2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda WECOOP “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi pudagyndaky hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň sebitleýin ýolbaşçylary bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi.
Türkmen tarapyna Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Suw dolandyryş döwlet komitetiniň hünärmenleri wekilçilik etdiler.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň teklipleri boýunça çäreleriň ýerine ýetirilişini: şol sanda Türkmenistanyň “Galyndylar hakynda”, “Atmosfer howasyny goramak hakynda”, “Daşky gurşaw ekspertizasy hakynda” kanunlaryna kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak; öňdebaryjy halkara tejribesiniň ulanylmagy arkaly, Türkmenistanyň tokaý kadastrasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem Gidrometeorologiýa gullugynyň işgärleri üçin maksatly okuw seminarlaryny guramak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, suw çeşmelerini durnukly dolandyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar we çäreler dogrusynda hem pikirler alyşyldy.
Çeşme: mfa.gov.tm