Zenanyň ezberlik bilen bişirýän unaşy müň bir derdiň dermany. Şonuň üçin türkmen aga hele-müçük ýoňlamanyň habaryny alyp durmaz. «Keýwany, hany bir burçluja unaş bişirsene!» diýer. Böwri gara noýbalyja, ajyja unaş, göräýmäge, artykmaç zähmeti talap etmeýän ýalydyr. Ýöne milli tagamyň asyrlarboýy halkymyzyň höregine öwrülip gelmeginiň öz sebäpleri bar. Ol syr hem, ilkinji nobatda, gelin-gyzlaryň unaşa mähir-yhlasyny siňdirip bişirmegi, aşlyk hamyryň ýugrumyny ýetirmegi, aş tagtanyň uly, pyçagynyň kesgir, urbasynyň ýeterlik bolmagy bilen baglydyr. Her ýyl zenan maşgalalaryň, talyp gözelleriň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň sanawynda unaş kesmäge aýratyn üns berilmegi, milli naharlarymyz sergilenende, unaşa mynasyp baha goýulmagy, bu naharyň aňrybaş derejä ýetirilendiginiň mysaly. Milli tagamymyz bolan unaşyň hormatyna ýurdumyzyň gündogar etraplarynyň käbirinde gadym döwürlerden bäri «Gelin toýunyň» çäklerinde «Unaş toýy» dessury saklanyp galypdyr. Has dogrusy, Diýarymyzyň dürli ýerlerinde täze gelne ik egirdip, keteni dokadyp, synap gören bolsalar, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Garabekewül şäherinde we onuň töweregindäki Lamma, Akdepe, Bürgüt, Guraýyş ýaly obalarda gelniň biş-düşe ökdeligini ýa-da köseligini synamak üçin, hamyr ýugurdyp, köpçüligiň öňünde unaş kesdiripdirler. Halal ojagyny, kendirigidir saçagyny gelnine ynanýandygyny dürli toý dessurlarynyň üsti bilen köpçüligiň öňünde ykrar edipdirler. Täze gelniň kesen unaşyny synlap, onuň öz hyzmaty bilen diňe bir öý-içerisiniň däl, eýsem, bütin syrgynyň, obanyň, dogan-garyndaşyň hem nanly-aşly bolmagynda täsiriniň uly boljakdygyna göz ýetiripdirler.
Toýuň tarypyny ýetirýän dili çeper zenanlar: «Toý diýilse, goýnuň gury kellesi togalanarmyş» diýişýärdiler. Çagalyk äm-sämligi: «Goýnuň kellesem bir togalanarmy?!» diýdirse-de, ulalyp, halkymyzyň bir-birinden gyzykly toý däp-dessurlaryna gatnaşyp, ol jümleleriň türkmeniň özi ýaly gadymy hem-de baý many-mazmuna eýedigine göz ýetirýärsiň. Asyl görüp, şaýat bolup otursak, halkymyzyň ruhy-ahlak ahwalatlarynyň ýazgysy bolan türkmen toýlarynyň ählisi biri-birinden zyýada ekeni. Toý sesi gulaga ildigi, aýratyn bir höwes bilen taýýarlanmagyň özi nämä degmeýär! Toý eýeleriniň ýakynlary eýýäm sähedi alnandan, toýa gatanç etmegi, deňli-derejeli gatnaşmagy arzuwlap başlaýarlar. Aýratyn-da, ýaş gelin-gyzlar owadandan-owadan lybas tikinip, milli nagyşlar bilen bezäp, besleýärler. Döwletmen eneler atgulaklaryny jübütläp, içi gatlamalydyr ýagly petirli, külçelidir kökeli saçaklaryny goltuklap, toýa gelýärler. Gelin agtyklarydyr ulugyzlaryny yzyna tirkäp, ýol görkezýärler.
Ýagşy günleriň bildirgisiz geçişi ýaly, toý gününiň nädip gelenini hem duýman galarsyň. Ol arzyly gün ýakynlaşdygyça, şatlyk-şagalaňa juda döwtalap zenan maşgalalaryň aladasy artýar. Şeýdip, agzybirlik bilen «süýjülik tikiler», halat geçiriler. Çeper edebiýatda ýöne ýere «Görogly beg Öwez ogluny öýerip, ýedi gije-gündiz uludan toý tutdy» diýilýän däldir. Bu halkymyza mahsus «Gelin toýunyň» gadymy ýazgysydyr. Toýa birki gün galanda, eýýäm gelin edinýän ýerde şatlyk-şowhun başlanar. Geňeş diýler üýşüler: toýuň beýemçileri, böwürçileri, keýwanylarydyr atbaşçylary, aşpezleridir çaýçylary belli ediler. «Ýalan çelpek» diýler-de, ýakyn garyndaşlary üýşüp gelip, ýetmedigiňi ýetirip, bitmedigiňi bitirerler. «Çyn çelpek» güni bolsa, toýuň tomaşasy has aňyrdandyr. Öňler «Çelpek syryp toýlaryňda» diýip, bu gadymy däp-dessury has arzylan zenan maşgalalar, çelpekçi ene-mamalar ýatlanar, ruhuna doga-dileg ediler. Ökde zenana mydama çelpeklik hamyr ýugurmak ynanylar. Oňa zuwala böldürerler. Kagyz ýaly ýukajykdan ýaýdyrarlar. Kakabaş ýigitler şowhuny has artdyrmak üçin, gelnejeleriniň toý gazanyndan syran çelpeklerini alyp gaçarlar.
