15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bellenýär.

 Agzybir türkmen halky Watanymyzyň mukadds Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyny belleýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň täze taryhy eýýamyny alamatlandyrýan beýik baýramçylykdyr. 27-nji oktýabr milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Çünki ol dünýä kartasynda, halkara giňişliginde görnükli orun eýelän garaşsyz türkmen döwletiniň dörän gününi alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz özüniň saýlap alan döredijilik, ynsanperwerlik we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de uly üstünlikleri, beýik zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly täze sepgitleri eýeleýär. 

Bu şanly günde Watanymyzyň baş meýdançasy baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Özüniň oňyn ösüşi bilen öňe tarap okgunly hereket edýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysynyň şu ýylky tapgyry ajaýyp zähmet üstünliklerine beslendi. Ägirt uly özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylan ýeri bolan gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda täze keşbe girýär. Ýurdumyzda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan giň möçberli maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa etmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli pudaklaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli özgerdilýär. 

Türkmen halkynyň abadançylygy yzygiderli ýokarlanýar, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän ähli zerur düzümler kemala gelýär. Mähriban Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynda we beýleki şäherlerde hem-de obalarda şu ýylyň dowamynda gurlup ulanmaga beren köp sanly medeni-durmuş we önümçilik ähmiýetli desgalar halkymyzyň abadan durmuşyna şaýatlyk edýär. 

Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işleri has giň möçberlerde alnyp barylýar. Şunuň ýaly işleriň netijesinde ýurdumyzda müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary bolan, häzirki zaman jaýlaryna göçüp bardylar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşyklykly, döredijilikli we “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesinde öz beýanyny tapan syýasatynyň anyk netijeleridir. 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan kuwwatly we öz-özüni üpjün edip bilýän döwlet hökmündäki derejesini pugtalandyryp, ösüşiň demokratik ýoluna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyk etdi. Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidentligine şu ýylyň fewralynda geçirilen saýlawlar Watanymyzyň häzirki zaman tarahyndaky möhüm waka öwrüldi. Bu derwaýys jemgyýetçilik-syýasy çäre milli kanunçylyga we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýanlyk we giň bäsleşlik esasynda geçirildi. Halkymyzyň erk-islegi netijesinde döwlet baştutanlygymyza ýene-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlanyldy. Ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan deňsiz-taýsyz üstünlikleri we zähmet ýeňişleri özüniň täzeçillik we öňden görüjilikli syýasaty bilen Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini, biziň Watanymyzyň halkara giňişligindäki ýokary abraýyny ygtybarly kepillendirýän hormatly Prezidentimiziň ady we işi bilen berk baglanyşyklydyr. 

Şu ýyl Türkmenistanda geçirilen we türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan wesýet edilen hem-de häzirki türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleriniň esasyny düzýän gadymy halk häkimiýetliligi däplerine ygrarlydygyny alamatlandyran Geňeş agzalaryna geçirilen saýlawlar ýurdumyzyň ösüş ýolundaky möhüm ädimini alamatlandyrdy. Ýurtda täze partiýanyň—Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi demokratik özgertmeleriň dolanuwsyzdygyny alamatlandyrýan waka bolup, ol şu ýylyň başynda Türkmenistanyň “Syýasy partiýalar hakynda” Kanuny kabul etmeginiň aýdyň netijesidir. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda demokratik özgerişleri işjeňleşdirmegi ugur edinýän özgertmeler strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrdy. 

Innowasion ösüş ýoluna düşmek bilen, Türkmenistan milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegine, ähli pudaklaryň düşewüntlililiginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, hususy telekeçiligiň höweslendirilmegine, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, milletiň aň-bilim mümkinçililikleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine, saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, medeniýet ugruna işjeň goldaw berilmegine gönükdirilen ugra yzygiderli eýerýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ýokary gazananlarynyň, şeýle hem syýahatçylygyň ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, dürli ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi esasy ugur bolup durýar. 

Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy meseleleri, şeýle hem geljekki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ugurlary baýramçylygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşlulular maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine girizildi. Umumymilli forumda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini, halkymyzyň ýaşaýşynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagyny, adamlar üçin ähli babatda oňaýly şertleriň döredilmegini şertlendirýän möhüm wezipeler kesgitlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän we oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we biziň ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendiren özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy özüniň anyk netijelerini berýär. Türkmenistanyň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň oýlanyşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga gönükdiren başlagyçlary, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio-20” Maslahatynyň belent münberinden öňe süren teklipleri dünýä jemgyýetçiliginiň giňden ykrar etmegine we goldawyna mynasyp boldy. 

Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda biziň ýurdumyzyň Arkalaşygyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasatynyň döredijilikli esasy milli we umumy gyzyklanmalara jogap bolup durýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklara täze itergi bermegi ugur edinýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň hem-de dürli derejedäki iri forumlaryň geçirilýän ýeri hökmünde ykrar edildi. Şu ýylyň dowamynda birnäçe möhüm çäreleriň geçirilýän ýeri bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hem şunuň ýaly belent derejä mynasyp boldy. 

Ýetilen belent sepgitler we gazanylan üstünlikler türkmen halkynyň agzybirlikde, bir bitewi maşgala bolup giňden belleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlarydyr. Şeýle hem şu şu ajaýyp günlerde türkmen halkynyň mukaddes Gurban baýramyny belleýändigini aýratyn nygtamaly. Häzirki döwürde bu baýramçylyk biziň halkymyzyň milli däplere we gadymy ynsanperwerlikli hem-de ruhy gymmatlyklara ygrarlydygyny alamatlandyrýar. 

… Şeýlelikde, ak mermerli paýtagtymyzda hemme zat beýik baýramçylygymyzyň başlanmagyna taýýar edildi. Ýurdumyzyň baş meýdançasy häzirki döwrüň ruhuna, baýramçylyk äheňine laýyk derejede bezeldi. Bu ýere müňlerçe aşgabatlylar, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. 

Merkezi münberde Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХV maslahatyna we Türkmenistanyň Ýaşululary Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar bar. 

Sagat 10.00. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine çykýar. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler. 

Asylly däbe görä, baýramçylyk Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny we häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň asylly däplerini dowam edijiler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, parahatçylygyň, mähriban topragymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň abadan döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durýan türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny äşgär edýän harby ýörişden başlanýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň taýýarlygy barada hasabat berýär. 

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ýurdumyzyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda ýokary galdyrylýar. 

Meýdançada hatara duran türkmen esgerleri, serkerdeler we harby talyplar halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepadarlygyň nyşany bolan kasamy aýdýarlar. 

Türkmen döwleti Ýaragly Güýçleriň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrelaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, olar üçin amatly gulluk, ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini üpjün etmek, ähli amatlyklary bolan täze nusgadaky harby şäherçeleri we serhet galalaryny, Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak babatda hemmetaraplaýyn alada edýär. Şu maksatlara ýetmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda toplumlaýyn harby özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Şunlukda, biziň ýurdymyzyň milli Ýaragly Güýçleriniň diňe parahatçylygyň bähbidine gulluk edýändigini aýratyn nygtamaly. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän harby doktrina diňe goranyş häsiýetine eýedir. Çünki ol ýurduň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Türkmen esgerleri döwletimiziň yzygiderli edýän aladasyna täze harby tehnikalara ussailyk bilen erk etmek, amaly we söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesine ýetmek arkaly mynasyp jogap berýärler. Şu ýylyň sentýabrynda Hazaryň kenarynda ilkinji gezek we ýurdumyzyň harby-deňiz güýçleriniň gatnaşmagynda “Hazar-2012” atly harby-türgenleşik okuwlarynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Harby ýöriş Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we milli Ýaragly Güýçlerimiziň ähli düzümleriniň söweşjeň baýdaklarynyň meýdança çykarylmagy bilen başlanýar. 

Baýdakly toparlaryň yzy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby mekdepleriniň ýaşajyk deprekçileri göni hatarlar bilen geçýärler. 

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň serkerdeler batalony meýdançada peýda bolýar. Şöhratly pederlerimiziň asylly däplerini dowam etdirijiler özleriniň Watan öňündäki harby we raýatlyk borçlaryny hormat bilen berjaý edýärler. Olaryň yzysüre Watanymyzyň asuda asmanynyň goragçylary bolan serkerde-uçarmanlar batalonynyň göni hatarlary harby ýörişi dowam edýärler. 

