9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
SPORT

Welaýatlarda atçylyk-sporty gelişýär

    Mälim bolşy ýaly, bedewleriň ahalteke tohumyna belet bolan we uly hormat goýýan türkmen döwletiniň Baştutany atçylygy ösdürmek, ähli döwürlerde agyr synaglary we beýik ýeňişleri bilelikde başdan geçiren ahalteke bedewlerini ýakyn dostlary we ýoldaşlary hasaplan türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny täzeden dikeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda, köp müňýyllyklardan soňra taryhymyzyň jümmüşinden ilki başdaky gözelligi bilen biziň günlerimize gelip ýeten meşhur bedewler ozalkysy ýaly, türkmenleriň buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy bolmagynda galýar. Hut 1999-njy ýylda tohumyň çempiony bolan Ýanardag atly meşhur ahalteke bedewiniň buýsançly keşbiniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezi böleginde ýerleşdirilip, garaşsyz, bitarap türkmen döwletiniň ebediliginiň we mizemezliginiň simwolyna öwrülmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen atçylyk sportuny galkyndyrmak hem-de milli we halkara derejelerinde guralýan uly ýaryşlarda täze ýeňişleriň gazanylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul eden Kararyna laýyklykda ähli welaýatlarda öz möçberi boýunça haýran galdyrýan we hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara standartlaryna laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlarynyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy.

Häzirki wagtda, täze Galkynyş eýýamynda ählihalk Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň alada etmegi we goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzda aňrybaş tohum atlarynyň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, seleksion-tohumçylyk işi alnyp barylýar, haýran galdyryjy tohumy köpeltmek we tutuş dünýäde wagyz etmek işi amala aşyrylýar, döwlet derejesinde naýbaşy tohumlara degişli bedewleriň ýazky we güýzki çapyşyklary giň gerim bilen guralýar.

«Behişdi bedewlere» özüniň bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan «Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabyny bagyş eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sözleri ahalteke bedewleriniň şanyna aýdylan ajaýyp sena öwrüldi:

«Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ynamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr».

Döwlet Baştutany degişli desgalaryň gurluşygynyň barşy, atlary idetmegiň meseleleri bilen häli-şindi gyzyklanýar, atçylyk-sport toplumlaryna gelip görýär, atly gezelenç edýär.

Ine bu gezek hem, iş grafiginiň dartgynlydygyna garamazdan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurulýan täze we döwrebap atçylyk-sport toplumyny görmek we bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen hut ýerinde tanyşmak üçin bu ýere geldi.

… Irden döwlet Baştutany gurluşyk meýdançasyna geldi. Owadan milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Milletiň Liderini Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň bäş welaýatlarynyň ählisinde şunuň ýaly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýan daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory S. Gulmämmedow hormatly Prezidentimize özboluşly atçylyk-sport toplumlarynyň taslamalaryndan ybarat bolan planşetleri görkezdi hem-de häzirki wagtda desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararyna laýyklykda bu taslamalar belli daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýar.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan atçylyk-sport toplumlary merkezleşdirilen totalizator ulgamy arkaly biri-birine birikdiriler, bu ulgam at çapyşyklaryň muşdaklaryna daş aralykdan ýaryşlaryň barşyna syn etmäge we öz baýraklaryny goýmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem bu aýlawlaryň her biriniň «öz ýüzi» bolar we özboluşly binagärlik çözgüdi bilen beýlekilerden tapawutlanar. Ahal welaýatyndaky has uly atçylyk-sport toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna geçen ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy, bu aýlaw üçin 83 gektara barabar meýdan bölünip berildi. Hakykatdan-da, ol ekstra-klassly toplum bolar, bu ýerde at çapyşyklarynyň barşyna 7 müň adam tomaşa edip biler, olar üçin 5 müň orunlyk üsti açyk we 2 müň orunlyk üsti ýapyk münberler gurlar.

Toplumyň has möhüm desgalarynyň biri hasaplanýan üsti ýapyk we 800 orunlyk münberli üsti açyk maneżlerde at üstünde görkezilýän oýunlar, şeýle hem atçylyk sportunyň görnüşleri boýunça halkara derejesindäki ýaryşlar guralar. Taslama boýunça 500 orunlyk sirk gurmak göz öňünde tutulýar, ol öz gözelligi boýunça Aşgabatdaky durky täzelenen sirkden pes bolmaz hem-de Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda giňden meşhur bolan sirk sungatynyň aýratyn görnüşi hasaplanýan at üstündäki oýunlar boýunça esasy merkezleriň birine öwrüler.

