6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Watanymyzyň galla harmany beýgelýär.

Iýulyň üçünji ýekşenbesinde Türkmenistanda däp boýunça galla oragynyň jemini jemleýän, bereketli topraga sarpa goýulýan, gallaçylaryň bol hasyl ugrundaky ýadawsyz aladasyna ýugrulan Galla baýramy ählihalk tarapyndan hem-de dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze hasylyň altyn harmanyna bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazly çykyşlar, sergiler boldy. 

Türkmen paýtagtynda pudaklaýyn ylmy maslahat geçirildi. Galla oragynyň öňdebaryjylary, gahrymanlary sylaglanyldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda türkmen topragynyň sahylygy, obasenagat toplumynyň ösüşi barada gürrüň berýän dabaraly çäreler hem-de sergiler boldy. Dabaralara gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan hasyl ussatlary, iň oňat gallaçylar we mehanizatorlar Aşgabada geldiler. Bolelinligiň we abadançylygyň nyşany hökmünde galla sarpa goýmagyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli däplerine daýanýan Galla baýramy tutuş türkmen halkynyň baýramçylygydyr. Ýurdumyzda ýaýbaňlanan dabarlar muny ýene-de bir gezek tassyklady. 

14-nji iýulda Oba hojalyk ministrliginiň, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Ak bugdaý” milli muzeýinde “Ak bugdaý halkymyzyň rysgal çeşmesidir” atly ylmy-amaly maslahat boldy. 

Maslahata oba hojalyk işgärleri, seçgiçi alymlar, bu ulgama dahylly ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden tanymal babadaýhanlar, zähmet weteranlary, hormatly ýaşulular, öňdebaryjy hojalyklaryň ýolbaşçylary bar. 

Ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine oba hojalygyny, hususan-da, gallaçylygy, tohumçylygy we seçgi işini ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde ýerleriň hasyllylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda aýgytly orny eýeleýän iň häzirki zaman we netijeli agrotehnikany, ylmy-barlag işleriniň netijelerini giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeler goýuldy. Şeýlelikde ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky hereketler ýurdumyzyň esasy oba hojalykçy alymlarynyň uly maslahatynyň möhüm meselesi boldy. 

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen meşhur gallaçylary, şeýle-de jemgyýetçilik guramalary we “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy tarapyndan yglan edilen däp bolan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň her bir sebitinden hormat hatlaryna mynasyp bolan iň oňat kombaýnçylara we gallaçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul baýraklary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. 

“Ak bugdaý” muzeýinde şu maslahat mynasybetli guralan giňişleýin sergi türkmen gallaçylygynyň häzirki döwürde gazananlarynyň hem-de köp asyrlyk däpleriniň aýdyň beýany boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän, ýokary hasyl berýän bugdaýyň iň oňat görnüşleriniň nusgalary görkezildi. Bugdaýyň her bir görnüşi seçgiçileriň köp ýyllyk işiniň, önümçilik synaglarynyň tejribesinde tassyklanan netijeleriň miwesidir. 

Halk döredijiliginiň we çeperçilik sungatynyň bugdaý dänesinden we sypalyndan döredilen suratlaryň hem-de heýkelleriň baýramçylyk sergisinde görkezilen nusgalary türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolan bugdaýa, gallaçylaryň zähmetine hormat goýmagyň däplerini beýan etdi. Elbetde, türkmen saçagynyň esasy bezegi bolan, özüne mähriban topragyň ýyly mährini, altynsöw gün şöhlesini siňdiren täze hasyldan bişirilen çörege, çörek-bulka önümlerine sergide iň hormatly orun berildi. 