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplarynyň göni hatarlary– döwlet münberiniň öňünden geçýärler. Geljekki motoatyjylar, tankçylar, amaly we söweşşeň taýýarlygyň öňdebaryjylary, häzirki zaman harby tehnikasyna ussatlyk bilen erk edijiler geçýärler. Mälim bolşy ýaly, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň üpjün edilmegine zenan harby gullukçyllaryň goşandy hem az däldir. Ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdepleriniň harby talyplary bolan zenanlaryň göni hatarlary hem harby ýörişiň täsirini artdyrýar. 

Ýurdumyzyň merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary—geljekki serkerdeler ynamly gollarynda söweşjeň baýdaklaryny saklap barýarlar. Birnäçe ýyldan olar Watanymyzyň deňiz çäklerini goramak ýaly belent jogapkärçiligi bolan wezipäni öz üstüne alarlar. 

Soňra döwlet münberiniň öňünden özleriniň ýokary hünär ussatlygy bilen ýokary görkezijilere eýe bolan motoatyjylar batalonynyň esgerleri geçýärler. Olaryň hatarlaryny türkmen harby uçarmanlary dowam edýärler. Uçarmanlar häzirki zaman uçarlaryna ussatlyk bilen erk etmek akraly mähriban Watanamyzyň asman giňişliginiň parahatçylygynyň ygtybarly goragyny üpjün edýärler. 

Ýurdumyzyň merkezi meýdançasynda milli Harby-deňiz güýçleriniň harby gullukçylary peýda bolýarlar. Olaryň göni hatarlary we ynamly gadamlary öz üstüne alan borçnamalaryna abraý bilen hötde geljekdiklerini kepillendirýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen “Hazar-2012” harby okuw-türgenleşik çäresiniň üstünlikli geçmeginde bu harby deňizçileriň mynasyp paýy bardyr. 

Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli guralan harby ýörişi ýörite maksatly polkuň paraşýut-desant batalony we harby-deňiz batalony dowam edýärler. Ýeri gelende aýtsak, deňiz-pyýada düzümleriniň esgerleri hem “Hazar-2012” harby okuw-türgenleşik çäresinde özüniň ýokary ussatlygyny äşgär etdi. 

Soňra asmana atyjylar we artilleriýa batalonlarynyň harby gullukçylarynyň göni hatarlary meýdançada peýda bolýar. Türkmen atyjylary we topçulary öz öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelip, Watan goragçylary diýen beýik ada mynasyp bolmak ugrunda göreldeli gulluk edýärler. 

Dabaraly harby ýöriş milli goşunymyzyň inžener we himiýa harby düzümleriniň göni hatarlary bilen dowam edýär. Şeýle hem bu günki dabaraly harby ýörişe Raýat goranyş we halas ediş işleri batalonynyň esgerleri hem gatnaşýar. Onuň düzüminde adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly kömek bermek we onuň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak ukyplaryna ussatlyk bilen erk edýän harby gullukçylar bar. 

Döwlet münberiniň öňünden Türkmenistanyň milli howpsuzlyk institutynyň talyplar batalonynyň harby talyplary geçýärler. Olaryň yzy bilen bolsa harby ýörişi Türkmenistanyň Serhet gullugynyň ýörite maksatly bölümleriniň harby gullukçylary dowam edýär. Olar mähriban Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak endiklerini ussatlyk bilen ele alýarlar. 

Ýurdumyzyň kanunçylygynyň we tertip-düzgüniň berjaý edilmeginde möhüm orun eýeleýän polisiýa işgärlerinden we Türkmenistanyň Polisiýa institutynyň talyplaryndan düzülen hatarlary münberiň öňünden geçip gidýärler. 

Ahalteke bedewlerine atlanan toparlaryň ýörişi ýurdumyzyň baş meýdançasynda guralan baýramçylygyň esasy bezegine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy we aladasy netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň , Içeri işler ministrliginiň bölümlerinde atly düzümler döredildi. Asyrlaryň dowamynda bedewler türkmen halkynyň wepaly dosty we syrdaşy hasaplanypdyr. Halkymyz olary uly buýsanç bilen “behişdi bedewler” diýip atlandyrýar. Gadymy döwürlerden bäri bedewler türkmen toýlarynyň baş bezegi bolupdyr. Gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen häzirki döwürde ahalteke bedewleri Watan goragçylarynyň we tertip-düzgüne gözegçilik edýänleriň ygtybarly hemrasyna öwrüldi we olar bilen jogapkärçilikli işi bilelikde ýerine ýetirýärler. 