Ägirt uly toplumda bedewler üçin hem oňaýly şertler dörediler, bu toplum çapylýan atlaryň 400-sini idetmek üçin niýetlenendir. Onuň çäginde athanalaryň 10-sy gurlar, bularyň özboluşly konstruksiýasy oňaýly mikroklimaty we tebigy wentilýasiýany saklamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem atlary çapuwa taýýarlamak üçin niýetlenen bina, karantin, weterinariýa we laboratoriýa üçin binalar bolar.

Toplumyň işgärleri üçin oňaýly ýaşaýyş şertleri döredilýär. Olar üçin iki gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar, şeýle hem ýaryşlara gatnaşmak üçin gelýän çapyksuwarlar we seýisler ähli oňaýlyklary bolan myhmanmanhanada ýerleşip bilerler. Aýlawyň taslamasy düzülende onuň tehniki taýdan üpjün edilmegine aýratyn üns berildi. Eminler, reżissýorlar, alyp baryjylar üçin kabinalar, audio we wideo studiýalar halkara standarlaryna laýyk gelýän derejede üpjün ediler.

Taslamany düzüjiler çagalar barada hem alada edipdirler. Olar üçin oýun oýnalýan uly meýdança /akwapark/ gurlar.

Şeýle hem atçylyk sport toplumynyň çäginde awtomobiller üçin 1 müň 500 orunlyk duralga, ýangyna garşy we tehniki binalar, suw howuzlary, uzynlygy 2 müň metr bolan çapuw ýodasy, sport meýdançasy, suw çüwdürimleri we açyk kafeler ýerleşdiriler.

Häzirki wagtda şuňa meňzeş görnüşde abadanlaşdyrylan we halkara derejeli döwrebap infrastrukturasy bolan atçylyk-sport toplumlary ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň hem ählisinde gurulýar. Her birinde 3 müň tomaşaçyny ýerleşdirmek üçin niýetlenen bu toplumlaryň her birinde VIP münberleri, amfiteatrlary, dabaraly çäreleri geçirmek üçin zallary, çagalaryň oýun oýnaýan meýdançalaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Görkezilen taslamalaryň ählisinde ak öýleri gurmak göz öňünde tutuldy, uly at çapyşyklarynyň geçirilýän günlerinde Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň wekiliýetleri sergiler gurarlar we baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler.

Welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlaryndaky athanalaryň her biri 200 sany bedewe ideg etmek üçin niýetlenendir. Bu athanalarda bedewleri saklamak we olary idetmek üçin ähli şertler dörediler, şol sanda duş gurnalar. Şeýle hem taslamalaryň ählisi boýunça atlary ýaryşlara taýýarlamak üçin aýratyn binalary, 20 orunlyk karantin, weterinariýa we laboratoriýa binalaryny, şeýle hem atlara ideg edýän işgärler üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Daş-töwerekde awtomobiller üçin duralgalar çapuw ýodalary, ýangyna garşy we tehniki binalar, suw howuzlary we suw çüwdürimleri ýerleşdiriler.

Bir söz bilen aýdanyňda gurulýan toplumlaryň ählisi ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, dünýä ylmynyň we tehnikasynyň soňky gazananlary boýunça üpjün ediler, olaryň her biri wagtyň geçmegi bilen adaty köpçülikleýin at çapyşyklarynyň guralýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, atçylyk boýunça abraýly ylmy-barlag merkezlerine öwrüler.

