14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Üstünligiň Syry Nämede?

Muny bilmek üçin ilki bilen üstünligiň nämedigine we nähili düşünjä uýýandygyna akyl ýetirmeli bolýar. Aslynda üstünlik sözüniň “üstün” sözünden düzülendigini nazara alsak, eger şeýle bolsa “üstün çykmak ” has dogrusy “ýeňiş gazanmak, ýeňiji bolmak, ökde gelmek “diýen manyny berýär . Onda üstünlik – bu durmuşdaky öz ýoluňda, öňüňde goýan beýik maksadyňa, arzuwyňa ýetmek üçin ädilen ilkinji we iň dogry, ynamly ädimiň bolup hyzmat edýän başarnykly hereketleriň aýdyň ýeňişli netijesidir .Haçan-da üstünlik ynsanyň yhlasynyň, güýjüniň we başarnygynyň, çeken zähmetiniň ygtybarly daýanjyna öwrülende adam özüniň öňünde goýan maksady sary dogry ýoldan barýandygyna göz ýetirip biler. Şübhesiz , siz dogry ýoldan barýansyňyz….Edil şu ýerde “Eýsem üstünligi ýetmek üçin näme etmeli ” diýen sorag ýüze çykýar. Biz muňa-da jogap taparys.

Aýdaly, biz durmuşy basgançak mysalynda göz öňümize getirsek, onda münmek üçin ätmegimiz zerur.Ýõne bir ätmek däl, özüňe bolan ynam bilen yhlasly hem başarnykly edilen hereket bizi basgançakdan-basgançaga elter.Diňe şonda bu ýolda erjelli, maksada okgunly, yhlasly, zähmetsöýer bolmalydygyna düşünersiň .

Ernest Hemingueý şeýle diýýär:”Adamlar hemişe bagta barýan gysgajyk ýoly gözleýärler. Beýle ýol ýok. Bir zady islemek bilen oňa ýetmegiň başga-başga zatdygyna akyl ýetireninde adam paýhaslanýar”. Hakykatdan-da şeýle. Islemek ýa arzuw etmek bilen iş bitenok. Eger çyn ýürekden isleýän bolsak, onda maksat sary barýan ýolda göreşmeli hem bolýar. Türkmenlerde şeýleräk bir aýtgy bar:”Çekilmez dert bolmaz, ýykylmaz-mert”. Elbetde. “Men başarmaryn” diýen sussupesligi öňe sürüp, başarnyksyz, ynamsyz ýoluň ýarsynda dursak, üstünlik bizi terk etmek bilen birlikde ýeňilendigimizi hem alamatlandyrmazmy eýsem. Tersine, özüňe bolan ynam bilen aýgytly hereket edip, “Çynymy etsem men muny hökman başararyn” diýen düşünjäni beýnimize guýup, ony özümiziň baş şygarymyza öwrüp ahyra çen saklasak, biz islendik böwedi böwsüp bilmerismi? Şu sowaly özüňize berip görüň we beýniňizde aýlaň. Jogap tapdyňyzmy? Diýmek ýeňiş siziňki.

Emma bular ýeterlik bolarmy? Ýok. Durmuşda , okuwda , işde tapawudy ýok üstünlik babatda öz maksadyň eýesi bolmak üçin irginsiz zähmet çekmeli. Sebäbi tüssesiz oduň, kötelsiz ýoluň bolmaýşy ýaly azapsyz ýeňiş hem ýokdur. Aňsatlyk bilen gazanylan üstünligiň bolsa möhleti gysga bolýandyr. Diňe hakyky hem kynçylykly zähmetiň miwesi datlydyr. Özüňi zähmetden halas etmek bolsa jenaýatdyr diýilýär. Çünki ähli üstünlikleriň başynda zähmet bar. Irginsiz çekilen zähmet hiç wagt hem sylagsyz goýýan däldir. Hut şunuň üçin hem öwrenmegimiz, bilmegimiz derkar. Bilmek üçin köp okamaly. Eýsem aýdylyşy ýaly bize berilen ömrüň maksady hem ahyrky nokada çenli öwrenmek dälmi?

Dünýä belli tanymallaryň ýeten sepgitleridir gazanan üstünlikleri hemmämizi buýsandyrýan bolsa gerek. Şonuň bilen bir hatarda haýran galýandygy hem ikuçsyzdyr. Görnükli rus ýazyjysy Lew Nikolaýewiç Tolstoý öz ýazgylarynyň birinde:”Ýaşaýyşyň mazmunynyň iň gysga kesgitlemesi – dünýä hereket edýär, dünýä kämilleşýär; adamyň wezipesi – bu herekete goşulmakdyr.” diýip örän ýerlikli belläp geçýär. Dogrudan-da dünýä bilen kämilleşmek üçin dünýä bilen deň ädim ätmeli. Şu sözlerden şeýle netijä gelse bolar. Üstünligiň syry hem şunda. Hereket. Ynamly hem başarnykly hereket. Işjeňlik, yhlaslylyk, höweslilik, pikirlenmek ukyby bularyň bar üstünligiň syry bolup biler, ýöne bir zady bellemek gerek. Her bir edilen hereketiň arkasynda çekilen irginsiz zähmetiň miwesi, maksada okgunlylygyň, başarnygyň we erjelligiň netijesi, ynamyň hem yhlasyň subutnamasy bolan üstünlik ýatandyr.

Aslynda parahat ,asuda ýurtda, bagtly durmuşda ýaşaýandygymyz biziň iň uly üstünligimizdir. Her bir ýetilen üstünlik bize bagt eçilmek bilen çäklenmän, eýsem geljege ruhlandyrýar. Durmuşa we ýaşaýyşa bolan höwesiň has-da artýar. Şunlukda , ruhlanan ýürek bilen biz ýene täze -täze maksatlar sary ýol alarys. Munda bize üstünliklerden boý alan geljek garaşýar.

Onda näme edil şu wagt, şu pursatdan hereket edip başlaň. Wagt ýitirmäň, geçilen wagt dolanýan däldir. Diňe öňe ymtylyň. Ana şonda, üstünlik siziň hemişelik hemraňyza öwrüler.

Gözel Umarowa,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheri

Çeşme: Atawatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

“Türkmengaz” Döwlet Konserniniň Başlygynyň Wezipesini Ýerine Ýetiriji Bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

turkmenhabargullugy