Abadan şäherinde 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Ahal welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda “Gurluşyk gurnama” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Şu günki dabarada kärhananyň has tapawutlanan gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Munuň özi şu ýylyň dowamynda Abadan şäherinde täze gurlan ikinji mekdepdir. Şeýle hem bu ýerde golaýda döwrebap hem-de häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän täze çagalar baglarynyň ikisi guruldy. Olar degişli häzirki zaman enjamlary bilen doly üpjün edildi.
Ak mermere beslenen dört gatly täze binanyň gurluşygynda häzirki zaman bezeg materiallary ulanylypdyr. Onuň ýagty hem-de giň okuw otaglary iň täze barlaghana hem-de kompýuter enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almaklary we sazlaşykly ösmekleri üçin okatmagyň halkara ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýän amatly şertler döredilipdir.
Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen otaglar interaktiw we beýleki enjamlar bilen üpjün edilipdir. Himiýa, fizika we biologiýa dersleri boýunça ýöriteleşdirilen, şeýle hem informatikany öwrenmek üçin kompýuterleşdirilen otaglar bar. Täze mekdepde okalga zaly bolan kitaphana, aýdym-saz, horeografiýa, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary bilen meşgullanmak üçin ýörite otaglar okuwçylaryň hyzmatynda. Mekdepde ýetginjeklere zähmet sapagyny bermek üçin ussahana hereket edýär. Şeýle hem mekdebiň binalar toplumynda dabaraly çäreler geçirmek üçin maslahatlar zaly, mugallymlar otagy, mekdep ýolbaşçylary üçin niýetlenen otaglar, lukmançylyk bölüimi bar.
Mundan başga-da, mekdepde basketbol we woleýbol meýdançaly sport zaly, ýaşlaryň bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaklary üçin ähli zerur enjamlary özünde jemleýän ýöriteleşlirilen sport zaly bar. Mekdebiň ýanaşyk ýerleri göwnejaý ababanlaşdyrylypdyp we ol ýerde futbol, basketbol oýnamak üçin açyk sport meýdançalary, ylgaw ýodalary gurlupdyr.
Welaýat döredijilik toparlarynyň çykyşlary täze binanyň açylyş dabarasyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olar dabara gatnaşyjylaryň öňünde aýdym-sazly kompozisiýalary ýaýbaňlandyrdylar. Soňra baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada dutar-gyjagyň hoş owazy eşidildi. Halk aýdymlaryny ýerine ýetiren bagşylaryň owazy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Täze okuw mekdebiniň açylyş dabarasyna welaýat we Abadan şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, şäheriň ýaşlary we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ýaş nesilleri hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler makstnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz gujur-gaýratlaryny we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
* * *
Şu gün Garaşsyzlyk etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň Kepderili obasynda 365 orunlyk häzirki zaman sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Gelşikli binagärlik şekilinde we häzirki zaman bezeg materiallarynyň hem-de tehnologiýalarynyň ulanylmagynda gurlan sport merkeziniň täze binasy obanyň keşbiniň gözelligini artdyrdy.
Säher bilen sport merkezi baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Onuň çägine obanyň köp sanly adamlary ýygnandylar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanýar. Tans toparlary we ýaşajyk türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu ýere gelen welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri, hormatly ýaşulular obanyň durmuş düzüminiň möhüm ähmiýetli desgasynyň açylmagy bilen oba adamlaryny gutladylar.
Dabara gatnaşyjylar ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketiniň hem-de sportuň ýokary gazananlarynyň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilat arasynda, öňi bilen bolsa ýaşlaryň arasynda wagyz edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ýaş nesilleriň beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri ugrundaky alada biziň ýurdumyzda milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda gurulýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýän täze oba sport mekdebiniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Mekdepde çagalary we ýetginjekleri sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde türgenleriň göwnejaý dynç almagy we wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Sport zallary häzirki zaman trenažýorlary we döwrebap enjamlar bilen üpjün edidipdir. Bu ýerde ýylyň ähli paslynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guragama, woleýbol, basketbol, tennis, boks, göreş we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Suwa düşülýän otaglar, geýiim çalşyrylýan we lukmançylyk otaglary türgenleriň hyzmatynda. Şeýle hem toplumda tälimçiler üçin otaglar we beýleki gulluk binalary bar.
Mekdebiň çäginde futbol, woleýbol, basketbol, gimnastika mýdançalary, tennis korty, ylgaw ýodalary bolan sport şäherjigi abadanlaşdyrylypdyr. Toplumyň çäginiň ähli ýerinde gök zolaklar döredilipdir, bag nahallary oturdylypdyr hem-de ol döwrebap yşyklandyryjylar bilen üpjün edilipdir.
Kepderili obasynda gurlan täze sport mekdebini Lebap welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda “Altyn gül” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.