6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DÜNÝÄ

Ýüpek ýolunyñ Dünýäniñ medeni miras sanawyna

Taryhy Ýüpek ýolunyñ UNESCO-nyñ Dünýäniñ medeni miras sanawyna alynmagy üçin uly tagalla edilýär.

Bu çäkde Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda ýygnak geçirilýär.

Ýygnaga 11 ýurduñ wekili bilen UNESCO_nyñ ýolbaşçylary gatnaşýar.

Ýüpek ýolunyñ Dünýäniñ medeni miras sanawyna alynmagy baradaky teklip Türkmenistan, Hytaý, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan tarapyndan 2009-njy ýylda Hytaýda geçirlen ýygnakda gün tertibine getirlipdi.

İki ýyl soñ Türkmenistanyñ, Hytaýyñ, Owganystanyñ, Ýaponiýanyñ, Eýranyñ, Gazagystanyñ, Günorta Koreýanyñ, Gyrgyzystanyñ, Nepalyñ, Täjigistanyñ we UNESCO-nyñ wekilleri bu gezek Aşgabatda duşuşdy.

UNESCO_nyñ Dünýäniñ medeni miras komitetiniñ başlygy Françesko Bandarin ýygnaga gatnaşyjylara ugradan ýüzlenmesinde taryhy Ýüpek ýolunyñ diñe bir söwda ýolu däl, eýsem medeniýetleriñ arasynda diýalog köprüsi bolandygyny nygtady.

Ýüpek ýolunyñ Dünýäniñ medeni miras sanawyna alynmagy baradaky teklip kabul edilen halatynda taryhy Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşýän merkezler gorag astyna alynar.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Aşgabatda Palestina Döwletiniň Ilçihanasy Açyldy

turkmenhabargullugy

Bildiriş

Fijide Baş Assambleýa Geçirildi