Biz Merkezi Garagumyň beýikli-pesli düzlüginiň ýoly bilen edil çägelik deňziniň tolkunlary ýaly bolup ýatan gum alaňlarynyň arasy bilen barýardyk. Bu beýikli-peslikli ýerler gutarmajak ýalydy. Ynha-da, sazak ösüp oturan alaňlary geçip, ulag kerweni saklandy. Onuň öňünde örän uly derýa düzlügi. Bu görnüşiň ýolçularyň köpüsinde nähili täsir galdyrandygyny söz bilen beýan etmek kyn. Günüň ýiti şöhlesinden guran toprak, gözýetime çenli uzap gidýän akly-garaly alaňlar… Ynha birdenem derýanyň guran hanasy peýda bolýar. Onda suw ýokdy.
Paýtagtyň “Agama” alpinistler klubynyň topary tarapyndan guralan bu syýahatçylyga gatnaşýanlaryň meýilnamasyna hananyň ugry bilen bir ýarym kilometri boýunça syýahat etmek, şeýle çekeleşmeleri we ylmy çaklamalary döredýän ýowuz, şol bir wagtyň özünde hem ajaýyp ülkäniň köp sanly ýadygärliklerini görmek girizilipdi. Ynha, ahyrynda adaty däl çägeli çöllük boýunça Garaşor tebigy çöketlikligine tarap ýöremeli boldy. Häzirki wagtda Garaşor çöketligi drenaž suwlary, şol sanda gadymy Uzboýuň hanasy boýunça doldurylýar.
Bu rowaýata öwrülen hana bilen biziň tanyşlygymyz onuň orta akymyndan başlandy. Häzirki wagtda ol kenary dürli ösümlikler ösüp oturan akyp duran derýany ýatladýar. Diňe ýiti mawy reňk we duzlaryň gözüňi alyp barýan ak reňk biziň öňümizde şorlaşan öli deňsiň durandygyna şaýatlyk edýär. Eger-de ony haçan-da bir wagtlar akan derýanyň galyndysy diýip hasap etsek, onda ýalňyş bolar. Eger-de hana hemişelik akýan suwdan kesilen bolsa, onda suw bugaryp giderdi. Uzboý düzlügi şu çäkleriň ählisiniň ýerasty suwlaryny ýygnaýar. Uzboýuň şor kölleri bir mahallar adamlara bejergi almak üçin hyzmat edipdir, bu ýeriniň palçygynyň we şor suwuny synagdan geçirmek üçin bu ýere gelipdirler.
Kerweni Hywadan yzyna Köpetdaga we Hazara alyp barýan kerwenbaşy Sarygamyşdan Kelker şorlugyna çenli we soňra Aktama hanasy bilen Balhan garaşorlugyna çenli uzap gidýän derýa uzaklygyny geçip bilmändirler, Günbatar Uzboýda olara arassa agyz suwy, şor suw, şorluk we mineral palçyklar mälim bolupdyr. Kerwen ýolunda Ajyguýy tirseginiň aňyrsynda olary hakyky täsinlik garşy alypdyr. Olar süýji suwly guramadyk Topýatan, Garategelek we çölüň dür dänesi bolan Ýazhan köli bolupdyr. Ynha-da, beýik çägeli kertden aşak düşüp, ýene-de birnäçe kilometr ýol ýöräp, bu ajaýyp kölüň kenaryna geldik.
…Çölüň şemaly göm-gök suwda ýeňiljek buldur-buldury döredýär, jeňňellikde gamyşlar ses edýär, tigirleriň yzyny ýitirýär. Durmuşda diňe tebigatyň döredenleri galýar. Ol bolsa altyn kenarly hakyky gök suwly derýany döredipdir. Biziň çölde gören kölümiz Ýazhan köli, Uzboýuň gadymy hanasynda saklanyp galan derýadyr. Agşamky salkyn howadan uludan dem almak bilen, köp sanly syýahatçylar bu arassa we tagamy boýunça örän ýakymly suw haçan döredi, nädip saklanyp galypdyr diýen pikire batdylar. Ýöne onuň örän uly ýerasty suw howdanynyň üstünde ýerleşýändigi baradaky pikir olaryň hiç biriniň hem kellesine gelen däldir. Çöldäki bu köl ýeriň astynda ýerleşýän 2000 inedöňrdül kilometr ýerasty suwundan iýmitlenýär. Haçan-da bir wagtlar bu ýerden öz suwuny müňlerçe ýyllaryň dowamynda Hazar deňzine guýan Amyderýa akypdyr.
Ýazhan derýasynda suwa düşüp, onuň ajaýyp kenarynda dynç alyp, biz ýolumyzy dowam etdirdik. Ýollar bolsa Ýazhanyň kenaryndan kä daşlaşýardy, käte-de ýakynlaşýardy. Bu ýeriniň landşafty örän beýik: Hazara çenli 500 kilometr ýoly geçmezden ozal Uzboý örän uly erozion işlerini geçirmelidi. Belent kenarda durmak bilen, bu derýanyň nähili kuwwata eýe bolandygyny göz öňüne getirmek kyn däl.
Hananyň böwetli bölekleri, öňki suw akymlarynyň yzlary, süýji suwda ýaşaýan köp sanly molýuskalaryň balykgulakly ýerleri we öňki floranyň organiki galyndylary we beýlekiler alymlara munuň hemişelik we uzak wagtlap hereket eden derýa akymy netijesinde emele gelendigini tassyklamaga mümkinçilik berdi. Uzboýuň suwunyň kesilmegi bilen, adamlar bu ýerleri taşlap gidipdirler. Ondan soňra bolsa ol haçan-da bir wagtlarda ýaşan adamlaryň taryhy bilen baglanyşykly däp-dessurlarynyň nyşany hökmünde ünsüni çekip gelipdir. Indi bolsa bu ýerleri boşap galypdyr. Biziň ýolumyzyň ugrunda diňe çölde döredilen häzirki zaman şäherçeleri duş gelýär.
Bir ýerde biziň ulag kerwenimiz derýanyň düýbi bilen bir kenardan beýleki kenara nalaç geçmeli boldy. Şeýlelik bilen gadymy Amyderýanyň düýbünde hem bolmak miýesser etdi. Agşama golaý biz Serdar şäherinden Türkmen kölüne alyp barýan gum ýoluna düşdük. Haçan-da bir wagtlar bu ýerden Hywa barýan kerwen ýoly geçipdir. Häzir bolsa bu ýol örän uly suw howdanyna alyp barýar. Ertesi gün ekspedisiýa Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň sepleşýän ýerinde, baş kollektoryň Garaşor çöketligine guýýan ýerinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Kurtyşbaba diýen ýere geldi.
Gadymýetde kerwensaraý ýerleşen bu meşhur tebigy çäkde bejeriş palçykly köl bar. Bu welaýatlaryň ýaşaýjylary eýýäm birnäçe ýüz ýyl bäri bu ýere gelýärler. Bu Uzboýuň suwunyň azalmagy netijesinde emle gelen, ýöne häzire çenli ýerasty çeşmelerden iýmitlenen, hakyky tebigy şypahanadyr. 1886-njy ýylda Zakaspiý oblastyna ilkinji ekspedisiýasyny amala aşyran belli alym W.A.Obruçew bu ýerde täsin dessura gabat gelipdir: “bejergi alan keselliler bu balneologiki şypahanadan gidenlerinde minnetdarlyk hökmünde agaja özleriniň köne eşiklerini asyp gaýdypdyrlar, ýerine täze eşiklerini geýipdirler. Adamsyz we dymyp ýatan çöllükde bu tomaşa örän uly täsir edipdir”.
Elbetde, biz munuň ýaly zady görmändik. Ýöne bizde bu ýeriniň arassalygy we tertipliligi haýran galdyrdy. Kölüň töwereginde dürli gurluşlaryň sany boýunça pikir edeniňde bu halk “balneologiki şypahanasy” hereket etmegini dowam etdirýär. Uzboýuň hanasyndaky natriý duzly gatlakly ak köller az öwrenilipdir, ýöne olar kesgitli bejeriş aýratynlygyna eýedirler. Düzüminde bejeriş duzy bolan olar, Garabogaz aýlagy ýa-da Mollagara şypahanasy ýaly, bütündünýä meşhur bolan Öli deňiz bilen bäsleşip bilerler.
Bu ýeriniň ösümlik we haýwanat dünýäleri hem özboluşlydyr. Bu ýeriniň takyr görnüşli topragynda ýylgynlar we gara sazak bilen bilelikde derek, toraňňy, gündogar igde agajy ýaly tokaý wekillerine mahsus bolan ösümlikler ösýär. Haçan-da Uzboý derýasy akan döwründe onuň ýapgytlarynda tugaý tokaýlyklary bolupdyr. Bu dürli görnüşli ösümlik dünýäli we baý haýwanat dünýäli sebitiň gaýtadan janlanmagyna uzynlygy ýüz kilometrden hem gowrak uzap gidýän Garaşor tebigy çöketliginiň drenaž suwlary bilen doldurulmagy täsirini ýetirmelidir.
…Biz geljekki köle girýän kollektoryň ýanynda dörän emeli şaglawugyň ýanynda saklandyk. Aşak akýan suwuň ak köpürjiklerinde uly tolkunlaryň arasynda güýçli tolkunlary böwüsmäge çalyşýan balyjyklar görünýärdi. Çölüň ortarasynda ýaýylyp ýatan suwuň ýüzi bolsa gözýetimden aňyrlara uzap gidýärdi…Bu täsinlikler biziň kalplarymyzyň çuňluklarynyň bir ýerlerinde hemişelik öz orunlaryny tapdylar…