Şeýle at bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş Arhiw müdirliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle hem Aşgabat şäher prokuraturasynyň bilelikde guramagynda Baş arhiw müdirliginiň mejlisler zalynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk duşuşygy hem maslahaty geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara hem maslahata Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan hem-de tylda zähmet çeken weteran zenanlar gatnaşdylar.
Baş arhiw müdirliginiň foýesinde arhiwde saklanylýan uruş ýyllaryna degişli fotosuratlaryň, şeýle hem suratkeşlerimiziň Beýik Watançylyk urşuna degişli eserleriniň sergisi guraldy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uruş weteranlaryna we tylda zähmet çeken zenanlara goýulýan hormat-sarpa dogrusynda belläp geçdiler. Hawa, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda Ýeňiş güni türkmen halkynyň parahatçylyga we ylalaşyga, ynsanperwerlige hem-de döredijilige üýtgewsiz ygrarlylygy hökmünde her ýylda uly dabara bilen bellenilip geçilýär.
Beýik Watançylyk urşunda köp garaşylan Ýeňşi gazanan türkmen gerçekleriniň deňsiz-taýsyz edermenligi, mukaddes ojaklaryna wepaly zenanlarymyzyň gaýduwsyz zähmeti hakyndaky ýatlama häzirki we geljekki nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar. Uruş we zähmet weteranlarynyň gahrymançylykly durmuş ýoly häzirki wagtda watançylygyň, mähriban topragymyza çäksiz wepalylygyň hem-de mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekli hyzmat etmegiň hakyky mekdebi bolup durýar.
— Ýalynly ýyllary ýatlamak maňa ýeňil düşmeýär. Uruş belasy gaty aýylganç zat. Ýanýoldaşym urşa gidenden soň, men hem lukmançylyk kömegini bermek üçin kömekçi topara goşulyp, urşuň aýylganç wakalarynyň şaýady boldum. Frontda köp kynçylyklar görüldi. Urşuň ilki başlan ýylynda eli ýarag tutup bilenleriň ählisi fronta gidenden soň, obadaşlar bolup, tylda gije diýmän, gündiz diýmän zähmet çekdik. Özümiz hem ata, hem ene hökmünde çagalara terbiýe berip, olary hiç zada mätäç etmän ulaltjak bolup jan aýamadyk. Artan-süýşenlerimizi bolsa fronta kömege ugratdyk.
Haçan-da frontdaky gerçeklerimize kömek gerek diýlende, ilkinjileriň hatarynda döwtalap bolup, topara goşulyp fronta gitdik. Ol ýerde ýaralananlara ilkinji lukmançylyk kömegini berdik. Uruş diýlen zadyň yzasy ömrüňe ýoldaş bolýan eken. Şol ýyllaryň ýowuzlygy henizem ýüregimde. Eziz
Arkadagymyzyň aladasy bilen ýurdumyzda uruş weteranlary aýratyn alada bilen gurşalýar. Döwlet tarapyndan goldawlar berilýär. Özüm 95 ýaşymda. Gowgaly günlerden soň şeýle bagtyýar durmuşyň miýesser edendigine buýsanýaryn.
Watany goran gerçekler bize bagtly günleri peşgeş berdiler. Iň esasy bolsa, olar adamlaryň ýüzlerine, ýüreklerine ýylgyryşy gaýtaryp berdiler. Şonuň üçin hem olaryň orny biziň her birimiziň ýüregimiziň töründe.
Ýurdumyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. Parahatçylyk, agzybirlik — bu uly döwletlilikden alamat. Nirede parahatçylyk bar bolsa, şol ýurduň raýatlary hem bagtly durmuşda ýaşaýar diýilýär. Hudaýa şükür, parahat ýurdumyz, halkynyň bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiz bar.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny belleýän günlerimizde hormatly Prezidentimiz Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlary, olaryň ýanýoldaşlaryny, şeýle-de tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medal bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen maňa hem baýramçylyk gününiň öňüsyrasynda ýubileý medalyň gowşurylmagy baýramçylyk şatlygymy artdyrdy. Uruş weteranlaryny hormatlaýan, sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýärin! — diýip, uruş weterany Faina Smirnowa gürrüň berdi.
Hawa, aramyzda ýaşap ýören weteranlarymyz ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi. Olaryň geçen söweş ýoly baradaky gürrüňleri, dürli görnüşli maglumatlar, frontdan gelen hatlar, gahrymançylyklary we edermenlikleri üçin berlen Hormat hatlarydyr orden-medallar watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Öz gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän mukaddes ýörelgesidir. Ýowuz uruş ýyllarynda türkmen topragynyň edermen gerçekleriniň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, hakyky edermenligiň, mertligiň ajaýyp göreldesini görkezdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uruş we zähmet weteranlaryna, şeýle hem mukaddes ojaklaryna wepaly enelerimize aýratyn hormat-sarpa goýulýar, olar döwletimiz tarapyndan hemişe üns-alada bilen gurşalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlaryň atlary «Hatyra» kitabynda, galagoply söweş ýollaryny geçip, öýlerine ýeňiş bilen dolanan Watan goragçylarynyň atlary bolsa «Şöhrat» kitabynda ebedileşdirildi. Beýik Ýeňşi gazananlaryň mertligi-edermenligi hakyndaky bu resmi maglumatlar bolsa olaryň nesillerinde buýsanç we guwanç duýgularyny döredýär.
«Watan mertleri baky ýaşaýar» atly baýramçylyk duşuşygynyň hem maslahatyň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallar toparynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde halypa kompozitorlarymyzyň uruş ýyllarynda görkezilen mertlik, gahrymançylyk, edermenlik hakdaky sazlary ýaňlandy.
Çeşme: http://metbugat.gov.tm/