Soňra nobat Milli Goşunymyzyň häzirki zaman harby tehnikalarynyň görkezilişine ýetdi. Merkezi meýdançada biri-biriniň yzyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň dürli düzümleriniň mehanizmleşdirilen toparlary geçýärler. Olaryň başyny “BARS” we “Land Rower” ýörite maksatly harby ulaglary çekýärler. 

Döwlet münberiniň öňünden tirkeglerinde kuwwatly brono-tehnikalar bolan T-90 we T-72 tanklary ýerleşdirilen ýörite harby ulaglar geçýär. Soňra BMP-3, BMP-2D we BMP-1M söweşjeň maşynlary hereket edýär. Olaryň yzy bilen “2S-1 Gwozdika” we “2S-3M Akasiýa”, şeýle hem asmana atyjy we asmana atyjy-raketa toplumy bolan “Şilka” we “Strela-10” harby tehnikalar geçip gidýärler. Soňra BTR-80, BTR-80A, BTR-80M görnüşli brone-tethnikalar geçýärler. Olar söweşjeň harby tehnikalaryň iň bir ygtybarly hem-de ýokary netijeli görnüşleridir. 

Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişi harby tehnikalar, şol sanda MT-12 “Rapira”, D-30 we D-20 harby tehnikalary, şeýle hem BM-21, “Grad”, BM-21A “Belgrad”, “Smerç” reaktiw artilleriýa toplumlary dowam edýär. 

Soňra dabaraly harby ýörişiň üçünji ýöriteleşdirilen kerweninde aýratyn maksatly ýörite bölümler üçin niýetlenen “KARAKAL”, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde bar bolan bronly awtoulaglary – “Toýota HILUХ”, “SURVIVOR-II” “NANTRA” we harby ýörişe ilkinji gezek çykarylýan “IVEСO” söweş tehnikalary görkezilýär. Olaryň binýadynda ZSU-23-2 asmana atyjy harby tehnika oturdylandyr. Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň dürli awtoulag serişdeleri görkezilýär. Olaryň yzysüre merkezi meýdançadan UAZ “”PATRIOT” we “Toýota TUNDRA” awtoulaglary geçýärler. 

Dördünji mehanizirlenen kerweniň hatarlaryndan ýokary hilli radioaragatnaşygy ýola goýmak üçin niýetlenen “Land Rower” kysymly awtoulag geçýär. Bu awtoulagyň binýadynda radioaragatnaşygy ýola goýmk üçin “RODE SHWARS” enjamy ýerleşdirilendir. Şeýle hem Ýaragly Güýçlerimiziň düzümlerine täze alnan harby tehnikalaryň biri bolan kuwwatly “Peçora-2M” we “S-200W” asmana atyjy raketa toplumlary döwlet münberiniň öňünden geçýär. 

Soňra dabaraly harby ýöriş söweşjeň uçarlaryň hatarlary bilen dowam edýär. Su-25 kysymly söweşjeň uçarlary öz yzynda dürli reňkli tüsseleri goýup geçip gidýärler. Olara öz kärine ussat harby uçarmanlar erk edýärler. Harby uçarmanlar söweşjeň uçarlara ussatlyk bilen erk etmek arkaly özleriniň ukyplaryny görkezýärler. Harby uçarmanlaryň ussatlygy Watanymyzyň asuda asmanynyň ygtybarly gollardadygyny kepillendirýär. 

Harby ýörişe gatnaşan häzirki zaman harby ýerüsti hem-de howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybynyň berkidilmegi, milli Ýaragly Güýçlerimiziň döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýlelik bilen Watanymyzyň merkezi meýdançasyndaky baýramçylyk dabarasy şowhun bilen dowam edýär. Döwlet münberiniň öňünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawuly Aýratyn batalonynyň esgerleri peýda bolýarlar. Olar harby ýöriş mahalynda ýaraglara erk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezýärler. 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Birleşdirilen harby orkestriniň çykyşy mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly harby ýörişiň jemini jemleýär we oňa özboluşly dabara çaýýar. 

