Paýtagtymyzda Aşgabat şäherindäki Halkara howa menziliniň täze toplumynyň düzüminde howa ulagy pudagynyň işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebiň täze binalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
Bu desga häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda guruldy we tehniki taýdan enjamlaşdyryldy, onda okuwlary netijeli geçirmek üçin zerur şertleriň ählisi döredildi. Mekdebiň öz binasyndan başga-da, topluma desgalaryň birnäçesi, şol sanda umumyýaşaýyş jaýy girýär.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň buýurmasy boýunça gurlan täze toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gullugyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli hünärmenleri has netijeli taýýarlamak, şeýle hem okuwçylaryň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almagy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam eder.
Täze toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar awiasiýa ulgamyny has-da ösdürmek, ilatymyza edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen paýtagtynda gurulýan Halkara howa menziliniň ähmiýetini nygtadylar.
Bu ýere ýygnananlar “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” awiaulag kärhanasynyň “Laçyn” toparynyň ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşyny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.
Soňra dabara gatnaşanlar täze mekdep binasynyň enjamlaşdyrylyşy we mekdebiň çägindäki umumy ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Maslahatlar zalynda myhmanlara Aşgabat şäherindäki Halkara howa menzilinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkezine öwrüljek täze howa menziliniň düýbi 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda tutuldy. Döwrebap howa menzili sagatda 1 müň 600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Şol bir wagtyň özünde howa menzili islendik görnüşli uçarlary kabul edip, halkara derejesindäki hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny üpjün eder. Taslamada üç terminaly ýolagçy, VIP, ýük terminallaryny, uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolan täze uçuş-gonuş zolagyny, uçarlaryň öwrüm ýollaryny, duralgalaryny, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňini gurmak göz öňünde tutulýar. Howa menzili toplumynyň ýerleşjek ýeriniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr. 2014-nji ýylyň mart aýynda türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menziliniň täze toplumynyň 2-nji ýolagçy terminaly açyldy.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýurdumyzyň awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Bu ulgam howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň dünýä bazaryna işjeň goşulyşmak hem-de daşary ýurtlarda Garaşsyz Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň üstünlige eýe bolmagyna hem saldamly goşant goşýar.