8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumlarynda at…

Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň atçylyk-sport toplumlarynda at çapyşyklarynyň ýazky möwsümi açyldy. Şu mynasybetli bütin dünýäde meşhur ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanda gadymy däplere we ägirt uly meşhurlyga eýe bolan at çapyşygynyň janköýerleriniň müňlerçesi “Behişdi bedewlerimiziň” ýyndamlygyna uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumlarynda aýdym-tans toparlarynyň hem-de bagşylaryň we ýaş türgenleriň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça maksatlaýyn çäreler, şeýle hem ähli welaýatlarda häzirki zaman, halkara ülňülerine laýyk gelýän we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen atçylyk-sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi şol syýasatyň durmuşa geçirilmeginiň anyk miwesidir. “Behişdi bedewlere” belet we ýokary baha berýän, şeýle hem ajaýyp atşynas bolan milletiň Lideriniň başlangyjy bilen atçylyk sportuny we at çapmagyň milli sungatyny ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge uly üns berilýär.

Bu babatda Milli syýahatçylyk we sport institutyna hem-de ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine aýratyn orun degişlidir, şolaryň täze binalarynyň golaýda bolan açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Indi talyplar ýörite zallarda oturdylan, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak üçin niýetlenilen häzirki zaman sport esbaplarynda we enjamlarynda türgenleşmek bilen alan bilimlerini iş ýüzünde özleşdirmäge mümkinçilik aldylar.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginde TDH-a habar berişleri ýaly, ýazky at çapyşyklarynda “Açylyş”, “Seýdi”, “Görogly”, “Gelşikli”, “Polatly”, “Meleguş”, “Gülsary”, “Garader”, “Garaly”, “Toparbaý” ýaly däp bolan baýraklar, şeýle hem Türkmenistanyň şöhrat gazanan atşynaslarynyň hormatyna goýlan baýraklar ugrunda bäsleşik geçiriler. Iki ýaşar bedewler üçin ýörite “Synag” baýragy döredildi. Olar şu ýazda ilkinji gezek aýlawlaryň aýlaw ýodalaryna çykarylar.

Şu gün badalga alan çapyşyk möwsümi täzelik bilen hem tapawutlanýar. Eger at çapyşyklarynyň maksatnamasynda öň oňa gatnaşýanlaryň toparlaýyn ýaşy, her bir bedewiň belgisi, onuň reňki, gelip çykyşy, eýesiniň ady, derejesi, seýis we çapyksuwar, şeýle hem agram maglumatlary görkezilen bolsa, indi bedewiň çapyş aýratynlyklary: badalgalaryň sany, iň soňky çykyşlarynyň netijeleri, şol sanda aralyk, eýeleýän orny, şeýle hem häzirki çapyksuwaryň egin-eşiginiň reňki görkezilýär.

Bu goşmaça maglumatlaryň hemmesi indi totalizator bilen gyzyklanýanlara her bir çapyşykda haýsy bedewiň ýeňiji boljakdygyny aňsatlyk bilen kesgitlemäge mümkinçilik berer, totalizator hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda 2011-nji ýylyň güýzki at çapyşyk möwsüminde guraldy we janköýerleriň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Ýazky at çapyşygy möwsüminiň her ýylky hormatly baş baýragy bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda bäsleşik aprel aýynyň soňky ýekşenbe güni geçiriler, şonda asylly däbe görä, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy giňden we dabaraly bellenip geçilýär.

Şu gün Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda at çapyşyklarynyň 11-si boldy, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bolsa at çapyşyklarynyň bäşisinde bedewler öz ýyndamlygyny görkezdiler.

Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda däp bolan “Açylyş” baýragy ugrunda birinji çapyşykda 2000 metr aralykda 4 ýaşar we ondan uly bedewler bäsleşdiler. Şonda 2 minut 23,5 sekunt wagt görkezip Günhanjar bedewi ýeňiji boldy. Şol ýaşdaky bedewler soňraky 4 at çapyşyklarynda hem bäsleşdiler. Ikinji at çapyşykda 2400 metr aralykda 2 minut 47,1 sekunt wagt görkezen Günhan diýen bedew, üçünji çapyşykda 2000 metr aralykda 2 minut 21,3 sekunt wagt görkezip Gatyakar bedewi, dördünji we bäşinji at çapyşykda 1800 metr aralykda degişlilikde 2 minut 09,3 sekunt we 2 minut 11 sekunt wagt görkezen Miraman hem-de Myhman diýen bedewler ýeňiş gazandylar. Altynjy we ýedinji çapyşyklarda üçünji topardaky 3 ýaşar bedewler 1400 metr aralyga goşuldylar, şonda 1 minut 33 sekunt wagt görkezen Şatlyk we 1 minut 38 sekunt wagt görkezen Hanogul diýen bedewler tapawutlandylar. Sekizinji, dokuzynjy we onunjy at çapyşyklarynda dördünji topardaky 3 ýaşar bedewleriň arasynda birinjilik ugrunda göreş boldy, şolarda 1 minut 22,1 sekunt wagt görkezen Kerem, 1 minut 23 sekunt wagt görkezen Wagyz we 1 minut 23,5 sekunt wagt görkezen Garagurt diýen bedewler oňat netije gazandylar. Paýtagtymyzyň atçylyk-sport toplumynda birinji topardaky 3 ýaşar bedewler 1800 metr aralykda ýaryşyp, şu günki at çapyşygyny jemlediler, şonda 2 minut 5 sekunt wagt görkezen Dorgoňur diýen bedew pellehanadan ilkinji bolup geçdi.