Muzeýiň eýwanynda bereketli türkmen topragynda bugdaý ösdürip ýetişdirmegiň müňlerçe ýyllyk taryhyna, daýhançylygyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän däplerine, biziň gadymy ata-babalarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygy hakynda eden ýadawsyz alada şaýatlyk edýän zatlar görkezildi. Biziň günlerimizde bolsa bu däpler iň täze tehnikanyň mümkinçilikleri, ylmy pikiriň gazanan üstünlikleri bilen utgaşyp, ekerançylygyň medeniýetiniň esasyny düzdi, şonuň netijesinde Türkmenistan bugdaýy daşary bazara çykarýan ýurtlaryň abraýly sanawynda mynasyp orny eýeledi. 

Sergi Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynyň toprak-howa şertlerine doly derejede uýgunlaşdylylan, esasy önüm öndürijilerden getirilen ýokary öndürijilikli we häzirki zaman kombaýnlary görkezildi. Oba hojalyk tehnikalarynyň bütin dünýä meşhur bolan kysymlaryny tejribeli mehanizatorlar dolandyrýarlar, galla oragynyň barşynda ýeňil bolmak daýhan zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen hasyly öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnamak baradaky esasy alada şolaryň üstüne düşýär. Umumymilli galla baýramynda däp boýunça hormatlanýanlaryň hatarynda öňdebaryjy mehanizatorlaryň, iň oňat kombaýnçylaryň bolmagy ýöne ýere däldir, olar özlerine ynanylýan häzirki zaman tehnikasyny has netijeli dolandyrmagyň hötdesinden geldiler. 

Günüň ikinji ýarymynda ylmy-amaly maslahat Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde öz işini dowam etdi. Bölümleýin mejlisleriň barşynda oba hojalyk ýokary okuw mekdeplerinde, belli bir ugurly ylmy-barlag institutlarynda, tejride hojalyklarynda, ýurdumyzyň ylmy–önümçilik tejribe merkezlerinde geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahata gatnaşyjylar bugdaýyň täze görnüşlerini döretmegiň usulyýeti we tejribesi, dänelik ekinleriň seçgisi, olary ösdürip ýetişdirmek, hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin has netijeli agrotehniki çäreleri işläp taýýarlamak we beýleki häzirki günüň möhüm meselelerine garadylar. Şeýle hem barlaglaryň netijelerini we oba hojalyk önümçiliginiň gönüden –göni iş tejribesinde işlenip taýýarlanylan usulyýetleri giňden ornaşdyrmagyň wezipeleri gozgaldy. 

Gepiň gerdişine görä aýdylsa, Galla baýramyna bagyşlanan çäreler 13-nji iýulda türkmen paýtagtynda badalga aldy. Şol gün Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda 

“Ak bugdaýly Watanym” atly baýramçylyk çäresi boldy, onuň barşynda degişli mesele boýunça döredijilik duşuşygy we bäsleşik geçirildi. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde bolsa “Desterhanyň bezegi sen, ak bugdaý!” atly baýramçylyk konserti boldy. 

Şol günler paýtagtymyzyň “Mukam” milli medeniýet merkezinde welaýatlaryň ählisinden medeniýet we sungat işgärlerini ýygnan, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli folklor we sungat” atly seminar boldy. Seminara gatnaşyjylar dil üsti bilen aýdylýan halk döredijiliginiň baýlygyny,türkmenleriň deňsiz-taýsyz gymmatlyk hökmünde galla bolan gatnaşygyň gadymy däplerini milli lybasy, saz gurallaryny we halk tanslaryny döretmegiň aýratynlyklaryny, biziň günlerimizde ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek işinde olaryň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. 

*** Galla baýramy mynasybetli esasy dabaralar 15-nji iýulda agşam milli Garaşsyzlyk seýilgähinde “Aşgabat” konsert merkezinde ýaýbaňlandy. Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, okuwçy ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. 

Paýtagtymyzdaky baýramçylyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hormatly ýaşulular, döredijilik toparlary we elbetde, öz asylly kärinde has uly üstünlikleri gazanan iň oňat gallaçylar geldiler. Bu dabarany Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy, Medeniýet ministrligi, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri guradylar. 

