Wenesuelada Ugo Çaweziň aradan çykmagyndan soň täze prezidentiň saýlanmagy üçin saýlaw etaby başlaýar.
Ýurtda täze prezident 14-nji aprelde geçiriljek saýlawda saýlanar.
Garaşylşy ýaly Çaweziň iň uly syýasy bäsdeşi Enrike Kapriles, Çawesiň egindeşi Nikolas Madura garşy saýlawda bäsleşjekdigini mälim etdi.
Kapriles prezident saýlawlarynda Maduro bilen bäsleşjekdigini aýtdy.
Kapriles Nikolas Madurony saýlawda üstünlik gazanmak üçin Çaweziň aradan çykmagy wakasyny ulanmak bilen aýyplady.
Kapriles Maduronyň Çaweziň haçan ýogalandygy bilen baglanşykly halka ýalan maglumat berendigini öňe sürdi.
Maduro bolsa öňe sürülýän garaýyşlaryň hakykatlary beýan etmeýändigini aýtdy.
Maduro Kaprilesi hökümete garşy aýaga galyşlygy öjükdirmäge çalyşýan faşist hökmünde häsiýetlendirdi.
Oppozisiýa tarapyndan prezidentlige hödürlenjek 40 ýaşyndaky Kapriles ýurduň iň uly welaýatlaryndan biriniň welaýat häkimi wezipesini ýerine ýetirýär.
Kapriles oktýabr aýynda geçirlen prezident saýlawlarda sesleriň 54 göterimini alyp 4-nji gezek prezidentlige saýlanan Çawezden soň iň köp ses alan dalaşgärdi.
Kapriles oktýabr aýynda geçirlen saýlawda 44 göterim ses alypdy.
Ýurtda geçirlen soňky 3 sowalnama Nikolas Maduronyň saýlaw bäsleşiginde öňde barýandygyny görkezýär.