Biraz salymdan soňra meýdança ajaýyp bedewlere atlanan adaty milli lybasly çapyksuwarlar çykýarlar. Belent keşpler arkaly halkyň gahrymançylygynyň ruhuny we özboluşly milli öwüşginleri wasp edýän saz täsirli we joşgunly ýaňlanýar. Özboluşly bezelen bäş sany bedew münberleriň öňünden geçip, halkymyzyň ruhubelentligini we jebisligini, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň jebisligini, Türkmenistanyň rowaçlygyň we ösüşiň ýoly boýunça ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrdy. 

Soňra ahalteke bedewlerine atlananlaryň türkmen döwletiniň Garaşsyzlygyň ýoly bilen, öňe tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýan dabaraly ýörişi başlanýar: 21 sany at bilelikde ýaşalan 21 ýyly, tälim alnan we ösüş gazanylan, tejribe toplanan we belent sepgitlere ýetilen 21 ýyly aňladýar. Bu günki gün olaryň ählisi bedewleriň toplumy hökmünde hatara düzülip, kuwwatlygyň we aýgytlylygyň joşgunyna, belent maksatlara ýetilmegi ugrundaky hyjuwa ýugrulan şan-şöhratyň özboluşly toplumy bolup durýar. 

Atlylar meýdançada hormat goýmak hökmünde aýlanyp, münberiň öňünde durýarlar. Dürli öwüşginli ahalteke bedewleriniň seýkin basyp, ýeňillik bilen gadam urmagy, hakykatdan-da behişdi gözelligi bedewlere berlen tälimde öz beýanyny tapýar, olar atlylaryň erk etmegi arkaly, sazlaşykly, birkemsiz hereketleri çeelik bilen berjaý edýärler. 

Jigitleriň ikisi adaty zergärçilik şaý-sepleri bilen bezelen owadan ahalteke bedewini meýdança çykarýarlar. Ata Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygy we bagtýarlygy ugrunda yhlasly zähmet çekýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirmegiň nyşany hökmünde we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli bu ajaýyp ahalteke bedewi döwlet Baştutanyna egindeşleriniň adyndan sowgat berilýär. 

Gadym döwürde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da ýurdumyzda türkmen toýlaryny ahalteke bedewsiz göz öňüne getirip bolmaýar, olar halkymyzyň wepaly ýanýoldaşlary bolmak bilen çäklenmän, milletiň ykbalynyň, taryhynyň, ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Biziň günlerimizde-de ahalteke bedewleri türkmenleriň buýsanjy, türkmenleriň taryhynyň hem-de halkymyzyň täze eýýamyň ykbalynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny alamatlandyrýan ajaýyp nyşana öwrüldi. 

Märekä atlylar öz ussatlygyny görkezip, bedewleriň üstünde ýaşyl türkmen tuguny belende götermegini şowhunly el çarpmak bilen kabul etdi. 

Baýramçylyk dabarasynda bu atly ýöriş türkmen halkynyň häzirki ýokary tehnologiýalar asyrynda-da öz gadymy däp-dessurlaryna we medeni çeşmelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýän nyşana öwrüldi. 

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabara dowam edip, millionlarça adamlary jebisleşdirýär: telewideniýe arkaly alnyp görkeziliş ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan watandaşlarymyza paýtagtymyzda bolup geçýän çärelere göni ýaýlym arkaly syn etmäge mümkinçilik berýär. 

Meýdança çykan hatarlaryň öňüni ähli welaýatlaryň hormatly ýaşululary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli döwlet edaralarynyň işgärleri çekip gelýärler. Olaryň ellerinde Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň baýdaklary pasyrdaýar, asmana dürli reňkli howa şarlarynyň ýüzlerçesi uçurylýar. 

Ýüzlerçe we ýüzlerçe adamlaryň hatarynda milli we baýramçylyga mahsus nyşanlar, fotopanno we türkmen döwletiniň esasy binalarynyň maketleri bilen bezelen awtoplatforma barýar. Ýörişiň barşynda jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary kanun çykaryjylyk edarasynyň döwletiň, onuň raýat institutlarynyň we her bir adamynyň göwnejaý ösüşindäki ähmiýeti barada gürrüň berilýär. 