Seýilgähde her bir welaýatyň obasenagat toplumynyň gazanan üstünlikleri hakynda gürrüň berýän baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandy. Şonda türkmen topragynyň baýlyklary, ýagny oba hojalyk we önümleri gaýtadan işleýän senagatyň önümleri giňden görkezildi. Däneçilik pudagynyň önümlerine bolsa aýratyn hormatly orun berildi. Amaly halk döredijiliginiň nusgalary, sungat eserleri – altynsow dänä we mukaddes çörege bagyşlanan suratlar hem-de heýkeller hem sergini bezedi. 

Aýdym-saz we tans toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň ajaýyp çykyşlary ýatda galýan baýramçylyk ýagdaýyny döretdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklerine bagyşlanan, Watanymyzyň galla harmanyny has baýlaşdyran gallaçy daýhanlaryň ýadawsyz zähmetini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Ajaýyp horeografiki kompozisiýalar göwünleri göterdi. 

Baýramçylygyň resmi bölegi “Aşgabat” konsert merkezinde dowam etdi. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna, zähmetsöýer ekerançylara we edermen gallaçylara Gutlagyny örän uly üns bilen diňlediler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin türkmen döwleti tarapyndan döredilen şertleriň, olaryň edermen zähmetine mynasyp baha bermegiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde täze sepgitlere ýetmäge kuwwatly itergi berendigi barada Gutlagda aýdyldy. Tutanýerli zähmet çeken ekerançylaryň yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen gallanyň bereketli hasyly biziň halkymyzyň baýlygydyr, kuwwatly döwletimiziň abadançylygynyň mäkäm esasydyr, gadymy topragymyzyň baýlygynyň egsilmez çeşmesidir diýip, döwlet Baştutany belledi. 

2012-nji ýylyň galla oragynyň gahrymanlaryny sylaglamak dabarasy bu dabaranyň jemleýji bölegi boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan iň oňat gallaçylara, ýurdumyzyň däneçilik pudagynyň işgärlerine gymmatly sowgatlar gowşuryldy. 

Gallaçylaryň ýadawsyz zähmeti, döwletimiziň uly möçberde goldamagy we häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň uly parkynyň döredilmegi netijesinde gallaçylyk içerki bazarda azyk bolçulygyny, pudagyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etmek bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzüminde uly orny tutýar. Şunda oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, agrotehniki çärelere, seçgi işiniň gazanan üstünliklerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden çözgüdine laýyklykda Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy indi ikinji ýyl ýurdumyzyň içerki sarp edişinden artýan bugdaýy eksporta ýerlemäge mümkinçilik alýar. Mysal üçin, 2011-nji ýylyň hasylynyň möçberinden Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen dänäniň 300 müň tonnasy ýerleniler. 

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti pudagyň gazanan üstünliklerine bagyşlandy. Ol baýramçylygyň hakyky bezegi boldy. “Aşgabat” konsert merkeziniň sahnasynda iň oňat ussat, folklor we tans toparlary, estrada artistleri çykyş etdiler. Olar özleriniň aýdymlary, göwün galkyndyryjy mukamlary, ajaýyp horeografiki kompozisiýalary bilen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazanan üstünliklerini, türkmenistanlylaryň agzybirligini we jebisligini, Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna olaryň çekýän agzybir, döredijilikli zähmetini ruhubelentlik bilen wasp etdiler. 

Şu gün baýramçylygyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan we köpsanly tomaşaçylary ýygnan “Harmanyňa bereket, gallaçy!” atly baýramçylyk konserti paýtagtymyzyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde hem boldy. 

Şol gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda galla baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Türkmenistanlylar welaýat merkzlerinde, şäherlerde we obalarda zähmetsöýer ekerançylary hormatladylar. Şol ýerde köpçülikleýin dabaralar, konsertler, medeni we sport çäreleri geçirildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Naýbaşy Ligasynda Bäşinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisinde Eden ÇYKYŞY

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach