9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
DURMUŞ

Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy..

27-nji sentýabrda 1979-njy ýylda Ispaniýanyň Torremolinos şäherinde Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş Assambleýasynda esaslandyrylan halkara baýramçylygy—Bütindünýä syýahatçylyk güni bellenilýär.

Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpler we olaryň özboluşlylygy Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlarydyr. Bular ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesini ýokarlandyrmagy dünýä syýahatçylyk bazarynda barha derwaýys orny eýelemegini şertlendirýär.

Bir wagtda Parfiýa şalarynyň mekany bolan Köne Nusaý, orta asyrlarda Gündogarda şöhrat gazanan görnükli alymlar Biruni, Abu Aly ibn-Sina ýaly şahsyýetleriň durmuşy bilen baglanyşykly bolan Köneürgenç dünýäniň jahankeşdeleriniň ýygy-ýygydan syýahat edýän künjegine öwrüldi. Orta Aziýada iň beýik binalaryň biri bolan Gutlug-Timur (XIV a.) minarasy, şanyna ajaýyp rowaýt düzülen Törebeg hanymyň aramgähi ajaýyp binagärlik ýörelgelerini özünde jemläp häzirki günlere çenli saklanypdyr.

Gündogarda antik medeniýetiniň iri ojaklarynyň biri bolan Gadymy Merw köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu künjekdäki ýadygärlikleriň iň gadymylarynyň biri Erikgaladyr. Onuň 2500 ýyldan gowrak ýaşy bar. Şeýle hem Soltan Sanjaryň aramgähi Türkmenistanyň taryhynyň özboluşly nyşany bolup durýar.

Badhyzyň gaýtalanmajak giňişlikleri, Repetegiň owazly çäge alaňlary, Köýtendagyň ertekä kybapdaş künjekleri, Hazaryň “guş bazary”-bularyň hemmesi türkmen tebigatynyň janly kitabynyň ajaýyp sahypalarydyr. Şeýle hem bular täsinlikleri öz gözleri bilen görmegi söýýän jahankeşdelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.

Häzirki döwürde Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmeklige aýratyn üns berilýär. Bu ýerde türkmeniň behişdi mekany ýaýbaňlandyryldy. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda hyzmatlaryň we amatlyklaryň häzirki zaman derejesini özünde jemleýän we talapkär syýahatçylaryň şypahana hyzmatlary boýunça ähli isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply halkara derejesindäki şypahana-dynç alyş merkezi kemala gelýär.

Bu aýdylanlar Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň esasyny düzýän hem-de bu ulgamda işjeň döwlet-hususy telekeçiliginiň halkara derejesindäki hyzmatdaşlygynyň binýady bolup hyzmat edýän iň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň diňe käbirleridir. Bularyň ählisi ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edip, ýene-de täze taslamalary döretmäge we durmuşa geçirmäge şert döreder.

“Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasynda” bu ulgam boýunça durmuşa geçirilýän işjeň döwlet syýasaty öz beýanyny tapdy.

Maksatnama innowasion toplumlaýyn häsiýete eýedir. Ol, birinjiden, syýahatçylyk ulgamynda häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň we guramaçylykly çemeleşmeleriň kemala gelmegini goldamaga gönükdirilendir, ikinjiden bolsa ulag, aragatnaşyk, söwda, gurluşyk, oba hojalygy, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi ýaly milli ykdysadyýetimiziň ugurlaryny höweslendirmekden ybaratdyr, üçünjiden, tebigatdan netijeli peýdalanmagy, medeniýeti ösdürmegi we milli özboluşlylygy saklamagy, taryhy mirasyň nesilden-nesle geçijiligini üpjün etmegi şertlendirýär.

Bu çözgüdiň kabul edilmegi bilen ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça strategiýany durmuşa geçirmegiň täze tapgyry başlandy. Onda döwletimiz bu pudagy ösdürmek, ulgama kiçi we orta telekeçiligi çekmek üçin hukuk hem-de ykdysady usullaryň döredilmegini özünde jemleýän jogapkärçiligi öz üstüne aldy.

Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň köp görnüşliligini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylygynyň öňe gitmegini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrylan işleriň esasy ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esasy utgaşdyryjy we jogapkär edara hökmünde özbaşdak pudagyň-Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň döredilmegi bilen bu ulgamda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegi döwlet tarapyndan kadalaşdyrmakda we höweslendirmekde düýbünden täze ýörelgeler ýola goýuldy.

Syýahatçylygyň maddy we ykdysady binýadyny ösdürmek, ozal bar bolan syýahatçylyk desgalarynyň durkuny täzelemek we täze binalary gurmak, pudakda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak bu konsepsiýanyň esasyny düzýär. Daşary ýurtlardan gelýän jahankeşdeleriň sanyny artdyrmak, ýurduň syýahatçylyk boýunça özüne çekijiligini kemala getirmek, ykdysady, hünärmen hem-de düzümiň ösüşiniň durmuş ulgamlary, şeýle hem olary hasaba almak, gorap saklamak, abatlamak hem-de tebigy, arheologik we taryhy-medeni, dikeldiş-bejeriş, desgalary abadanlaşdyrmak Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeginiň esasy wezipeleri bolup durýar.

Maksatnamalaýyn çäreleriň ulgamy Türkmenistanyň tebigy, taryhy we medeni desgalarynyň örän köp ugurlaryny öz içine alýar. Ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan, Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Baýramaly, Farap ýaly dünýä belli şypahanalardan başlap, Gadymy Nusaýyň, Dehistanyň, Köneürgenjiň, Köýtendagyň, Gadymy Merwiň we dünýä giňden belli bolmadyk, ýöne örän ajaýyp serişdelere baý bolan künjeklere çenli ähli ýerleri öz içine alýar. Bu ugurda Türkmenistanyň myhmanhana-syýahatçylyk toplumyny kemala getirmäge welaýatlaryň we etraplaryň täze çäklerini, ilatly ýerleri we tebigy zolaklary, şeýle hem entek bu ulgama girizilmedik künjekleri goşman göz öňünde tutýar. Munuň özi biziň ýurdumyza gelýän myhmanlara taryhymyz, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz we halkymyzyň ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik berer. Syýahatçylygyň bilim, sagaldyş, daşky gurşaw, ylmy, wakalaýyn we beýleki görnüşleriniň ösdürilmegi, kiçiräk şäherlere we merkezden uzakda bolan obalara, Garagum sährasyna ýa-da Amyderýanyň kenaryna, dag belentliklerine we jülgelere guralýan syýahatlaryň ösdürilmegi sebitleriň deňeçer ösdürilmegini şertlendirer. Bu ýerde çeper usullaryň, halk senetkärçiligiň, telekeçilik işiniň, şol sanda sowgatlyk önümleriň önümçiligi, jemgyýetçilik iýmiti we gurluşyk boýunça işleriň täzeden galkynmagy üçin höweslendirmeler dörär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň iş tejribesinde ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeler üçin niýetlenen syýahatçylyk ugurlarynyň 150-den gowragy hereket edýär. Şeýle hem täze ugurlary işläp taýýarlamak we ozal hereket edýän desgalaryň üstüne täzelerini goşmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Köýtendag etrabynyň ajaýyp künjeklerinde, Garagum sährasynda, Sumbar jülgesinde we beýleki ýerlerde şular ýaly işler has-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Türkmen folklory, saz mirasy, halk tanslary, gadymy dessurlary, milli aşhananyň aýratynlyklary we däpleri bilen tanyşdyrmak arkaly ýola goýulýan syýahatçylyk gezelençlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, bularyň hemmesi pudagyň maddy binýadynyň kämilleşdirilmegini, täze döwrebap myhmanhanalaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurulmagyny we hususy telekeçileriň işini höweslendirmek arkaly olaryň giňden çekilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda syýahatçylar üçin has özüne çekiji bolan täze myhmanhanalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Meselem, “Kowata” döwlet syýahatçylyk kärhanasyny 2013-2014-nji ýyllarda giňeltmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ähli zerur bolan düzümi- çaýhanany, söwda nokatlaryny, sowgatlyk önümleri satýan dükanlary, awtoduralgany özünde jemleýän üç ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygy meýilleşdirildi. Şeýle hem onuň çäklerinde Kowata ýerasty kölüniň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak göz öňünde tutuldy.

“Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasy hem edil şonuň ýaly derejede abadanlaşdyrylar. Şeýle hem bu ýerde syýahatçylar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän ugurdaş desgalar bina ediler.

2013-2016-njy ýyllar aralygynda “Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň düzümini düýpli özgertmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylar. Ol ýerde ähli beýleki zerur desgalar bilen bir hatarda, bu ýere gelýänler üçin amatly kempingler gurlar. Şunuň ýaly işleriň çäklerinde degişli pudaklar bilen bilelikde, demirýoluň Balkanabat-Dehistan bölegini abatlamak işleri göz öňünde tutulýar.

2015-nji ýyla çenli Daşoguz şäherinde 250 orunlyk dört ýyldyzly myhmanhanalar toplumy, şeýle hem “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda uly bolmadyk myhmanhana gurlar.

Serdar we Bereket şäherleriniň aralygynda göze gelüwli türkmen obasyny şekillendirýän özboluşly etnografik şäherjik gurmak meýilleşdirilýär. Ol ýerde türkmeniň ak öýlerinden başga-da, halkymyzyň gadymy durmuş ýörelgeleri beýan ediler. Häzirki zaman kempingleri, çaýhanalary we beýleki desgalary gurlar. Ol ýerde myhmanlara diňe bir gadymy senetkärçilik, milli zergärçilik sungaty ýa-da halyşynaslyk däpleri bilen tanyşmaga däl, eýsem, olara gadymy ýörelgelere laýyklykda türkmen aşhanasynda taýýarlanan tagamlardan dadyp görmäge, at üstünde ýa-da düýelerde gezelenç etmäge, sportuň çylşyrymly görnüşleriniň muşdaklary üçin bolsa motosikllerde we awtoulaglarda Garagumuň çägelerinde ýokary tizlikde syýahat etmäge mümkinçilik dörediler.

Maksatnamada birnäçe ilatly ýerleri we sebitiň belli syýahatçylyk künjeklerini baglanyşdyrýan ulag ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ilkinji nobatda pyýada gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar üçin zerurdyr. Şeýle hem ýol ugurlarynda olaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli zerur şertler dörediler. Şunuň ýaly ajaýyp şertler Farap-Hojambaz-Köýtendag-Garlyk-Gaýnarbaba ýollarynyň ugurlarynda hem dörediler. Ol ýerlerde amatly kempingler, çaýhanalar, dükanlar we oňaýly telärler bina ediler.

Şu ýylyň ýazynda Köýtendagy öwrenmäge bagyşlanan halkara ekspedisiýasyna gatnaşan dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynda bu ajaýyp künjegiň entek belli bolmadyk taraplary uly gyzyklanma döretdi.

Hünärmenler tarapyndan geçirilen barlaglar Köýtendaga türkmen tebigatynyň iň bir nusgawy künjekleriniň biri, adam eli degrilmedik we alymlaryň barlaglary, şeýle hem bu ýerde ekologiýa syýahatçylygyny döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýän mekan hökmünde baha berildi.

Şu maksatlar bilen Köýten obasynyň ýanynda 50 orunlyk, üç ýyldyzly myhmanhana gurlar. Ol ýerdäki köl we onuň ýanaşyk ýerleri gezelenç etmek, balyk tutmak we dynç almak üçin göwnejaý derejede abadanlaşdyrylar. Il arasynda kükürtli çeşmesi bilen meşhur bolan Gaýnarbabada bolsa uly bolmadyk, ýöne häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän şypahana gurmak meýilleşdirildi.

Bu künjek ekologiýa, ylmy, geologik, taryhy we medeni gatnaşyklar babatda uly gymmatlygy özünde jemleýär. Ol ýerdäki täsin gowaklar we dinozawrlaryň aýak yzlary tebigy ýadygärlik hökmünde döwlet derejesine eýe boldy. Alymlaryň barlaglary bu sanawa Köýtendagyň tebigy desgalarynyň Umbardere şarlawugy, “Kyrk gyz” gowagy, Ketdeköli, mukaddes unabi jeňňelligi ýaly 28 sany täsin künjegi goşmaga mümkinçilik berdi.

Bu ýerde syýahatçylygy ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, bu ajaýyp desgalary abadanlaşdyrmak, şol sanda “Kyrk gyz” gowagyndan dinozawrlaryň aýak yzlaryna çenli bolan aralyga asma tanap ýoluny çekmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ýörite düzülen meýilnamanyň çäklerinde “Köýtendag” döwlet goraghanasynda tebigat muzeýini, Daraýydere jülgesinde alpinizm merkezini, Köýtendagyň täsin gowaklaryna syýahatçylaryň baryp bilmegi üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem olaryň howpsuz hereket etmekleri (basgançaklary we ýodalary gurmak, has çylşyrymly ýerlerde ýörite belgileri oturtmak) üçin giň möçberli işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Bu işler ýakyn 2-3 ýylyň dowamynda ediler.

Ýakyn geljek döwürde Lebabyň taryhy ýadygärliklerini abatlamak göz öňünde tutuldy. Olaryň hatarynda serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň adyny göterýän Garabekewül etrabyndaky gala, Köse guýy we Halaç etrabyndaky Idrisbaba medresesi, Alamberdar aramgähi we Atamyrat etrabyndaky Astana-baba binagärlik toplumy, şeýle hem Birata etrabyndaky Daýahatyn kerwensaraýy bar.

“Repetek” döwlet biosfera goraghanasy hem-de onuň muzeýi tehnologik taýdan abatlanylar we onuň gaznasynyň üsti ýetiriler. Türkmen sährasynyň täsin künjeklerini aýawly saklamakdan başga-da, ol ýerlerde düýelerde we atlarda gezelenç etmegi guramaga mümkinçilik dörär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly ägirt uly meýilnamalar düzüldi. Ol ýerde täze myhmanhanalar, şypahanalaryň, maşgala üçin niýetlenen kottejleriň gurluşygy bilen bir hatarda, wagtyňy hoş geçirmek üçin ýörite düzüm kemala gelýär. Şeýlelikde, Awazada ýakyn wagtlarda şüweleň merkezi we okeonariumy bolan akwapark, kiçi awtosport bilen meşgullanmak üçin karting merkezi, golf meýdançasy, şeýle hem supermarketler, kinoteatrlar gurlar. Geljekde bolsa bu ýerde ýaht-klublar, daýwing we windeserfing merkezleri we beýlekiler açylar.

Bu taslamany üstünlikli durmuşa geçirmekde toplanan tejribäniň esasynda häzirki döwürde ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde syýahatçylyk ulgamyny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

“Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasynda” ýurdumyzyň içinde we halkara derejesinde ulag ugurlaryny ösdürmegiň meseleleriniň esasy orun eýeleýändigini bellemeli. Bu babatda dürli döwlet edaralarynyň, guramalaryň we düzümleriň halkara hem-de içerki uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen bir hatarda, täze howa we demir ýol gatnawlarynyň açylmagy boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek ýaly wezipeler öňde goýuldy.

Meselem, Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birikdirýän demir ýoluň gurluşygy tamamlanansoň ýerüsti ulag arkaly gezelenç etmegi söýýän jahankeşdeler üçin giň mümkinçlikler açylar. Hususan-da, demir ýol ugurlarynyň kömegi arkaly Ýewropa, Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen giriş-çykyş syýahatçlygyny ösdürmek meýilleşdirilýär.

