Häsiýeti. Haşal derman ösümligiň dünýäde 6, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümlik başgaça ýüzärlik, iswent, adraspan, zäldirk we tüteltgi diýip atlandyrylýar.
Üzärlik – üzärlikler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30-50 sm-e ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Onuň toprakda ösen ok pisint köki ýerleşýär. Ol aprel aýyndan tä güýzüň ahyryna çenli ösýär. Ösümlik aprel aýynyň ahyrynda – maý aýynda gülleýär, iýunda miweleýär, güýzüň ahyrynda tohumy ýetişýär.
Ýaşaýyş aýratynlygy. Ösümlik gurakçylyga örän çydamly. Güýçli kökleri dikligine topragyň 4-5 metr çuňlugyna aralaşyp bilýär. Ol toýunly we çägesöw toprakly ýarym çöllük düzlüklerde hem dag eteklerinde, kähalatlarda deňiz derejesinden 2800 metr belentliklere ýetýän daglarda bitýärler. Ösümligiň 1000 tohumynyň agramy 2-3 (5) gram. Bir düýp ösümlikde 282-437-ä çenli gozajyklar emele gelýär, olarda 15960-37520-ä deňiç tohumlar bolup, agramy 472 – 715 grama barabardyr.
Ýaýrawy. Diýarymyzda ösümlik Günorta-Günbatar Köpetdagda: Çukurgalada, Hojagalada, Magtymgulyda, Bendesende, Garwulda, Degirmenlide; Merkezi Köpetdagda: Robergowskide, Perwomaýskide, Wannowskiýde, Gökderede, Duşakerekdagda, Çaýekde, Neýrabatda, Germapda, Mürzedagda, Sülüklide, Asylmada, Dogryderede, Babazawda, Dagyşda, Daştoýda, Arçabilde, Ýablonowskide, Gurtlysuwda, Howdanda, Garaýalçyda; Gündogar Köpetdagda: Guryhowdanda, Çyrlakda, Çäçede, Kelatda; Bathyzda we Garabilde; Köýtendagda köpçülikleýin duşýar.
Tebigy gory. Üzärlik ýurdumyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulmaýar. Dermanlyk maksatlar üçin gory ýeterlik. Ülkämiz boýunça üzärlikli otluklar takmynan 150-350 ga deňdir. Üzärligiň gür otluk 1 ga ýerinde 1400-42000 çenli ösümlik duşýar. Ösümligiň gury otunyň hasyllylygy 1ga/7-9 sentnere barabar. Tohumynyň hasyllylygy 4-5-den 10-12 sentnere çenli. Her ýylda takmynan 80-10 tonna gury çig maly ýygnamaklyga mümkinçilik bar.
Dermanlyk çig maly. Lukmançylyk maksatlary üçin üzärligiň oty, seýrek ýagdaýlarda tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň otuny ir baharda (aprelde) gunçalaýan wagtynda ýygnamaly. Çig maly adaty usulda guratmaly hem taýýarlamaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltada saklamaly. Möhleti – 1-2 ýyl. Şol bir çig mal ýygnalýan meýdança 1-2 ýyl maý bermeli. Ol tebigy ýagdaýda ösümligiň dikeldilmegini üpjün eder.
Himiki düzümi. Ösümligiň tohumynda 3,5 – 6,0 %-e çenli alkaloid (onuň 60 % garmalin, 30 % – garmin we az mukdarda – garmalol, peganin hem dezoksiwazision) saklanýar. Otunda 1,5 – 3 % alkaloidleriň (takmynan 60 % peganin – wazisina we wazisinon) barlygy anyklanyldy. Mundan başga-da ösümlikde sähelçe mukdarda peganidin, pegamin, peganol we dezoksipeganin alkaloidleri tapyldy. Kökünde 2,15 – 2,70 %-e çenli alkaloidler (esasy – garmin, şeýle hem wazisin we wazisinon) bardyr. Tohumynda – boýag maddalarynyň we 14,25 %-e çenli ýagyň saklanýandygy kesgitlenildi.