Balkan welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda birinji at üçünji topardaky 3 ýaşar bedewler çapyşygynda 3000 metr aralykda bäsleşdiler, şonda 4 minut 40 sekunt wagt görkezen Garaaltyn diýen bedew öňe saýlandy. Ikinji çapyşykda 4 ýaşar we ondan uly birinji topardaky bedewleriň arasynda 4600 metr aralyga geçirilen bäsleşikde ýiti göreş boldy. Şonda 7 minut 9 sekunt wagt görkezen Dagly diýen bedew ýeňiş gazandy. Birinji topardaky uly ýaşar bedewler üçünji, dördünji we bäşinji at çapyşyklarynda öz ýyndamlygyny görkezdiler. 1400 metr aralygynda 1 minut 59 sekunt wagt görkezen Şadilli-2 we 2 minut 10 sekunt wagt görkezen Sarygala diýen bedewler, 3000 metr aralykda 4 minut 37 sekunt wagt görkezen Balkan diýen bedewi ýeňiji boldy.

Daşogzuň atçylyk-sport toplumynda birinji, ikinji we dördünji at çapyşyklarynda 4 ýaşar we ondan uly bedewler 2000 metr aralygynda bäsleşdiler, şonda 2 minut 32,3 sekunt wagt görkezen Gadyr, 2 minut 38,3 sekunt wagt görkezen Daşgala we 2 minut 38,3 sekunt wagt görkezen Sakardag diýen bedewler ýeňiji boldular. Bu ýaş toparyndaky bedewler üçünji at çapyşygynda hem 1800 metr aralyga bäsleşdiler, şonda Şagadam diýen bedew 2 minut 32,3 sekunt wagt görkezip ýeňiş gazandy. Üç ýaşar bedewleriň arasynda 1400 metr aralyga geçirilen bäşinji at çapyşygynýda ýiti göreş boldy, şonda 1 minut 50,2 sekunt wagt görkezen Sülgün diýen bedew pellehana ilkinji bolup geldi.

Lebabyň atçylyk-sport toplumynda ilkinji at çapyşygy üçünji topardaky üç ýaşar bedewleriň arasynda 1200 metr aralyga geçirildi, şonda 1 minut 20 sekunt wagt görkezen Edermen diýen bedew ýeňiş gazandy. Dört ýaşar we ondan uly birinji topardaky bedewleriň arasynda 1600 metr aralygyna geçirilen at çapyşygynda 1 minut 43 sekunt wagt görkezen Keremli diýen bedew pellehana ilkinji bolup geldi. Dört ýaşar we ondan uly birinji topardaky bedewleriň arasynda 1600 metr aralyga geçirilen üçünji at çapyşygynda 1 minut 50,14 sekunt wagt görkezen Gadagan diýen bedew, 1400 metr aralygynda geçirilen dördünji we bäşinji at çapyşyklarynda degişlilikde 1 minut 36,09 sekunt hem-de 1 minut 39,01 sekunt wagt görkezen Seýran we Babarap diýen bedewler öňe saýlandy.

Mary welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda 1200 metr aralyga geçirilen birinji at çapyşygynda üçünji topardaky üç ýaşar bedewleriň arasynda 1 minut 36 sekunt wagt görkezen Serkerde diýen bedew ýeňiji boldy. 1200 metr aralygynda geçirilen ikinji we üçünji at çapyşyklarda dört ýaşar we ondan uly ikinji topardaky bedewler bäsleşdiler, şonda 1 minut 49 sekunt wagt görkezen Altaýhan we 1 minut 38,52 sekunt wagt görkezen Wekil diýen bedewler öňe saýlandy. 1400 metr aralyga geçirilen dördünji at çapyşygynda dört ýaşar we ondan uly birinji topardaky bedewleriň arasynda, bäşinji at çapyşygynda bolsa 1600 metr aralyga bäsleşiklerde ýiti göreş boldy, şolarda 1 minut 27,07 sekunt wagt görkezen Sandykly we 2 minut 30,01 sekunt wagt görkezen Garabürgüt diýen bedewler pellehana birinji bolup geldiler.

Ýazky at çapyşygy möwsüminiň özüne çekiji çapyşyklaryna ahalteke bedewlerine hakyky sarpa goýýan janköýerler uly höwes we çäksiz tolgunmak bilen tomaşa etdiler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýygyndy Topary Sambo Boýunça Belarusyň Açyk Çempionatyna Gatnaşar

Dokuzynjy Tapgyryň Çäginde Iki Duşuşyk Geçirildi

Türkmen türgenleri medallara eýe boldylar.

syrach