Ýygjam pudagara hyzmatdaşlygy netijesinde işlenip taýýarlanylmaly möhüm meseleleriň ýene biri halkara tejribelerine laýyklykda daşary ýurtly syýahatçylara çakylyklary we wizalary resmileşdirmek boýunça işleriň kämilleşdirilmegi bolup durýar.

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasynda Türkmenistan bilen Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, syýahatçylyk ulgamyndaky hökümetara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlarda guralýan sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we beýleki pudaklaýyn halkara çärelerine yzygiderli gatnaşylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem maksatnamada syýahatçylyk ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ýörite okuwlary guramak we Fransiýa, Ispaniýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň myhmanhana işini öwrenmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz syýahatçylygy ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, bu pudagyň diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, bütin dünýäde özüneçekiji syýahatçylyk ýurdy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmäge mümkinçilik berjekdigini nygtaýar.

Dürs meýilleşdirilen we netijeli guralan syýahatçylyk häzirki döwürde iň bir giňden talap edilýän ulgamlaryň biri bolup durýar. Şunlukda, sarp edijilere ähli zerur bolan hyzmatlary ýerinde hödürlemek we baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak boýunça degişli düzümiň kemala gelmegi zerur bolup durýar. Syýahatçylyk ulgamy beýleki hojalyk pudaklaryna garanyňda tebigy, medeni-taryhy ýerleriň asyl keşbiniň, amatly daşky gurşawyň, şeýle hem häzirki zaman binagärlik ajaýyplyklarynyň goralyp saklanmagyna, biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň gözellikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän pudakdyr. Şu ýerde hem syýahatçylygyň ajaýyp höweslendiriji, has-da utgaşdyryjy tarapy aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu pudagyň ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna we jemgyýetiň durmuşynyň dürli talaplaryna uzakmöhletleýin höweslendiriji täsiri bardyr. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde biziň döwletimizde bu pudaga innowasion ösüş, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň medeni özboluşlylygy jähetinde has-da aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýlelikde, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýahatçylyk ulgamyndaky täze döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrlarynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan we oňyn dünýä tejribesine, Türkmenistanyň mynasyp we çynlakaý hyzmatdaş hökmünde ählumumy bazara goşulmagyna gönükdirilen düýpli başlangyçlarynda pudagy ösdürmek boýunça goýlan binýat pugtalandyrylýar we iş ýüzünde üsti ýetirilýär.

Şu nukdaýnazardan, ozaly bilen, Türkmenistanyň işjeň halkara gatnaşyklaryny alyp barýandygy bilen baglanyşyklykda häzirki wagtda jahankeşdeligiň iň okgunly ösýän hem-de örän peýdaly görnüşleriniň biri bolan işewürlik syýahatçylygy hem göz öňünde tutulýar. Wakalar syýahatçylygy diýlip atlandyrylan jahankeşdelik syýahatçylygyň ýene bir möhüm görnüşi bolup, ýurdumyzda daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda yzygiderli geçirilýän sungat festiwallarynyň, şeýle hem köp sanly daşary ýurtly myhmanlarynyň gatnaşmagynda şanly seneler mynasybetli guralýan umumymilli baýramçylyklaryň hem syýahatçylygyň bu görnüşini ösdürmekde ähmiýeti uludyr.

Bir söz bilen aýdylanda, häzirki wagtda Türkmenistan bütin dünýä üçin öz syýahatçylyk keşbini täzeden açyp, Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden ülkämize gelýän jahankeşdeleri “Hoş geldiňiz!” diýip mähirli garşylaýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Parahatçylygyň, Howpsuzlygyň we Durnuklylygyň Bähbidine Hyzmatdaşlyk

syrach

Şekillendiriş Sungaty Muzeýiniň Sergisinde Ahal-Teke Bedewleriniň Waspy

“Mosfilmiň” Türkmenistandaky Günleri

syrach