Döwlet Baştutany gurulýan atçylyk—sport toplumlarynyň binagärlik keşbi, abadanlaşdyrylyşy we enjamlar bilen üpjün edilişi barada düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar bilen tanşyp, bu ýere ýygnanan seýisler, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalaryň wajyp ähmiýetlidigini belläp, olaryň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini mundan beýläk-de batly depginde ösdürmäge güýçli itergi berjekdigini aýtdy hem-de ýakyn geljekde atçylyk-sport toplumlarynyň diňe bir milli we halkara derejesinde uly ýaryşlaryň guralýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, ýaş ussatlary—seýisleri we çapyksuwarlary hünär taýdan taýýarlamagyň milli merkezlerine öwrüljekdigine we olaryň dünýäniň sport arenasynda Türkmenistana mynasyp derejede wekilçilik etjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslar bilen söhbetdeşligiň barşynda olaryň geçirýän seleksion işiniň atçylygyň iň oňat ýörelgelerini mundan beýläk-de täzeden dikeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny we atçylygyň döwlet derejesinde ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutany bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy, bu ýerde atçylyga degişli dürli esbaplar—eýerler, ädikler, ellikler we başga-da birgiden zatlar, şeýle hem atlar üçin dürli, şol sanda gymmat bahaly metallardan taýýarlanan milli bezegler goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksponatlary synlap, Aşgabatda we geljekde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda eýerleri, uýanlary, üzeňňileri, atlar we olaryň çapyksuwarlary üçin zerur bolan beýleki esbaplary öndürmek boýunça kiçeňräk önümçilikleriň işiniň ýola goýulmagyny tabşyrdy. Mysal üçin atlaryň nallary Türkmen metallurgiýa zawodynda öndürilip bilner. Ýurdumyzyň her bir welaýatynyň çapyksuwarlarynyň we seýisleriniň sport egin-eşigi özboluşly milli öwüşginliligi bilen tapawutlanmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň atçylyk-sport toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy hem-de gurulýan desgalaryň baş gurluşyk potratçylary bolup çykyş edýän daşary ýurt firmalarynyň— Türkiýäniň «Etkin Ýapi Sanaýi we Tijaret A.Ş.» we «Sewinçler Inşaat Taah. Tij. Ltd. Şti» kompaniýalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň «Itera—Inwest—Stroý» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň, Liwanyň «Goodness International Resourses Ltd» kompaniýasynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy hem-de gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde we oňat hilli berjaý etmegiň zerurdygyna olaryň ünsüni çekdi we tutuş dünýäde ulanylýan täze çözgütlerden we nou-haulardan peýdalanylmalydygyny aýtdy. Türkmen Lideri üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň aýlawlaryň 5-sini hem bellenilen möhletde gurup ulanmaga bermek üçin öz tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda welaýatlaryň özgerdilmegine, ýurdumyzyň oba hojalygynyň galkynyşyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýändigini belledi. Milletiň Lideri amala aşyrylýan çäreleriň toplumynda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak bilen bagly işe aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Onuň sebäbini düşündirmegiň hajaty ýokdur. Hormatly Prezidentimiz haýran galdyryjy türkmen bedewleri—ahalteke atlary baradaky şan-şöhratyň baryp dünýä döräli bäri ýer ýüzüne mälim bolandygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň buýsanjy we milli baýlygy hasaplanýan we ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezeýän ahalteke bedewleriniň häzirki wagtda-da biziň garaşsyz, bitarap ata Watanymyzyň hakyky simwolyna öwrülendigini, türkmen halkynyň dünýädäki ähli halklar bilen parahatçylykly ýaşamaga çalyşýandygyny, onuň dostluga we doganlyga mahsus ýörelgelere ygrarlydygyny görkezýändigini nygtady.

Milletiň Lideri sözüni dowam edip, häzirki wagtda biziň maksadymyzyň ajaýyp türkmen bedewleriniň sanyny has-da artdyrmakdan ybarat bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri yzygiderli we netijeli alyp barmak maksady bilen «Türkmen atlary» Döwlet birleşiginiň döredilendigini, ähli welaýatlarda döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny ýatlatdy. Türkmen döwleti ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak we olar baradaky maglumatlary dünýäde giňden wagyz etmek üçin zerur işleri geçirýär, ýurdumyzda atçylygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlary we beýleki çäreler guralýar.

