirasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we giňden ýaýmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üns merkezinde durýar. Türkmen halysy müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň taryhynyň döwürlerini, özboluşlylygyny we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öz göllerinde beýan edip geldi. Ine, bu gün hem, ýokary tehnologiýalar we täzelikler döwründe ol täze reňkleri hem-de öwüşginleri öz içine alyp, şu günüň wakalary bilen baýlaşýar, çeper şöhlelenmäniň nusgasy, gözellige baky ymtylmanyň nyşany bolmagynda galýar.
Aşgabatda geçirilýän halkara sergiler hem-de ylmy maslahatlar halyçylygyň inçe sungatyna düşünmäge, onuň esasynda duran filosofiýanyň we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni tejribesiniň çuňňurlygyna düşünmäge ýardam edýär. Olar ýurdumyzyň halyşynaslarynyň hem-de milletiň baýlygynyň daşary ýurtly wagyz-nesihatçylarynyň arasyndaky döredijilik hem-de işewür gatnaşyklaryny has-da ösdürmek we giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Forumyň barşynda dürli ýurtlardan halyçylygy ösdürmegiň taryhyny öwrenmegiň, türkmeniň özboluşly amaly-haşam sungatynyň beýleki halklaryň çeper döredijiligine täsiriniň has möhüm meselelerini gozgaýan çykyşlar beýan edildi. Çykyş edenler muzeý gymmatlyklarynda gadymy haly nusgalaryny gözlemegiň, göl-nagyşlar babatda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada gürrüň berdiler. Halyçylyk pudagyny ösdürmekde ekologiýa meselelerine, reňkleri we ýüplükleri öndürmekde kämilleşdirilen ylmy-tehniki işleri ornaşdyrmagyň wezipelerine aýratyn üns berildi.
Forumyň çäklerinde şu gün öz işini tamamlan “Türkmen halysy —gözelligiň nusgasy” atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlary we sertifikatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna kabul edilen Ýüzlenmede Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII maslahatyna hem-de halkara sergä gatnaşyjylar türkmen sungatynyň şöhratly däplerini artdyrmaga goşan şahsy goşandy we berýän goldawy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge döredilen amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Agşam “Aşgabat” konsert merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan pudagyň iň gowy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen uly konsert halyçylar, şeýle hem ähli aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy.