7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Wahyd Orazsähedow Täjigistanyň Iň Netijeli Futbolçysy Bolarmy?

Geçen futbol möwsüminde Gyrgyzystanyň çempionatynda iň köp tapawutlanan futbolçynyň baýragyna mynasyp bolan türkmen hüjümçisi Wahyd Orazsähedow çykyşyny Täjigistanyň çempionatynda dowam edýär.

«Istiklol» futbol klubynyň resmi saýtynda (www.fc-istiklol.tj) 2010-njy ýyldan bäri Täjigistanyň çempionatynda iň netijeli futbolçynyň baýragyna dowamly «Istiklolyň» oýunçylarynyň myansyp bolup gelýändigini ýatlaýarlar. Şonuň üçin olar golaýda başlanjak täze möwsümde paýtagtly futbolçylaryň haýsy biriniň iň netijeli hüjümçiniň baýragyna mynasyp boljakdygyny kesgitlemek maksady bilen resmi sýat arkaly pikri soraşma geçirilýändigini yglan etdiler.

Bu pikir soraşma bilen tanşyp, täze futbol toparynda türkmenistanly ezber hüjümçä uly ynam bildirýändiklerini görmek bolýar. Çünki sanawa goşulan 4 futbolçynyň biri Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyd Orazsähdowdyr. Şeýle-de, Manuçehr Jalilowyň, Şeriddin Boboýewiň, Alişer Jalilowyň iň netijeli futbolçynyň baýragyna dalaşgärleriň hatarynda atlarynyň agzalýandygyny bellemek gerek.

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.

Çeşme: msy.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Atajan Aşyrowyň 80 Ýaşynyň Dolmagy Mynasybetli Sergi: Şatlyk Paýlaýan Nakgaş

turkmenhabargullugy