8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýurtda gurlan zemsnarýad suwa göýberildi.

Türkmenabadyň demirgazyk sebtinde Amyderýanyň emeli şahasy bolan aýlag diýip atlandyrylýan ýer bar. Onuň çep kenarynda Türkmenistanyň Döwlet derýa we deňiz ulaglary gullugynyň “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň Türkmenabat gämiabatlaýyş-gurluşyk uçastogynyň stapeli ýereşýär. Bu ýere SLIPA-nyň (teležkada we eňňit relsli örän uly platforma) kömegi bilen ýüzüş serişdelerini: gury ýük daşaýan baržlary, tirkeg teplohodlary, çalşyk pantonlary – Türkmenabat-Farap aralygy ýüzüp geçýän zwenolary getirýärler. Dürli abatlaýyş işleri geçirilenden soňra olar ýene-de ulanmaga berilýär. 



Ýakynda bu ýerde gurulan zemsnarýad suwa göýberildi. Ol uly gurluş bolup, onuň agramy 34 tonna, uzynlygy 15 metr, giňligi 6,6 metr we beýikligi 3,8 metrdir. Kuwwatlylygy sagatda 120 kubmetr bolan bu zemsnarýada hyzmat etmäge wahtada bary-ýogy iki adam ýeterliikdir. 

Zemsnarýad esasan hem suwaryş kanallaryny we zeý suw akymlaryny arassalamaga niýetlenendir. Bu işleriň ýerine ýetirilmegi suwaryş ulgamlarynyň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem kömekçi gämiler derýalarda we olaryň şahalarynda metijeli ulanylyp biliner. Beýleki ýerine ýetirýän işi bolsa hana gönüleýji we kenarlary berkidiji işleri ýerine ýetirmekden, şeýle hem gurluşyk işleri üçin çägäni gazyp almak we gidrotehniki gurluşlary gurmaga gatnaşmakdan ybaratdyr. 



Tirkeg tepohodynyň kömegi bilen bu ýüzýän sorujy enjamy önümçilik synagy üçin garşydaky kenara golaý ýere äkitdiler. Türkmenabatda şular ýaly kömekçi we beýleki gämileri gurulaly bäri onlarça ýyllar geçdi. Şol döwürde gurlan zemsnarýadlar häzirki günlere çenli ýurduň suw işgärleri tarapyndan, hat-da suw howdanlaryna ayp barýan Amyderýanyň emeli şahalarynda gerek bolan çuňluklaryny gazmakda hem, ulanylyp gelinýär. Umuman ýurt boýunça içerki suw arteriýalarynda zemsnarýadlaryň 228-si ulanylýar. 



Täze ýüzýän sorujy enjam Türkmenbaşynyň halkara portuna barýan kanalda işläp başlar. Ol konstruktorçylyk taýdan kämilleşdirilmegi netijesinde çaýkanmaga oňat ýaramlydyr we göwrümi has ulydyr, ýöne öňküler ýaly ony söküp bolýar we uly ýük göterýän awtoulaglaryň üçüsi bilen gerek bolan ýere äkidip bolar. Bu bolsa uzakda ýerleşýän ýerlrde ulanmak üçin örän amatlydyr. 

Gämiabatlaýyş-gurluşyk uçastogynyň enjamlaryny 2020-nji ýyla çenli tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyny nazara alsaň, onuň amala aşyrylmagy bilen, hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, stapelde ýylda zemsnarýadlaryň üçüsini, tirkeg gämileriniň dördüsini, dürli kysymdaky motor gaýyklarynyň onlarçasyny we 200 tonnalyk gury ýük daşaýan baržany gurup bolar. Şunlukda işleýänleriň sany takmynan iki esse artar. Özi hem sudokorpusçylar, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet derýa we deňiz ulaglary gullugynyň Türkmenabatdaky orta hünär okuw mekdebinde şu ýyldan başlap gämilerde işlemek üçin beýleki işgärleri hem taýýarlap başladylar. 

 

Degişli makalalar

Türkmenistan – Gazagystan; Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar.

syrach

Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini Garşylaýar

Türkmenistanyň Bitaraplyk Senesi Dünýä Metbugatynyň Sahypalarynda

syrach