8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Watanymyzyň rowaçlygynyň täze nyşanlary

Şu gün Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Ýylyň Adamy» diýen abraýly halkara derejäniň berilmegi, şeýle hem Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň birinji nobatdakysynyň gurluşygy mynasybetli döwlet Baştutanynyň kararyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet, jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.

Habar berlişi ýaly, Rumyniýanyň Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň Ýerine ýetiriji Komiteti türkmen döwletiniň Baştutanyna «Ýylyň Adamy» diýen hormatly ady bermek baradaky çözgüdi biragyzdan kabul etdi. Bu habar türkmenistanlylarda halkara arenasynda ýokary abraý gazanýan öz milli Liderine bolan buýsanjy artdyrdy diýlip çykyşlarda bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň iň görnükli döwlet we syýasy işgäri hökmünde ykrar edilmegi döwlet Baştutanynyň reformatorçylyk işine berlen ýokary halkara bahadyr.

Türkmenistanyň daşary syýasaty hil taýdan täze derejä çykdy diýlip çykyşlarda bellenildi. Döwlet Baştutanynyň parahatçylyk söýüjilik syýasaty diňe bir sebitde däl, eýsem tutuş dünýäde giňden ykrar edildi. Milletiň Lideriniň parahatçylyk döredijilik maksatlaryna we howpsuzlyga laýyk gelýän halkara başlangyçlary, daşary döwletlere köp sanly saparlary, dünýäniň köp ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, daşary döwletleriniň wekiliýetleriniň, ýüzlerçe bütin dünýä belli kompaniýalaryň wekilleriniň Türkmenistana gelip görmegi Türkmenistanyň okgunly ýokarlanýan halkara abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.

Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna degişli tema degip geçmek bilen, çykyş edenler bu çözgüdiň biziň döwletimiziň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň saglygy, köpçülikleýin sport hereketini ösdürmek barada aladasynyň ýene-de bir aýdyň m ysalydygyny bellediler. Şeýle hem bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi milli sport mekdebiniň hil taýdan ösüşiň täze basgançagyna çykarylmagyna ýardam eder, ýokary hünärli sport ussatlaryny we halkara derejeli ýygyndy toparlary taýýarlamaga mümkinçilik döreder. Geljekki iň häzirki zaman Olimpiýa şäherjigi arkaly bolsa Aşgabatda iň ýokaryh alkarad ýerejesindäki bäsleşikleri geçirmek mümkin bolar.

Belli türkmen artistleriniň çykyşlary ýokary ruhy göterilişi döretdi we ýygnagyň dabarasyny artdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler, şonda ýurdumyzyň we halkymyzyň gülläp ösşüiniň we abadançylygynyň hatyrasyna mundan beýläk-de janaýamazakly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

SA Interbudmontaž Kompaniýasynyň Hünärmenleri Aşgabatda Drenaž Aragatnaşyk Tonneliniň Gurluşygyny Tamamladylar

turkmenhabargullugy

“Syrly Saz Älemi” ýa-da Nusgawy Eserleriň Täze Beýany

turkmenhabargullugy

“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň Aragatnaşyk Ulgamlarynyň Üznüksiz Işlemegini Üpjün Eder