Meýdança ýurdumyzyň döredijilik ulgamynyň müňlerçe wekilleri, sungat we medeniýet edaralarynyň işgärleri gelýärler. Häzirki wagtda döredijilik intelligensiýasy milli we dünýä medeniýetiniň gazananlaryny giň köpçülige ýetirmekde, jemgyýetiň estetiki ýörelgelerini kemala getirmekde öňdäki hatarda durýar. Medeniýetiň we sungatyň ösüşine, döredijilik işi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegine döwlet tarapyndan ileri tutulýan derejede üns berilýär. 

Baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen awtoulag münberiň öňünde durýar, onuň daş-töwereginde medeniýet ulgamyna degişli işgärler jemlenýärler. Dabaraly sazyň ýaňlanmagynda teatrlaşdyrylan kompozisiýa ýerine ýetirilýär, şonda milletiň nesilbaşysy Oguz hanyň baştutanlyk etmeginde türkmen halkynyň görnükli ogullarynyň keşpleri janlandyrylýar. Soňra ýurdumyzyň meşhur tans toparlaryna we tanymal ýerine ýetirijilere gezek berilýär, olar “Şöhrat, Arkadag!” atly aýdymy dabaraly ýagdaýda ýerine ýetirýärler we olara baýramçylyga gatnaşyjylaryň ählisi goşulyşýar. Ähli watandaşlarymyzyň kalplaryny buýsanja we agzybirlige mahsus duýgular, ata Watanymyzyň ajaýyp we bagtyýar geljegine berk ynam gurşap alýar. 

Ýörişi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň wekilleri, olaryň garamagyndaky dürli düzümleriň işgärleri dowam edýärler, olaryň tagallasy arkaly, biziň şäherlerimiz we obalarymyz abadan we göwnejaý görnüşe eýe bolýar. Paýtagtymyzyň we ähli welaýatlaryň folklor toparlary çykyş edýärler, şonda her bir welaýatyň özboluşly öwüşginleri beýan edilýär. Olar bileleşip “Küşt depdi” tansyny ýerine ýetirýär. 

Münberiň öňünden ýurdumyzda şäher gurluşygy boýunça ýaýbaňlandyrylan uly möçberli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň şäherlerini we obalaryny bezeýän täze binalaryň şekilleri ýerleşdirilen awtoulag platformalary geçýärler. Şunda ýüki ýokary göterýän kran özgertmeleriň we ösüşiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Ilatyň ýaşaýşynyň ýokary standartlara laýyk gelmegini üpjün etmek, adamlara siwilizasiýanyň ähli eşretleriniň elýeterli bolmagyny üpjün edýän döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmek şol özgertmeleriň ählisiniň esasy ölçegi bolup durýar. 

Dabaraly ýöriş dowam edýär, joşgunly saz, şadyýan aýdymlar we tanslar bu dabaranyň täsirliligini has-da artdyrýar. Hakykatdan-da, biziň topragymyzda uly türkmen toýy tutulýar! Asmana ýüzlerçe, müňlerçe howa şarlary uçurylýar, olar güýz paslyndaky bu güneşli we baýramçylyk gününde älemgoşaryň ähli reňkleri bolup görünýär. 

Meýdança ylym we bilim ulgamynyň wekilleri çykýarlar. Döwlet Baştutany ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde bu ulgama intellektual taýdan öňdebaryjy hökmünde uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet işine hut şu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak arkaly başlady. Milli ylmy we ýurdumyzdaky bilimi halkara standartlarynyň we häzirki döwrüň talaplarynyň derejesine ýetirmek ileri tutulýan döwlet wezipesi hökmünde yglan edileli bäri bu ulgam takyk ölçegler we maksatlar esasynda ösdürilip, özüniň anyk netijelerini berip ugrady. Ylym we bilim ugry boýunça gazanylan üstünlikler baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen awtoulaglarda ýerleşdirilen şekillerde we nyşanlarda öz beýanyny tapýar, ylym, bilim edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar milli Liderimizi mübärekläp, özlerine giň mümkinçiliukleriň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirýärler. 

Soňra ýörişi saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri dowam edýärler, şol pursatda münberiň öňündäki meýdança ak reňk – lukmançylyk işgärleriniň adaty ýektaýlaryna mahsus bolan reňk bilen örtülýär. Şonda ak howa şarlary hem muňa goşulyşýar, birkemsiz bezelen ulagda ýerleşdirilen maketlerde soňky ýyllarda halkara ülňüleriniň derejesine ynamly goşulan saglygy goraýyş ulgamynda gazanylanlar öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda täze döwrebap merkezleriň we klinikalaryň birnäçesi hyzmatlary ýokary derejede berjaý edýärler, bularyň gurluşygyna we enjamlar bilen üpjün edilmegine döwlet tarapyndan ýüzlerçe million dollar gönükdirildi. 

Aşgabat önüp-ösen bir nesliň gözüniň alnynda iri lukmançylyk merkezine öwrüldi, şunda ýokary tehnologiýaly klinikalar jemlenýär. Welaýatlarda, oba ýerlerinde lukmançylyk boýunça uly özgertmeler amala aşyryldy. Lukmançylyk merkezleriniň, şäher we etrap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň onlarçasynyň gurluşygy amala aşyrylýar. 

Bezelen awtoulagda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy kitaplarynyň şekilleri, lukmançylyk pudagynyň nyşany hem-de bu ulgamda ýokary netijelere ýetilendigini görkezýän şekiller ýerleşdirilipdir. 

Meýdançada çarlaklaryň sesleri ýaňlanýar, ýörişe gatnaşýanlaryň gök we çäge reňkli lybaslary deňiziň kenaryna mahsus şekili janlandyrýar, munuň özi tolkun atýan deňziň sesi arkaly has-da täsirli duýulýar: bu bolsa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan bu uly möçberli taslama Türkmenistanyň täze durmuşyndaky düýpli özgertmeleriň özboluşly nyşanyna öwrüldi. 

Münberiň öňünde Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we onuň düzümleriniň işgärleri geçýärler. Hatarlardaky ak geýimli adamlaryň toparlary ak guşuň şekilini – parahatçylygyň we jebisligiň nyşanyny alamatlandyrýar. 

Syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň yzysüre, meýdança türgenler çykýarlar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenler, milli we halkara derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar, olaryň tejribeli halypalary we türgenleşdirijiler ynamly gadam urýarlar. Häzirki wagtda ajaýyp sport toplumlary we stadionlar olaryň ygtyýaryndadyr. Aziada—2017-niň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alnan Aşgabatda sebitde uly möçberli Olimpiýa şäherjigi dörediler. Münberiň öňündäki meýdançada sport boýunça zehinli ýaşlar çykyş edýärler. 

Ýurdumyzyň esasy meýdançasyndan ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri geçýärler. Ýörişe gatnaşýanlaryň arasynda dürli önümçilikleriň ýörite lybasly köp sanly işçileri, senagat düzümlerine degişli hünärmenler bar. Maşynlarda häzirki döwürde Türkmenistanyň gazananlary barada söz açýan täsirli maketler we panno ýerleşdirilipdir. Şularda ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagaty, elektroenergetikany, nebitgaz pudagyny we beýlekileri ösdürmek ugrunda gazanan üstünlikleri aýdyň görkezilýär. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlygyň 21 ýyllygynyň baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen geldiler. Ýörişiň barşynda bular barada täsirli gürrüň berilýär. Dabaraly saz, folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar we joşgunly tanslar ýakymly täsir galdyrýar. 

Ykdysady düzümleriň, maliýe-bank ulgamynyň işgärleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýörişi hem diýseň täsirli boldy. Panno we maketler halkara ölçegleri boýunça alanyňda-da, Türkmenistanyň durmuşynda işewürligiň artýandygyny aýdyň şekillendirýär. 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has sazlaşykly ösýän pudaklarynyň biri hasaplanýan dokma sengatanyň işgärleriniň ýörişi hem diýseň täsirli boldy. Meýdançadaky adamlaryň akymy reňkli zolaklar arkaly şekillendirilen keteni matanyň bezegini ýatladýar, şonda dürli reňkdäki şarlar asmana uçuryldy. 

Halyçylyk kärhanalarynyň işgärleri hem öz pudagynyň gazananlaryny täsirli beýan etdiler, häzirki wagtda bu pudakda gadymy senetçilige mahsus ýörelgeler döwrebap esasda dowam etdirilýär. Şunda aýdym-sazlar dabaraly ýaňlandy we tanslar täsirli ýerine ýetirildi. 

