Golaýda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlaýan çagyryş boýunça harby gullukçylaryň dabaraly gutardyş çäresi boldy.
Ilki bilen çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlaýan esgerleriň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Watan ugrunda janynyny orta goýup söweşen pederlerimiziň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere ter gül desselerini goýmak arkaly olaryň ruhuny hatyraladylar.
Şeýle hem, çäräniň dowamynda harby gullukçylar bu ýerde ýerleşen muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşyp, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýolyny aýdyň şöhlelendirýän, olaryň edermenligini, çuňňur Watansöýüjiligini subut edýän gymmatlyklar hem-de täsirli gürrüňler harby gullukçylaryň Watan mukaddesligi, ony gözüň göreji deýin goramaklygyň näderejede belent borçdugyna ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen düşünmäge ýardam etdi.
Şeýle hem, harby gullugy tamamlaýan çagyryş boýunça harby gullukçylar paýtagtymyzda ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebe baryp, hormatly Prezidentimiziň atasy, ilhalar ynsan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine tagzym etdiler.
Öz göreldeli durmuş ýoly arkaly Watany söýmekligiň, oňa wepalylygyň belent nusgasyna öwrülen Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly hakynda täsirli gürrüňler has-da ýatda galyjy boldy. Bilşimiz ýaly, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň maý aýynyň başynda hormatly Prezidentimiziň hut özi bu ýöriteleşdirilen harby mekdebe gelip, Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoluna degişli muzeý gymmatlyklaryny sowgat edipdi. Şol taryhy gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyş bolan çagyryş boýunça harby gullukçylar Watana wepaly gulluk etmek hem-de yhlasly zähmet arkaly Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine öz mynasyp goşandyňy goşmaklygyň belent mertebedigine aýdyňlyk bilen göz ýetirdiler.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda bellenen möhletleri gulluk eden çayryş boýunça harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda harby biletleri gowşurmak çäresi boldy.Dabaraly çäräniň dowamynda Watan öňündäki gulluk borjuny we serkerdeleriň tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirip, gullukda özüni göreldeli alyp baran harby gullukçylara minnetdarlyk we hormat hatlary gowşuryldy.
Harby gullugyny üstünlikli tamamlan çagyryş boýunça harby gullukçylar öz çykyşlarynda Watany goramak ýaly belent hem-de mukaddes borjuň tamamlamaýandygyny, onuň Watan üçin çekýän zähmetiň we wepalylygyň bilen ömrüň ahyrky menzillerine çenli dowam edýändigini buýsanç bilen bellediler.
Şeýle hem, harby gullukçylar parahat we erkana ýurdumyzda Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäge döwrebap şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözlerini beýan edip, watana bolan wepalylyk kasamyny etdiler.
Çeşme: migration.gov.tm