Toý gününiň şatlyk-şowhunyny bolsa görmäge göz gerekdir. Atbaşçy, gelnalyjy, agşamky dabara, toýdan soňky guşak çözdürmedir ädik çykartmagyň özi ynsan kalbyny saz bilen söhbede, näzik duýgulara, ýaşlygyň müň bir joşgunly ýatlamalaryna beslär. Şunça dabarany, däp-dessury sanaňda, uzyn sana ýetäýer. Ýöne ynsana lezzetdenem, hezzetdenem ganma ýok. Aýratyn-da, ýürekleri ýüpek, göwünleri gül, arzuwlary alöýme, niýetleri nagt hasaplanýan zenan maşgalalara. Toý gününiň ertesi olar ýene üýşüp gelerler. Gelne baş salnar, getiren sepi synlanar, gaýyn toparlaryna niýetlenen sowgatlar gözden geçiriler. Düýbi-teýi bir çeşmeden nemlenen halkymyzyň müň öwüşginli milli mirasynyň gory munuň bilen egsiler ýaly däldir. Ol tutuş türkmene mahsus däp-dessurlar bilen bilelikde ýaşaýan ýeriniň tebigy aýratynlyklaryna, uzak asyrlaryň dowamynda duz-emek bolup oturan goňşy halklaryň täsirine görä-de, juda baý we köptaraplydyr. Ýurdumyzyň gündogar etraplarynda «Gelin toýunyň» çäklerinde, toý gününiň ertesi geçirilýän «Unaş toýy» dessury hem şeýle köptaraply, gyzykly we baý mazmunly toý däpleriniň biridir.
Ilki-ilkiler bu däp täze gelen gelne unaş kesdirmek arkaly döräpdir. Onuň hamyr-petire ökdeligini synamak hem-de milli unaş tagamyny kämilleşdirmek üçin halkyň aňyna siňip galan bu dessur häzirki günlerde has şowhunly dowam etdirilýär. Bu däp-dessur türkmen zenanynyň tygşytlylyk ýörelgelerini aňrybaş derejä ýetirip bilýänliginiň güwäsidir. Toý gününiň ertesi gelniň ýany bilen kejebede ýoldaş bolup gelen ýeňňesi gaýtarylýar. Ýeňňäniň hem-de gyzy bakyp-bejeren enäniň sagbolsuny hökmünde «ene saçak» we «ýeňňe saçak» diýlip atlandyrylýan goşa saçagy taýýarlaýarlar. Işe werziş goňşy gelinler üýşüp säher bilen toý ýerine gelýärler. Saçaklara salynjak gatlamalyk we ýagly petirlik hamyrlary uly jamlarda ýugurmaga durýarlar. Şeýle ýagdaýlarda şahandaz gelinleriň gülküleri daş ýarýandyr. Düýnki bolup geçen wakalary ýatlaşyp, biri-birine degşip-gülşüp hezil ederler. Şeýdip, olar günortana galyp-galman otuza golaý ýagly petiri, ýüze golaý gatlamany ýaglap, bişirerler. Olaryň arasynda goňşy ýaşaýan Bike daýzanyň gelni Gülnar aýratyn degişgendir. Ol jorasy Marala ýüzlenip: «Uny gysganman guýuň, hamyry köpräk ýugruň, her saçaga kyrk-kyrkdan salynjak bolsa, özümize-de çagalar bilen iýmäge gatlama gerekdir. Gyzylgül goňşynyň eliniň açyklygynda hor bolsak, özümizden göreris» diýip, jak-jaklap güler. Saçaklyk hamyrlardan soň unaş kesmek üçin aýratyn hamyr garylar. Oňa syrgynyň hormatlanýan ýaşulusy Öwez aganyň Çary oglunyň gelni gaty ökdedir. Ol öňlügini dakynyp, hamyr ýugrar, ýugrumyny ýetirer, zuwala böler, urbalar. Kesen aşy edil gulaç ýaly bolar durar. Ýeňňe gaýdyp gitmänkä, onuň hatyrasyna geçiriljek bu dessur üçin aşpezler ir säher bilen gazan atarandyrlar. Ene saçagyna salynjak tutuş goýnuň eti bireýýäm sowadylyp, aýratyn saçaga dolanandyr.
Täzeje dowar etinden gaýnap bişen çorba diýseň süýji bolýar. Onsoňam, toý güni iýlen juda tagamly, ýagly, güýçli naharlardan soň, gatyklyja unaşyň lezzeti başgadyr. Unaş kesilenden soň, çalaja sowan çorbaly gazanyň aşagyna täzeden lowurdadyp ot ýakarlar. Çorba gaýnandan hem elege salnyp, urbadan saplanan aşy tagtalaryň üstüne ýaýradyp, ojagyň başyna getirerler. Keýwany zenanlaryň biri gaýnap duran çorba laýyklapjyk aş atar. Bir tagtanyň üstündäkiler gutaransoň, agaç çemçesini gazanyň içinde ýüzdürip, barlap görer. Aş juda goýy bolsa-da, halanýan däldir. Şonuň üçin ol çorbasyna göräräk atylar. Aş bir gaýnandan bişer-de, çorbanyň ýüzüne çykar. Ýaş gelin-gyzlar myhmanlary garaşdyrman, hyzmat ederler. Naz-nygmatly desserhanlaryň başyndaky goňşy-golamdyr dogan-garyndaşlaryň öňüne ýanynyň ajy burçy, sarymsaklyja gatygy bilen unaş çekerler. Nahara töwir galdyrylyp, ýaş çatynjalara agzybirlik, ysnyşykly, bagtly durmuş dileg ediler. Elmydama il-ulsuň saçaklarynyň mele-myssyk çörekden, kendirikleriniň ak undan, gazanlarynyň aşdan dolup durmagy arzuwlanar.
“Zenan kalby”
Çeşme: http://metbugat.gov.tm/