Unaş türkmen aşhanasynda ýaz-gyş aýlary sowuklama garşy ulanylýan milli tagamlarymyzyň biridir. Unaşy taýýarlamaklyk yhlasy talap edýär. Ilki bilen unaşyň hamyryny etmeli. Hamyryna ýumurtga garsaň has tagamly bolýar. Duzuny islegiňe görä atmaly. Ýyly suw bilen garmaly. Ondan soň ununy guýmaly. Unaşyň hamyryny gowşak etmän, gaty tutup, gowy ýugurmaly. Ýugrumy gowy ýetse tagamly bolýar. Unaş kesilende seçelenip durýar. Hamyr edip bolaňsoň demini alar ýaly biraz basyryp goýmaly. Soňra unaşyň jazyny taýýarlamaly. Gazany ataryp, içine azajyk ýag guýmaly, eti maýda dograp gowurmyşlamaly, ondan soň maýda dogralan sogany atmaly we ony hem gowurmaly. Iki sany pomidory hem daşyny artyp dograp gowurmaly. Bolgar burçuny atsaň hem özboluşly tagam berýär. Soňra gaýnag suw guýmaly. Bular ýuwaş ýanýan otda gaýnap durmaly. Bu zatlary taýýarlaýarkaň unaşyň noýbasyny hem ýuwup suwly gapda gaýnatmaly. Ondan soň demini alan hamyry ýaýmaga başlamaly. Munuň üçin ilki hamyry zowalalara bölmeli. Zowalalara bölüp, taýýarlan hamyrymyzy gaýzykmaz ýaly saçaga dolap goýmaly. Ondan soň bir-birden alyp, ýaýyp başlamaly. Hamyryny näçe ýuka ýaýdygyňça gowy bolýar. Ýaýylan hamyry ol ujundan bu ujuna çenli dolap-togalap alyp gaýtmaly, ony ýiti pyçak bilen inçe edip kesmeli. Ýaýylan hamyry ýelmeşmez ýaly unlamaly. Kesilen hamyry eliň bilen çekişdirip, başga bir gapagyň ýüzünde seçelendirip, ýaýradyp goýmaly. Unaşyň çorbasy gaýnansoň bişen noýbalary hem atmaly, duzuny görmeli we kesilen unaşy seçelendirip gazana atmaly. Gazana atylan unaşy derrew susak bilen bulamaly. Bir baş gowy gaýnansoň unaş taýýar bolýar. Burçlap, gatyklap saçaga äberibermeli. Unaşa süzmäni çalyp atsaň hem bolýar. Şeýle hem unaşa mäş atsaň hem tagamly bolýar.
Halk arasynda «Azajyk agyryny aş basar» diýen aýtgy bar. Gyş aýlary dümewläne burç atyp, gyzgynjak unaş içirilýär. Unaş işdä ýakyn tagamlaryň biri. Sowuk howaly günlerde ol has işdämenlik bilen iýilýär. Unaşyň dümewde we sowuklamada peýdasy uludyr.
Çeşme: https://medeniyet.gov.tm/