Peýdalanylyşy. Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň we ýylanlaryň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar. Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda üzärligiň şekili ýerleşdirilendir. Bu tötänden däl. Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» diýen eserlerinde duş gelýär. Üzärlik halk lukmançylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir. Irki wagtlardan onuň tohumyny göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň garşysyna serişde, umumy gyjyndyryjy serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Üzärligi halkymyz iki maksat üçin – dermanlyk hem boýag ösümligi hökmünde peýdalanýar. Ol çişlerde, garnyň ýellenmeginde, damaryň çekmesinde we merezýelde derman hökmünde ulanylýar. Merezýelde üzärligiň bişen tohumy ulanylýar, ýagny çilim edip çekilýär. Bu bejerginiň dowamlylygy – 3 4 aý. Şunda näsag berk berhiz saklamaly (turşy iýmitleri iýmek we spirtli içgileri içmek düýbünden gadagandyr). Dişiň agyranda üzärligiň tohumy bilen gara üzümi garyşdyryp we soňra agyryly dişiňe ýapmaly. Muhammet Hüseýn Gündogar halk lukmançylygynda bu ösümligiň ulanylyşy barada şeýle ýazýar: «Üzärlik – näzik serişde, çyglygyň netijesinde dörän kükrek kesellerini bejerýär, ysy hem içegedäki ýeli aýyrýar; aşgazandaky we içegelerdäki ereýän hem-de goýy, iriňli massalary aýyrýar». Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma keselinde ulanylýar. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär. Merkezi Aziýanyň halklary bu ösümlikden taýýarlanan jöwheri diş eti agyranda agzy çaýkamak arkaly peýdalanýarlar. Owganystanda üzärligiň tüssesi ysmaz kesellerini bejermekde peýdalanylýar. Üzärligiň tohumyndan taýýarlanan melhem demgysmada we böwrek kesellerinde peýdaly. Lukmançylykda gidrohlorid peganin (gerdejik we ampula görnüşinde) miopatiýada hem miasteniýada, şeýle hem iç gatamada, içegäniň atoniýasyna iç sürüji serişde hökmünde ulanylýar. Garmini epideminli episefamitde, sandyrawukly ysmazda we Parakson keselinde peýdalanmak maslahat berilýär.
Dermanlyk taýýarlanylyşy hem ulanylyşy. Demgysmada üzärligiň 5-10 dänesini her gün 3 gezek agzyňa atmaly ýa-da olary gaýnadyp, suwuny içmeli. Oňat guradylan otunyň 1 nahar çemçesini (15 g) çaklaňrak jama salyp otlamaly. Tüssesine özüňi tutmaly, jamyň üstüne egilmeli, tüsse daşary çykmaz ýaly üstüne bir zat atmaly. Şu bejeriş usuly sowuklamadan dynmaga kömek eder. Asgyrma we burun dykylma dessine aýrylýar. Üzärligiň owradylan otunyň 1 nahar çemçesini (15 g) 2 bulgur (400 ml) gaýnag suw salnan syrçaly gabyň içine atyp, 10-15 minutlap pessaý ýanýan otda gaýnatmaly, hasada süzmeli. Emele gelen peti endamyňa çalsaň düwürtikli
ýaralary, demrewi aýyrýar. Zäherli mör-möjekler çakanda ösümligiň otunyň bir çaý çemçesini (5 g) ýenjip ýapmaly. Üzärligiň 200 gram owradylan otuny 10 litr gaýnag suwda 10-15 minutlap saklamaly. Soňra hasa bilen süzmeli. Emele gelen jöwhere suwa düşünseň bogunlardaky guragyry köşeşýär. Bu jöwher demrewi we beýleki deri kesellerini bejermekde hem peýdaly.
Çeşme: metbugat.gov.tm