8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Ýurdumyzyň Ýaşulularynyň Iş Duşuşygy

Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisiniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň ýaşuly nesliniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan umumymilli maslahatynyň dabaraly mejlisine taýýarlyk görmek meseleleri girizildi.

Mälim bolşy ýaly, Ýaşulularyň maslahaty  türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň esasy institutlarynyň biridir, onuň döreýiş taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzalyp gidýär. Gadymdan bäri türkmen halky ýaşululara çuňňur hormat goýýar, olaryň baý durmuş tejribesine ynanýar, hormat – sarpa mynasyp bolan ildeşlerimizi parasatly maslahatlaryna gulak salýar. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gaýtadan dikeldilen bu gadymy demokratiki däp häzirki türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda mynasyp orun eýeledi. Täze derejä eýe bolan Ýaşulularyň maslahatynyň her bir mejlisi hakyky umumymilli möçberdäki foruma öwrülýär. Onuň garamagyna döwlet ähmiýetli meseleler girizilýär. 

Häzirki döwürde dünýä bileleşiginde hakyky halk häkimiýetiniň bu edarasy   ýurdumyzda demokratiýanyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine saldamly goşant goşup, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, ýaşlary hakyky watançylyk ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýar. Türkmenlerde gadymy döwürlerde dörän hem-de milli medeniýetiň özboluşlylygyny şöhlelendirýän Ýaşulularyň maslahaty jemgyýetde şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden iň belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny berkitmekde hem möhüm orun eýeleýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli halklar bilen dostlukly gatnaşyklara we döredijilige ymtylmak ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar we ýörelgeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň,  onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň esasyny düzdi. Mälim bolşy ýaly, bu täsin halkara – hukuk derejesi dünýä tejribesinde ilkinji gezek biziň ýurdumyza 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde kabul edilen ýörite Kararnama esasynda berildi. 

Ýaşuly nesliň wekilleri, türkmenistanlylaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän hem-de halkara giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyny şertlendiren oňyn daşary syýasat strategiýasyny biragyzdan goldaýarlar. Türkmen döwletiniň 20 ýyl mundan ozal saýlap alan ýoly hakyky taryhy we ykbalçözüji   waka öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplyk derejesini yzygiderli durmuşa geçirip, diňe bir sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, özara ynanyşmagy üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolmak   bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkezleriniň hem biridir. Şu ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ýurdumyzyň Bitaraplygy hakynda ýene-de bir Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Halkara derejesinde bellenilýän şanly waka mynasybetli 2015-nji ýyl Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli teklibi geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşanlar tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şu iş duşuşygynyň barşynda ýygnananlar öňümizdäki umumymilli forumyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, türkmen Bitaraplygynyň sebit we halkara syýasatynyň täsirli guraly bolup durýandygyny hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi, türkmen halkynyň häzirki we guljekki nesilleriniň abadan we bagtyýar durmuş üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Şu gün duşuşyga gatnaşyjylar düýn, 2-nji dekabrda açylan paýtagtymyzdaky täze seýilgäh toplumyna baryp gördüler. 784 müň inedördül metr meýdany eýeleýän bu seýilgäh Aşgabat şäheriniň günorta böleginde ýerleşýär. Şol ýerde paýtagtymyzyň döwrebap dolandyryş – işewürlik hem-de medeni merkezi kemala gelýär. Bu taslamany durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de landşaft – seýilgäh bezeginiň  özboluşly çözgütleri ulanyldy. Bu ýerde raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almagy hem-de boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin oňaýly şertler döredildi – köpsanly saýaly we pürli agaç nahallary oturdyldy, bezeg gülleri ekildi, gezelenç etmek üçin ýodajyklar çekildi, dürli oýunlar üçin ýörite açyk meýdançalar döredildi. Ýaşuly nesliň wekilleri täze seýilgähde uly höwes bilen gezelenç etdiler. Bu seýilgäh türkmen paýtagtynyň gözel görküne görk goşup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýylyk baýramynyň öňüsyrasynda onuň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna ajaýyp sowgat boldy. 

Degişli makalalar

“Demokratiýa we Hukuk” Žurnalynyň Nobatdaky Sany

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Döwlet Bilen Halkyň Jebisligi Eziz Diýarymyzyň Rowaçlygydyr

turkmenhabargullugy

„Daşoguzsyýahat“ Tanymal Bagşylaryň Ady Bilen Baglanşykly Ýerlere Syýahat Guraýar