Strategiki pudak hasaplanýan oba hojalygyna degişli ulgamlaryň işgärleriniň Garaşsyzlygyň şanyna guralan bu ýörişe gatnaşanlarynyň sany has köp boldy. Münberiň öňünden baýramçylyga mahsusda görnüşde bezelen maşynlar geçýärler, şolarda sahawatly türkmen topragynda bitýän nygmatlar hem-de oba hojalygy boýunça uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde uly üstünlikler gazanýan önüm öndürijileriň taýýarlaýan önümleri ýerleşdirilipdir hem-de bolçulygy alamatlandyrýan bugdaý sümmüli, bugdaýyň we pagtanyň bol hasylynyň üstünlikli ýygnalandygyny görkezýän harmanlar, döwrebap oba hojalyk tehnikasy şekillendirilipdir. 

Daýhanlaryň yzysüre meýdança ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň, türkmen awiagatnawlarynyň, demir ýol toplumynyň, deňiz we derýa ulaglary hem-de döwrebap aragatnaşyk ulgamlarynyň işgärleri çykýarlar. Bu pudaklaryň ösüşi, bularda gazanylýan üstünlikler çeperçilik taýdan täsirli beýan etmegiň serişdeleri arkaly görkezilipdir. 

Münberiň öňünden ýurdumyzyň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri yzly-yzyna geçýärler. Umuman alanyňda, bu täsirli ýörişe 20 müňe golaý adam gatnaşdy. Dabaraly ýörişiň has täsirli we giňişleýin böleginde türkmen döwletiniň umyt-arzuwy we geljegi hasaplanýan çagalar çykyş etdiler. Meýdança ýurdumyzyň tanymal çagalar döredijilik toparlary, umumymilli döredijilik gözden geçirilişleriň, bäsleşikleriň ýeňijilere we halkara festiwallarynyň laureatlary çykýarlar. Olaryň arasynda meşhur “Aýjan”, “Şatlyk”, “Ruhubelent”, “Joşgun”, “Akpamyk” toparlary we beýlekiler bar. Ýaş artistler joşgunly tans kompozisiýasyny ýerine ýetirýärler hem-de bagtyýar çagalyk we ata Watan, dostluk we arzyly islegleriň amala aşmagy barada söz açýan “Barymyz bile” atly aýdym ýaňlandy. 

Ýurdumyzyň merkezi meýdançasyndaky baýramçylyk dabarasy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, türkmen Liderine, ata Watanymyza we Garaşsyzlyga bagyşlanan täsirli aýdym-sazly we tans kompozisiýasy bilen jemlenýär. 

Ýurdumyzyň paýtagtynda başlanan baýramçylyk ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde dowam etdirildi, şu günler bu ýerlerde ruhubelentlige, şadyýanlyga we bagtyýarlyga mahsus ýagdaý höküm sürýär. 

* * *

Aşgabatda giç agşama çenli köpçülikleýin gezelenç dowam etdi. Garaşsyzlyk güni we döwlet derejesinde bellenilýän bu şanly baýramçylyga gabat gelen mübärek Gurban baýramy mynasybetli “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy, bu ýerde paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. 

Tanymal sungat ussatlary, ýaş ýerine ýetirijiler, tans we folklor toparlarynyň artistleri öz döredijilikli çykyşlary arkaly, sahawatly türkmen topragyndaky ajaýyp döwri wasp etdiler, aýdym-sazlar arkaly milli Liderimize halkymyzyň abadançylygy we ýurdumyzyň rowaçlygy ugrunda ýadawsyz alada edýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirildi. 

Agşam “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýokarsyndaky dürli reňkli baýramçylyk feýerwerki asmana galdy. Gijeki asmandaky owadan şekiller adamlaryň şadyýan we bagtyýar ýüz-keşplerini ýagtylandyrdy, şeýleklikde, baýramçylyga gatnaşyjylaryň sözlerinde şatlyk alamatlary uçganaklady.

Degişli makalalar

Bäşinji Tapgyryň Jemleýji Duşuşyklary Geçirildi

Çagalar barada alada.

syrach

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl: Ulag we Aragatnaşyk

turkmenhabargullugy