Döwlet Baştutany pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada durup geçip, degişli ýolbaşçylara her bir welaýatda atlar üçin ot-iým öndürmäge niýetlenen ýerleri bölüp bermegi, arassa tohumly ahalteke bedewleri üçin ýörite iýmleri taýýarlamak işini ylmy esasda alyp barmagy, şeýle hem atlaryň iýmine goşulýan witaminleşdirilen goşundylary işläp çykarmak boýunça ýöriteleşdirilen kärhanalaryň gurulmagyny göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz tohum atlary ösdürip ýetişdirmek üçin athanalaryň gurulmagyna aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz şu mesele boýunça dünýäde toplanan tejribeden giňden peýdalanmak arkaly atlaryň göwnejaý we halkara standartlaryna laýyk gelýän şertlerde saklanylmagynyň üpjün edilmelidigini, athanalarda weterinariýa gulluklarynyň işiniň takyk ýola goýulmalydygyny belledi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M. Akmämmedowa her bir aýlawy ýörite at daşalýan awtoulag serişdeleri bilen üpjün etmegi tabşyryp, aýlawlaryň gurluşygyna degişli taslamalarda ilki başdan şunuň ýaly awtoulagy satyn almak göz öňünde tutulmadyk bolsa, eýýäm baglaşylan şertnamalara gijikdirilmän zerur üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzda tohum atlary ösdürip ýetişdirmek bilen baglylykda alnyp barylýan işde bu ugra degişli ylmy işlere esaslanmagyň zerurdygyny hem-de atlaryň ilkinji hasaba alnyşyna berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny, seleksiýa işiniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny belläp, ýurdumyzda atçylyk ylmy-barlag institutyny döretmegiň maksada laýyk gelýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «behişdi bedewleriň» bezegini we esbaplaryny—nallary, eýerleri we beýleki esbaplary ýokary hilli derejede öndürmek işini ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

—Biz atşynas hünärmenleri—seýisleri taýýarlamak boýunça mekdebi hem açmaly. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça kitaplardan we dürli metodiki gollanmalardan başlap, atçylyk boýunça halkara ýaryşlaryna gatnaşýan çapyksuwarlar—sportsmenler üçin kadalaryň toplumyna çenli, ähli zerur edebiýaty taýýarlap neşir etmeli. Çapuw ýodalarynda ýörite çägäni ulanmak barada hem alada etmeli we onuň hiline yzygiderli gözegçilik edip durmaly—diýip, Milletiň Lideri öz çykyşynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M. Akmämmedowa ýüzlenip, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işiniň talaba laýyk ýola goýulmagynyň möhümdigini belläp, ýakyn wagtda bu guramanyň maslahatyny geçirmegi tabşyrdy, şonda guramaçylyk meselelerine garalmalydyr hem-de ýurdumyzda atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bellenilen çäreleriň takyk meýilnamasy işlenip düzülmelidir.

Milletiň Lideri öňde goýlan wezipeleriň zerurdygyny aýdyp, şolary üstünlikli çözmek üçin öz güýjümize daýanmalydygyny aýtdy. —Şol ynamyň gözbaşy adamyň we bu ajaýyp jandaryň arasynda ýakymly dostlugyň berkidilmegini başaran türkmenleriň pähim-paýhasynda jemlenýär, şol dostlugyň özi diňe bir milli medeniýetimizde däl-de, eýsem tutuş dünýä medeniýetinde seýrek duşýan ýagdaýdyr—diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň geljekde-de asyrlar boýy şan-şöhrata eýe bolan arassa tohumly bedewleri idetmek, olaryň abraýyny we şöhratyny artdyrmak boýunça ýadawsyz alada etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba senagaty toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi, olar oba hojalyk pudagynyň, şol sanda atçylygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ýardam bermek boýunça bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin ähli şertleri döretmelidirler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan atçylyk-sport toplumlaryna degişli anyk tabşyryklary berip, hususan-da, ulanylýan gurluşyk materiallarynyň hiline aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz hem her bir welaýatdaky toplumda giň konferens-zalyň gurulmagynyň göz öňünde tutulmalydygyny we şolarda halkara konferensiýalarynyň we simpoziumlaryň guralyp bilinjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýlawlaryň içki üpjünçiligine degişli meselelere degip geçmek bilen, atlary köpeltmek we idetmek, hususan-da, weterinariýa gulluklarynyň göwnejaý işlemegini guramak üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany tutuş ýurdumyz boýunça giňden guralýan ýaryşlara gatnaşjak atlary gatnatmak üçin ýörite at daşalýan awtoulaglaryň satyn alynmalydygy belledi. Şeýle hem ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek we atlar üçin iýmleri öndürmek boýunça kiçeňräk kärhanalary gurmak üçin ýörite meýdançalaryň bölünip berilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmen Lideri atlary ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite okuw kitaplaryny taýýarlamagy we neşir etmegi, kämil hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli toplumlarda mekdepleri döretmegi tabşyrdy hem-de bu dersiň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde, şol sanda oba hojalyk uniwersitetinde öwrenilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz meşhur «nusaý» atlarynyň tohumlarynyň türkmen halkynyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzda täsin galdyryjy ahalteke bedewiniň arassa ganlylygyny saklamak, öz gözelligi, owadanlylygy we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk bedewleriň ozalky şan-şöhratyny dikeltmek maksady bilen amala aşyrylyp ugralan ylmy işi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda pudagyň ýolbaşçylaryna bu örän möhüm ähmiýetli ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmek üçin amala aşyryljak çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan ýörite maslahaty geçirmek tabşyryldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany owadan atlaryň gözellik sergisini synlady, bular köp asyrlaryň dowamynda halk seleksiýasynyň gazanan täsin galdyrýan netijesi hökmünde ykrar edilen tohuma— meşhur ahalteke atlarynyň naýbaşy tohumyna degişli bedewlerdir.

Türkmenleriň mähir bilen «halkyň kalbynyň ganatlary» diýlip atlandyrylýan bedewler öz gözelligi we näzikligi bilen haýran galdyrýar. Olar özboluşly gözelligi bilen tapawutlanýan türkmen tebigatynyň bezegine öwrülip, onuň ähli öwüşginlerini we täsin galdyrýan gözelligini özünde jemleýär. Ahalteke bedewiniň buýsançly we batly gadam urmagynyň häzirki wagtda halkymyzyň gazanýan üstünliklerini görkezip, täze eýýamyň—ruhy gymmatlyklaryň, beýik Galkynyşyň we ykdysady ösüşiniň eýýamynyň simwolyna öwrülmegi ýöne ýerden däldir.

Tanymal seýisleriň birnäçe nesilleri tarapyndan sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen, gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň buýsançly keşplerini synlap, bu günki gün, beýik özgertmeler eýýamynda meşhur «behişdi bedewleriň» müňýyllyklara barabar taryhynyň haýran galdyryjy hem-de ajaýyp wakalardan, ösüşlerden we üstünliklerden doly bolan täze sahypasynyň ýazylýandygy üçin tutuş halkymyz ägirt uly buýsanç duýgusyny başdan geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp bedewleri synlap, ýakynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi geçirilen mahalynda döwlet Baştutanyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň adyndan sowgat berlen Esger atly ahalteke bedewi bilen didarlaşdy. Täsin galdyryjy ahalteke tohumyna belet bolan we uly hormat goýýan döwlet Baştutany özüni şadyýan garşylan, ynsanyň syrdaşy saýylýan bedew bilen mähirli görüşdi.

Owadan atlaryň gözellik sergisi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany münberlere çykyp gördi hem-de öz ýanyndaky ýolbaşçylara tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlaryň ýaramaz ýagdaýdadygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap atçylyk-sport toplumlary gurmak üçin döwletiň örän köp serişdeleri gönükdirýändigini aýdyp, eýýäm gurlan desgalara şunuň ýaly geleňsiz garalmagyna ýol berilmeli däldigini belledi hem-de degişli adamlardan öz garamagyndaky döwlet emlägine aýawly garalmagyny we göwnejaý ulanylmagyny talap etdi.

Soňra «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory hormatly Prezidentimize at daşamak üçin niýetlenip, enjamlaşdyrylan «Mersedes» kysymly awtoulagy görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilýän talaplara laýyk gelýän modeli synlady we oňlady hem-de her bir atçylyk-sport toplumyny şunuň ýaly döwrebap ýörite tehnika bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmen Lideri ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, bagt we öňde goýlan wezipeleri berjaý etmekde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen türgenleri dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar.

syrach

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi.

syrach

Türkmenistanlylar Garyşyk Başa-Baş Göreş Boýunça Dünýä Çempionatynda Ýedi Altyn Medala Eýe Boldular